"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

«S7 Airlines» Türkmenbaşy şäherine uçuş wagtynda türkmen raýatlary üçin PCR test synaglaryny ýatyrdy

Russiýanyň «S7 Airlines» awikompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçuşlary boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin PCR test synagynyň zerurlygyny aradan aýyrdy. Bu baradaky degişli bölüm awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda täzelendi. Dogry resminamalar we ähli wiza talaplary berjaý edilende raýatlara Türkmenistana girmäge rugsat berilýär.

Türkiýe-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan ugry boýunça ilkinji ýük otlusy Daşkende geldi

Şenbe güni, 3-nji dekabrda Daşkendiň demirýol menzilinde Türkiýäniň Izmir şäherinden ugran, Eýranyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçip, Özbegistana gelen ilkinji ýük otlusynyň dabaraly garşylanylyşy boldy. Dabara Türkiýäniň Daşkentdäki ilçisi Olgan Bekar, özbek döwlet demirýollarynyň baş direktory Husniddin Hasilow hem-de beýleki resmi adamlar gatnaşdylar diýip, “Anadolu” agentligi habar berýär.

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc», «Oxbow», «Palo Alto Networks», «Smartmatic», «Wiza», «Westport Trading Europe Limited» ýaly kompaniýalaryň wekilleri girdiler. Bu çäre hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda, türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyga açykdygyny hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan ymtylmalaryny goldaýandyklaryny nygtadylar.

Dünýä ýaň salan sungat

Türkmen keşdeçilik sungaty — ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny öwrenmek, olary aýawly saklamak, mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýen sözleri hem ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyza mukaddeslik hökmünde garalýandygyny subut edýär.

Dostluk daragty gül açýar

Bitarap Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasyny möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygy 30 ýylyň dowamynda birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk we uzak möhletleýin ýörelgelere daýanýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda, türkmen-koreý dostlugy dünýäniň durnukly ösüşiniň meseleleri boýunça birek-biregiňkä meňzeş garaýyşlarynyň esasynda, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna uly itergi berýär. Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldap çykyş edýär. Biziň ýurdumyz hem öz nobatynda, koreý tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we hemmetaraplaýyn ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň, şeýle hem abraýly halkara guramalara hödürleýän teklipleriniň tarapdary bolup durýar. Koreýa bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilim, ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda has-da giňeldilýär. Ýurdumyzda koreý diline hem-de bu halkyň gadymy özboluşly medeniýetine uly hormat goýulýar. Bilim ojaklarynda koreý dili öwredilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dilinden ýokary derejeli hünärmenler, dilçi mugallymlar we terjimeçiler taýýarlanýar. 2008 — 2019-njy ýyllar aralygynda Günorta Koreýa Respublikasyndan Kim Ik Hwan

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Golaýda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda «Žurnalistleriň hukuklary we borçlary» atly iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň başynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon MakGregor söz sözläp, žurnalistikanyň jemgyýetçilik durmuşyndaky orny barada durup geçdi. Maslahata sanly ulgam arkaly britaniýaly hünärmen Marek Bekerman hem gatnaşdy.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy ulag boýunça bilelikdäki topary döreder

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew ulag, üstaşyr we logistika boýunça türkmen-russiýa bilelikdäki topary döretmek we onuň türkmen bölegini guramak meýilnamalary barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Hökümetara hyzmatdaşlygyň mehanizminiň çäklerinde bu toparyň döredilmegi 2022-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Transport ministrliginiň arasynda ulag we tranzit pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça kabul edilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamada meýilleşdirilendir.

Türkmen-katar dostlugy

Dekabr aýynyň 3-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi. Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ganem bin Abdullah Al Romaýhi bilen gürrüňdeş boldy.

Türkmen-katar hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

3-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi, Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. YNAM, GÜÝÇ-KUWWAT, RUHUBELENTLIK

Türkmenistan — Katar: gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ugry bilen

Aşgabat — Doha — Aşgabat, 3-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň sport baýramçylygyna bildirýän gyzyklanmasy ýurdumyzda sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu sport baýramçylygy Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden futbolçylary we sportuň örän özüne çekiji bu görnüşiniň janköýerlerini bir ýere jemledi.

