Türkmenistan — Beýik Britaniýa: köpugurly hyzmatdaşlyk — oňyn netijelilik

26 Maý 2023
385

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ýakynda Onuň Alyjenaby Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak maksady bilen, Londona iş saparyny amala aşyrandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz saparyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlik üçin Beýik Britaniýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň çäklerinde köpugurly türkmen-britan dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.

"Nesil".