"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Sungat halklary ysnyşdyrýar

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara baý bolan dabarada hytaýly myhmanlar öz çykyşlary arkaly milli aýdym-saz we tans sungatlaryny, gadymdan gelýän baý medeni mirasyny ussatlyk bilen görkezmegi başardylar. Biz hem dostlukly döwletiň ýurdumyza gelen wekilleriniň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Lýu HAÝRONG,Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň başlygynyň orunbasary:

Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» nobatdaky hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

1-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. Munuň özi Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen oňyn hyzmatdaşlyga, şol sanda köptaraply gurallar formatyndaky gatnaşyklara ygrarlydygynyň, sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Forumdan bir gün öň – 31-nji oktýabrda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuwy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan, iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanmasy tassyklanyldy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Emomali Rahmonyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli dialogyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özara hormat goýmak, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly dialogyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» nobatdaky hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. Munuň özi Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen oňyn hyzmatdaşlyga, şol sanda köptaraply gurallar formatyndaky gatnaşyklara ygrarlydygynyň, sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Soňky ýyllarda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde uzak geljegi nazarlaýan netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýady emele getirýän bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat ugruny mynasyp dowam etdirip, bu formata girýän döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.

Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» nobatdaky hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. Munuň özi Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen oňyn hyzmatdaşlyga, şol sanda köptaraply gurallar formatyndaky gatnaşyklara ygrarlydygynyň, sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Soňky ýyllarda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde uzak geljegi nazarlaýan netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýady emele getirýän bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat ugruny mynasyp dowam etdirip, bu formata girýän döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.

Halkara ulag ulgamy — halklaryň abadançylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, hemmetaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, şol sanda özara bähbitli daşary söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň eden çuň manyly çykyşynda hem ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýändigi nygtalýar. 2016-njy ýylda Aşgabatda durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Geçen ýylyň tomsunda BMG bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda guralan deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny ýatlap geçip, hormatly Prezidentimiz bu ugurda Baş Assambleýanyň alty Kararnamany kabul edendigini buýsanç bilen belledi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde ýokary derejeli maslahaty geçirmek baradaky teklibi öňe sürüldi.

Köpöwüşginli sungat baýramy

31-nji oktýabrda paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen-hytaý gatnaşyklary barha ösdürilýär, işjeň häsiýete eýe bolýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän medeni çäreler Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşaýan doganlyk halklaryň medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag aragatnaşyklary boýunça maýa goýum forumy Brýusselde geçiriler

Ýewropa Komissiýasy 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde döwlet we hususy pudagyň wekillerini, yklymyň iki sebitiniň – Ýewropa we Merkezi Aziýa – arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak isleýän maýadarlary birleşdirjek maýa goýum forumyna taýýarlyk görýär. Forum Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşygy boýunça Ýewropa Komissiýasynyň garamagynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky tarapyndan ozal ýerine ýetirilen we geçirilen barlag işleriniň dowamy bolar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Taraplar sebit howpsuzlygy, durnukly ösüş, şol sanda serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, ulag ulgamy bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň belleýşi ýaly, bu forum ýokarda agzalan ölçegleriň her biri boýunça sebitdäki wajyp meseleleri çözmekde özara gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de degişli halkara düzümleriň işini utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Şunda bu ugurdaky taslamalary we çäreleri ýerine ýetirmekde ÝHHG-niň möhüm orny beýan edildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleridir wezipeleri, sebitiň döwletleriniň bu ulgamlarda ädýän ädimleri boýunça pikir alşyldy, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi.

Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet ýyly geçirilýär

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň artýan depgini strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga iki dostlukly ýurduň ymtylmagy bilen şertlendirilendir. Munuň özi şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda Türkmenistanyň Baştutanynyň HHR-e bolan saparlarynyň barşynda nobatdaky gezek tassyklanyldy.

DostluK köprülerini berkidip

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň medeniýetine, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan konsert boldy. Onda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsertde ýaňlanan hoş owazly aýdymlar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, pugtalandyrmagyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek äşgär görkezdi. Ýurdumyzdaky ähmiýetli wakalaryň öň ýanynda şeýle konsertleriň geçirilmegi indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Halkara ähmiýetli bu medeni çäräniň esasy maksady Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda baýramçylyk şowhunyny döretmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşlerini wasp edýän aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlaryna konserte gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler we olary şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Munuň özi sungat ussatlarynyň zehinine berilýän ýokary bahadyr.

Türkmen-türk gatnaşyklary

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegine öwrülen dünýä giňişliginde we sebitde dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmek halkymyzyň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi sapary, bu saparyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine badalga berilmegi şol döwletli ýörelgeleriň dowamat tapýandygyny alamatlandyrýar. Saparyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toparynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy, uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli möhüm ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen, iki doganlyk ýurduň taryhynda täze sahypa açyldy. Hormatly Prezidentimiziň doganlyk döwlete resmi saparynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen hökümetara we pudagara resminamalaryň 13-sine gol çekilmegi hem hyzmatdaşlygyň täze derejelerine itergi berlendigine şaýatlyk edýär. Saparyň barşynda ikiçäk görnüşde we giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlara seljerme berlip, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkitmek, täze de

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Ankara şäheri, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry) Hormatly işewür toparlaryň wekilleri!

Mizemez dost-doganlyk

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi saparyndan soňky oýlanmalar Birek-birege dogaýy salam ýollamak, dostlarça gatnaşmak, ata-babalarymyzdan galan asylly ýörelgelerdir. Çünki şeýle gatnaşyklar jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkidýär, bir-birege bolan ynamy artdyrýar. Munuň şeýledigine 25 – 26-njy oktýabr aralygynda döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda has-da anyk göz ýetirdik. Türkmen-türk dialogynyň netijeli guraly köp babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşyklary ösdürmäge berýän aýratyn ünsi bilen şertlendirilip, özara saparlaryň işjeň häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tagallalarynyň özboluşly görkezijisi bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr.

Halkara hyzmatdaşlygynda ýaşlaryň orny

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasaty dünýä halklarynyň abadançylygyna gönükdirilendir. Munuň özi ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da beýgeldýär. Innowasiýalara esaslanýan milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýän giň gerimli we strategiki maksatnamalar, ösüşiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly milli nusgasy, iri halkara guramalarynyň belent münberlerinden adamzadyň parahat we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna öňe sürlen derwaýys başlangyçlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä esaslanyp, dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar.

Durnukly ösüşiň möhüm ugry

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda Arkadagly Serdarymyz: «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr» diýip bellemek bilen, innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça amala aşyrylýan işleri belledi. Hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyza, halkymyza ak ýürekden hyzmat etmek maksatlarynda öňde goýan meýilnamalary milli ýörelgelerimizi döwrebap ösüşiň tejribeleri bilen utgaşdyryp, durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumlaýyn ulgamyny gurşap alýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin Milli maksatnamasynda meýilleşdirilen tutumly işler hem olaryň bir bölegi bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakyn onýyllyklarda Türkmenistanyň Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüljekdigini belleýär. Häzirki wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly güýjünde ulanmak, deňiz we derýa ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak, hyzmatlaryň täze daşary ýurt ugurlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu Halkara deňiz portuna ÝHHG-niň «Hazar sebitinde «ýaşyl» portlaryň we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde «EcoPorts» güwänamasy berildi. Ol Türk