Ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk

24 Maý 2023
1055

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ylym-bilim ulgamlarynyň hyzmatdaşlygy ilerleýär. Iki döwletiň arasynda ylym-bilim maksatly Ylalaşykdyr Ähtnamalar hereket edip, gazanylan tejribeleri paýlaşmakda oňyn hyzmatdaşlyklar saklanýar. Ýokary okuw mekdeplerde ikitaraplaýyn talyp alyş-çalyş hyzmatdaşlygy, halkara olimpiadalar, ýaryşlar, ylym-bilim bäsleşikleriniň geçirilmegi ýola goýlan ýokary derejeli gatnaşyklary aýan edýär. Hatda şu ýylyň aprel aýynyň 30-y — maý aýynyň 7-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde 57-nji Halkara Mendeleýewiň himiýa olimpiadasy geçirildi. Bu abraýly olimpiada dünýä döwletleriniň 21-sinden zehinli mekdep okuwçylarynyň 113-si, şol sanda Türkmenistandan saýlanan topar gatnaşyp, baýrakly orunlary-da eýelediler. Bu hem Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky halkara gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylýandygynyň ykrarydyr.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda häzirki güne çenli ikitaraplaýyn gol çekilen şertnamalaryň ençemesi hereket edip, döwletleriň hoşniýetli gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini dabaralandyrýar. Geçen 2022-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi kabul edip, duşuşykda onuň bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça maslahat edilipdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda barha netijeli häsiýete eýe bolýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşypdylar. Şunuň bilen baglylykda bolsa Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak toparynyň möhüm orny bellenilipdi. Şonuň netijesinde ylym-bilim, medeniýet, sport ulgamynda, tutuşlygyna parahatçylygy, hyzmatdaşlygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň esas goýujy şerti bolan ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berildi. Bu hem Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ýokary derejeli halkara gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlyklaryň oňyn netijeleri berip, hasda pugtalanýandygynyň aýdyň güwädir.

«Güneş».