"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: däp bolan gatnaşyklara ygrarlylyk

24-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Ilkinji nobatda, döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny beýan edip, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Şoňa görä-de, türkmen-rus syýasy dialogynyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenildi. Parlament ugry boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilýär, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geňeşmeler geçirilýär.

Türkmenistan — Beýik Britaniýa: köpugurly hyzmatdaşlyk — oňyn netijelilik

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ýakynda Onuň Alyjenaby Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak maksady bilen, Londona iş saparyny amala aşyrandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz saparyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlik üçin Beýik Britaniýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň çäklerinde köpugurly türkmen-britan dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Özara gatnaşyklaryň täze gözýetimi

Darýa APUŞKINSKAÝA, Russiýa Federasiýasynyň Halklaryň dostlugy uniwersitetiniň mugallymy. — Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabada myhman bolandygymyza begenjimiziň çägi ýok. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde III Açyk halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmegi we onuň üstünlikli jemlenmegi ýene bir gezek bir hakykaty — döwrebap bilimli we giň gözýetimli ýaşlaryň ösüp gelýändigini açyp görkezdi. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen halkara olimpiadasynyň dowamynda 283 talybyň bilim derejesi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik boldy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Germaniýanyň, Wengriýanyň, Meksikanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bar. Türkmen talyplarynyň üstünlikleri milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň belent derejelere çykandygyny görkezýär. Türkmenistanda şeýle bäsleşikleriň ilkinji gezek geçirilýändigine garamazdan, munuň juda guramaçylykly geçendigini bellemelidiris.

Russiýa bilen Ýewraziýa ýurtlary Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegi meýilleşdirýär

Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnulliniň “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” XIV halkara ykdysady forumynda eden çykyşy, 2023-nji ýylyň 18-nji maýy (Surat: Russiýanyň hökümediniň metbugat gullugy) Russiýa bilen Ýewraziýa ýurtlary Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegi meýilleşdirýär we bu ösüş taslama konteýnerli ýük daşamalaryň 15-30 esse artdyrylmagyny öz içine alýar. Tatarystanyň Kazan şäherinde 18-19-njy maý aralygynda geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” XIV halkara ykdysady forumyna gatnaşyjylar bu taslama boýunça meseleleri içgin ara alyp maslahatlaşdylar.

“KAMAZ” Daşoguz welaýatynda tehniki hyzmat merkezini açmagy meýilleşdirýär

''KAMAZ'' täze hyzmat ediş merkezleri türkmen-rus işewürlik hyzmatdaşlygynyň netijesidir. Russiýanyň “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda bäşinji tehniki hyzmat merkezini açmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi. Häzirki wagtda ýurtda dört sany “KAMAZ” tehniki hyzmat merkezi bolup, olar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda ulanylýar.

“Türkmendeňizderýaýollary” bilen “Petronas Carigali” gämi gurluşyk taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Kompaniýanyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri hem-de kuwwatlyklary bilen tanyşdyryldy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen “Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Dhd” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçen hepdäniň duşenbe güni geçirilen duşuşykda gämi gurluşyk taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy habar berdi. Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar iki taraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we ýüzüji serişdelerini abatlamak boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistan we Owganystan üstaşyr ýük daşamakda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Golaýda Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň, Owganystanyň Ulag ministrliginiň, gümrük, söwda, nebit we gaz edaralarynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa, serhet we gümrük gulluklarynyň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistandan eksport edilýän nebit we gaz önümlerini Owganystanyň çäginden üstaşyr daşamaklygy ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III-niň we Premýer-ministr Rişi Sunagyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Beýik Britaniýada özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmenistan — ÝUNESKO: ruhy we maddy gymmatlyklary sarpalap

Oňyn Bitaraplyk syýasaty bilen baglylykda, Türkmenistan abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda bu gurama bilen ýokary derejeli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, hyzmatdaşlygyň häzirki zaman täze ugurlaryny kesgitlemek babatda geçirilýän çäreler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň kepili bolup durýar. Ýakynda, 15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Hurini kabul edende hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşykda myhman geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüniň türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyza degişli güwänamalary gowşurdy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygyň taryhynda şanly waka hökmünde hemmämizi buýsandyrdy. Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynda bilim ugruna hem möhüm orun degişli. Şu ýylyň fewralynda bu gurama bilen gol çekilen Ylalaşyklara laýyklykda, häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras

Ykdysady hyzmatdaşlyk — dost-doganlygyň daýanjy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasatyň we onuň esasy ýörelgeleriniň netijeli häsiýeti iş ýüzünde we anyk ädimlerde öz beýanyny tapýar. Hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda üstünlikli ösdürilýär. Şunda goňşy döwletler bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy köpugurly ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu babatda Türkmenistan Gazagystan Respublikasy bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Astana şäherinde türkmen wekiliýetiniň sapary mahalynda Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylygynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Hökümetara toparynyň 11-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag, maliýe, oba hojalygy we suw dolandyrylyşy, gurluşyk, medeniýet we syýahatçylyk, bilim we ylym, nebitgaz pudaklaryndaky

Ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ylym-bilim ulgamlarynyň hyzmatdaşlygy ilerleýär. Iki döwletiň arasynda ylym-bilim maksatly Ylalaşykdyr Ähtnamalar hereket edip, gazanylan tejribeleri paýlaşmakda oňyn hyzmatdaşlyklar saklanýar. Ýokary okuw mekdeplerde ikitaraplaýyn talyp alyş-çalyş hyzmatdaşlygy, halkara olimpiadalar, ýaryşlar, ylym-bilim bäsleşikleriniň geçirilmegi ýola goýlan ýokary derejeli gatnaşyklary aýan edýär. Hatda şu ýylyň aprel aýynyň 30-y — maý aýynyň 7-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde 57-nji Halkara Mendeleýewiň himiýa olimpiadasy geçirildi. Bu abraýly olimpiada dünýä döwletleriniň 21-sinden zehinli mekdep okuwçylarynyň 113-si, şol sanda Türkmenistandan saýlanan topar gatnaşyp, baýrakly orunlary-da eýelediler. Bu hem Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky halkara gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylýandygynyň ykrarydyr. Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda häzirki güne çenli ikitaraplaýyn gol çekilen şertnamalaryň ençemesi hereket edip, döwletleriň hoşniýetli gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini dabaralandyrýar. Geçen 2022-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi kabul edip, duşuşykda onuň bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça maslahat edilipdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşly

Türkmen-tatar gatnaşyklary berkeýär

Şu ýylyň 18-19­-njy maýynda türkmen wekiliýeti Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» atly halkara ykdysady foruma gatnaşdy Soňky ýyllarda türkmen-tatar gatnaşyklarynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklaryň täze taryhy ýazylýar. Ony aprel aýynyň başynda Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň ýurdumyza bolan iş saparynyň esasynda hem aýdyň görýäris. Häzirki wagtda medeni­ynsanperwer, ylym­bilim, şol sanda ulag ulgamlaryndaky gatnaşyklar türkmen­tatar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ykdysady ugurlarda soňky gazanylan tejribeleri paýlaşylan foruma ýurdumyzdan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Foruma jemi dünýäniň 84 döwletinden 15 müňe golaý wekil gelip, halkara hyzmatdaşlykda täze sahypany açdy. Kazan forumy indi on dördünji gezek geçip, sebitiň ulag-infrastrukturasynda möhüm waka öwrüldi. Ol Russiýa Federasiýasynda 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Şu gezekki forumyň çäklerinde «Russia Halal Expo» atly halkara sergi, şeýle-de ulag-infrastruktura taslamalarynyň sergisi guraldy. Bulardan başga-da, «Russia Halal Market» ýarmarkasy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: täze mümkinçiliklere badalga

Ýurduň içerki ulag pudagyny kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalaryndaky hereketleriň ýygylygyny işjeňleşdirmek we bu ugurdaky ýene-ýeneler milli ykdysadyýetiň ösüşini has-da ilerletmek üçin derwaýys bolmagynda galýar. Ol, ilkinji nobatda, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlaryna çykmakda beýleki ýurtlara garaşlylygy azaltmak, dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlygyň barha çylşyrymlaşýan döwründe emele gelen ýagdaýlardan ýurduň hem-de sebitiň bähbitleri üçin ýerlikli peýdalanmak, uly mukdardaky girdejileri getirýän ýük akymlaryny üstüňden geçirmek üçin ulgamyň özüne çekijiligini artdyrmak... nukdaýnazaryndan alanyňda has zerur. Şonuň üçin-de Türkmenistan bu meseleleri milli ýa-da sebit derejesinde däl, dünýä derejesinde üns çekilmeli ugur hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýär. Bu, elbetde, öz netijesini-de berýär. Ýakynda, has takygy, 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Bu şanly waka bilen baglanyşykly ýurdumyzda hoşallyk maslahatlary yzygiderli guralýar. Şeýle maslahat düýn Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň

Halkara giňişlikde

Türkmen wekiliýeti ykdysady foruma gatnaşdy Golaýda Gazagystanyň Almaty şäherinde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» ikinji ykdysady forumy geçirildi. Forumyň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça guralan ýokary derejeli plenar mejlisiniň işine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Jemgyýetiň saglygy ― dünýäniň abadançylygy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we welaýat häkimligi bilen bilelikde welaýat kitaphanasynda maslahat geçirdi. Oňa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we degişli döwlet edaralarynyň wekilleri, lukmanlar we ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistan — Gazagystan: ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

Türkmen-gazak halklary dünýäniň kalbyna äleme nusgalyk dostluk dessanyny ýazýar. Bu iki halkyň diňe ýakyn geografik ýerleşişi däl, eýsem, milli edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň ýakynlygy, ruhy gymmatlyklarynyň bir bitewi mazmunlylygy heňňamlaryň jümmüşinden gözbaş alýandyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen, şol sanda Gazagystan Respublikasy bilen özara ikitaraplaýyn gatnaşyklary barha ösdürýär. 15-nji maýda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň 12-nji mejlisi hem sözümiziň aýdyň güwäsidir. Duşuşygyň dowamynda toparyň 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen 11-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Mejlisde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak bilen bagly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky ulag-logistika, oba hojalyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberi 2022-nji ýylda, ondan öňki ýyldaky bilen deňeşdirilende, 69 göterim artdy. Ösüş depgini 2023-nji ýylyň geçen dört aýynyň jemleri boýunça hem hasaba alyndy. Hökümetara t

Parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

22-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisinde «Türkmenistan — Gruziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, dostlukly ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge, hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Şeýle hem iki ýurduň iri halkara düzümleriň ugry boýunça, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri barada aýdyldy.

Parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

22-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisinde «Türkmenistan — Gruziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa myhmanlary mähirli garşylap, häzirki wagtda parlamentarileriň döwlet durmuşynda barha artýan ornuny belledi. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň arasynda netijeli gepleşikleri ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar.

Ulag, logistika, gämi gurluşygy - KazanForumda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky taslamalar

Tatarystandaky türkmen wekiliýetiniň başlygy, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşdy. Ol KazanForum Halkara ykdysady forumyň çäginde geçirildi. Şeýle hem bu çärä Tatarstan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanow, Moskwanyň we Bütin Russiýanyň patriarhy Kirill, Russiýanyň Muftüler geňeşiniň başlygy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň, Müsüriň, Kuweýtiň, Indoneziýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.