Rus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşar

5 Dekabr 2022
408

Türkmenistan we Russiýa demir ýol düzümlerini ösdürmegiň üstünde işleýärler, rus kompaniýalarynyň bolsa türkmen demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy üçin uly mümkinçiligi bar diýip, anna güni RF-niň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow TASS-yň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.

Ol şeýle hem ýakyn wagtda ýurda rus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýietiň barjakdygyny, türkmen demir ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça geçirilmeli zerur işlere baha berjekdiklerini hem-de ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolan Türkmenistanyň demirýol hojalygynyň geçirijilik ukybynyň mümkinçiligini öwrenjekdiklerini habar berdi.