Rus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşar

Türkmenistan we Russiýa demir ýol düzümlerini ösdürmegiň üstünde işleýärler, rus kompaniýalarynyň bolsa türkmen demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy üçin uly mümkinçiligi bar diýip, anna güni RF-niň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow TASS-yň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy. Ol şeýle hem ýakyn wagtda ýurda rus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýietiň barjakdygyny, türkmen demir ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça geçirilmeli zerur işlere baha berjekdiklerini hem-de ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolan Türkmenistanyň demirýol hojalygynyň geçirijilik ukybynyň mümkinçiligini öwrenjekdiklerini habar berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşinde ulag strategiýasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň barşynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşiklerde ulag-logistika ulgamynyň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Bu babatda iki ýurduň port düzümlerini ulanmak arkaly, utgaşykly ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň tutuş üstaşyr ulag düzüminiň çalt depginde hem-de toplumlaýyn ösmegi, şeýle-de onda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi bilen birlikde, dünýäniň köp ýurtlarynyň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynyň ösdürilmegini häzirki döwürde ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Häzirki wagtda ulag meselesine bilermenler jemgyýetçiligi tarapyndan uly üns we gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk garaýyşlary oňa yzygiderli we maksadalaýyk häsiýet bermek, şu meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy sebit derejesinden esasy halkara münberiň - Birleşen Milletler Guramasynyň derejesine geçirmek zerurlygyna esaslanýar. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän hem-de ulag geçelgeleriniň netijeli hereket etmegini üpjün et

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary

30-njy no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si To­mas Şul­ler-Götz­burg­dan ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di. Mej­li­siň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan myh­ma­ny ýo­ka­ry dip­lo­ma­tik we­zi­pä bel­le­nil­me­gi my­na­sy­bet­li gut­lap, oňa Türk­me­nis­tan bi­len Awst­ri­ýa­nyň ara­syn­da dost­luk­ly we kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Par­la­men­t diplomatiýasy ös­dü­ril­ýär

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dü­ril­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­my­za esas­lan­ýan be­ýik iş­ler hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň gol­da­wa eýe bol­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ab­raý-mer­te­be­si dün­ýä­de has-da be­lent de­re­je­le­re eýe bol­ýar. Sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni gat­na­şyk­lar bi­len bir ha­tar­da, par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­ bo­ýun­ça hem uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Biz mu­ňa Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik iş­le­rin­de aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­miz üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Mu­nuň özi halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da, ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­myz­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek­de mö­hüm äh­mi­ýet­li­dir.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: medeni-ykdysady hyzmatdaşlyklaryň aýdyň geljegi

 «7/24. tm», № 49 (132) Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyly döwründe Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri, şol sanda Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýokary derejelere çykýar. Muňa dostlukly Koreýa Respublikasy bilen medeni-ykdysady ugurlarda barha berkeýän gatnaşyklar aýdyň mysaldyr.

Türkmen-koreý sport hyzmatdaşlygy

 «7/24. tm», № 49 (132) Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi esasynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlary, şol sanda Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary täze derejelere çykýar.

Koreýa Respublikasy barada maglumatlar

 «7/24. tm», № 49 (132) Koreýler işeňňir halk hasaplanýar. Ýurtda işgärlere dynç alyş berilmeýär. Diňe ýakynlary bilen wagt geçirmek ýa-da başga bir ýurda gitmek üçin birnäçe günlük rugsat almak mümkin. Elbetde, bu mümkinçilikden hemmeler peýdalanmaýar.

Türkmen-awstriýa dostlugy

«7/24. tm», № 49 (132) 2022-nji ýylyň 29-njy noýabry (TDH). Şu gün Aşgabatda Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Işewürlik maslahatyny Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar.

RŽD Gazagystandan we Türkmenistandan geçýän konteýner daşamalaryna 20% arzanladyş girizer

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça yzygiderli konteýner otlylarynyň sanynyň aýda 17-ä çenli köpeldilmegine garaşylýar.  Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ 2023-nji ýyl üçin Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçýän konteýner daşamalaryna 20 göterim arzanladyş girizer.

Rumyniýanyň Daşary işler ministri Gara deňiz - Hazar deňzi ugry boýunça ýük daşamak baradaky gepleşikleri makullady

1-nji dekabrda Polşanyň Lodzi şäherinde geçirilen ÝHHG-nyň DIMG-niň mejlisiniň çäklerinde Rumyniýanyň Daşary işler ministri Bogdan Auresku azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen bolan duşuşygyň dowamynda Gara deňiz - Hazar deňzi ugry boýunça halkara ýük ulag ugruny döretmek we ulanmak baradaky ylalaşygyň baglaşylmagy babatda 8-nji noýabrda Rumyniýanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkmenistanyň arasynda gepleşikleriň başlanmagyny makullady.  Bu barada Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň penşenbe güni çap eden metbugat beýanatynda habar berilýär.