Rumyniýanyň Daşary işler ministri Gara deňiz - Hazar deňzi ugry boýunça ýük daşamak baradaky gepleşikleri makullady

3 Dekabr 2022
435

1-nji dekabrda Polşanyň Lodzi şäherinde geçirilen ÝHHG-nyň DIMG-niň mejlisiniň çäklerinde Rumyniýanyň Daşary işler ministri Bogdan Auresku azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen bolan duşuşygyň dowamynda Gara deňiz - Hazar deňzi ugry boýunça halkara ýük ulag ugruny döretmek we ulanmak baradaky ylalaşygyň baglaşylmagy babatda 8-nji noýabrda Rumyniýanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkmenistanyň arasynda gepleşikleriň başlanmagyny makullady.

 Bu barada Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň penşenbe güni çap eden metbugat beýanatynda habar berilýär.