DostluK köprülerini berkidip

1 Noýabr 2023
649

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň medeniýetine, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan konsert boldy. Onda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Konsertde ýaňlanan hoş owazly aýdymlar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, pugtalandyrmagyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek äşgär görkezdi. Ýurdumyzdaky ähmiýetli wakalaryň öň ýanynda şeýle konsertleriň geçirilmegi indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Halkara ähmiýetli bu medeni çäräniň esasy maksady Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda baýramçylyk şowhunyny döretmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşlerini wasp edýän aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlaryna konserte gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler we olary şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Munuň özi sungat ussatlarynyň zehinine berilýän ýokary bahadyr.

Mähri PÜRÇEKOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy. Surata düşüren Maksat GYLYJOW.