Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşinde ulag strategiýasy

5 Dekabr 2022
552

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň barşynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşiklerde ulag-logistika ulgamynyň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Bu babatda iki ýurduň port düzümlerini ulanmak arkaly, utgaşykly ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň tutuş üstaşyr ulag düzüminiň çalt depginde hem-de toplumlaýyn ösmegi, şeýle-de onda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi bilen birlikde, dünýäniň köp ýurtlarynyň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynyň ösdürilmegini häzirki döwürde ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

Häzirki wagtda ulag meselesine bilermenler jemgyýetçiligi tarapyndan uly üns we gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk garaýyşlary oňa yzygiderli we maksadalaýyk häsiýet bermek, şu meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy sebit derejesinden esasy halkara münberiň - Birleşen Milletler Guramasynyň derejesine geçirmek zerurlygyna esaslanýar. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän hem-de ulag geçelgeleriniň netijeli hereket etmegini üpjün etmäge gönükdirilen, ykdysadyýetiň ösüşiniň çaltlandyrylmagyna ýardam edýän döwrebap logistik merkezleriň döredilmeginiň ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmagyň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellemek gerek. Türkmenistan bu ulgamda maksadalaýyk işleri amala aşyryp, innowasion tehnologiýalardan hem-de öňdebaryjy tejribeden ugur alýar.