Çar tarapdan myhman gelişin görüň!

3 Awgust 2023
866

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda başlangyçly orun eýeläp, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Aşgabatda geçiriljek sammiti hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Sammitiň barşynda sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Özbegistan respublikasy