Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

2 Noýabr 2023
878

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanmasy tassyklanyldy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berildi.