Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: täze mümkinçiliklere badalga

24 Maý 2023
432

Ýurduň içerki ulag pudagyny kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalaryndaky hereketleriň ýygylygyny işjeňleşdirmek we bu ugurdaky ýene-ýeneler milli ykdysadyýetiň ösüşini has-da ilerletmek üçin derwaýys bolmagynda galýar. Ol, ilkinji nobatda, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlaryna çykmakda beýleki ýurtlara garaşlylygy azaltmak, dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlygyň barha çylşyrymlaşýan döwründe emele gelen ýagdaýlardan ýurduň hem-de sebitiň bähbitleri üçin ýerlikli peýdalanmak, uly mukdardaky girdejileri getirýän ýük akymlaryny üstüňden geçirmek üçin ulgamyň özüne çekijiligini artdyrmak... nukdaýnazaryndan alanyňda has zerur. Şonuň üçin-de Türkmenistan bu meseleleri milli ýa-da sebit derejesinde däl, dünýä derejesinde üns çekilmeli ugur hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýär. Bu, elbetde, öz netijesini-de berýär. Ýakynda, has takygy, 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Bu şanly waka bilen baglanyşykly ýurdumyzda hoşallyk maslahatlary yzygiderli guralýar. Şeýle maslahat düýn Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler jaýynda hem geçirildi.

Başlangyçlar miwe berýär

Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».