Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» nobatdaky hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

2 Noýabr 2023
450

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. Munuň özi Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen oňyn hyzmatdaşlyga, şol sanda köptaraply gurallar formatyndaky gatnaşyklara ygrarlydygynyň, sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Soňky ýyllarda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde uzak geljegi nazarlaýan netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýady emele getirýän bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat ugruny mynasyp dowam etdirip, bu formata girýän döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.

Surata düşüren Hasan MAGADOW.