"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Owazasy dünýä dolýan şäher

Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheriniň toý ruhunda açylanyna sanlyja gün boldy. Şeýle-de bolsa, ol ýerde giň gerim alan halkara derejesindäki çäreler, şol sanda halkara forumlar dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Arkadag şäheriniň kaşaň binalarynda “Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany”, “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy”, “Arkadag şäheri — sanly we akylly tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahatlaryň, “Arkadag şäheri ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri”, “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahatlaryň, şeýle-de futbol boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahatynyň işjeňlikde geçendigini buýsanç bilen bellemelidiris.

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: ösüşiň bähbidine köptaraplaýyn tagallalar

Taryh bize asuda ýaşamak we durnukly ösüşiň belentliklerine çykmak üçin özara hormatyň we düşünişmegiň zerurdygyny tekrarlaýar. «Diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy äşgärdir. Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr». Ine, hakyky parahatçylyk söýüjilikli ýurduň Baştutanynyň aýtjak sözi! Bu sözler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji iýulda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen 23-nji mejlisinde eden çykyşyndan alyndy. Häzir dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde çuňňur we aýdyň maksatly işleri guramak we oňa ýetmek wezipesi örboýuna galdy. Halkara hyzmatdaşlygyň täsirli usullaryny, netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak, gatnaşyklar üçin oňyn şertleri döretmek gaýragoýulmasyz möhüm mesele hökmünde ileri tutulýar. Gahryman Arkadagymyz dünýäniň häzirki ýagdaýyny seljermek, halkara gatnaşyklarda täze gün tertibini maslahatlaşmak we ykrar etmek üçin 2021-nji ýylda «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Arkadagly Serdarymyz halkara gatnaşyklaryň bu täze syýasy-diplomatik filosofiýasyny ilerletmek bilen, onuň döwletleriň hyzmatdaşlyk etmeginiň häzirki ýagdaýyny seljermäge mümkinçilik berjekdigine ynanýandygy

Habarlar halkara giňişlikde

Diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy Golaýda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Şunlukda, ýurdumyzyň resmi ýagdaýda diplomatik gatnaşyklary saklaýan döwletleriniň sany 153-e ýetdi.

Arkadag şäheri — şäher gurluşygynyň täzeçil nusgasy

Arkadag şäheri, 4-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynda “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahat geçirildi. Ol täze şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň jemini jemledi. Foruma Türkmenistanyň we ýurdumyzyň ozaldan gelýän, ygtybarly hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň, gurluşyk edaralarynyň, senagat, energetika, himiýa we ýol gurluşygy pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda “Buig Türkmen”, “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd”, “Hyundai Engineering Co., Ltd”, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd”, “Sumitomo Corporation”, “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.”, “Rönesans Inşaat”, “Wozroždeniýe” kompaniýalary, şeýle hem “Dorožnoýe stroitelstwo Altkom”, “INAS+” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetleri we beýlekiler bar.

Arkadag şäherinde geçirilen halkara forumda ulag ulgamynyň ösüşleri maslahatlaşyldy

Golaýda Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumynda ulag we logistika ulgamy beýleki ulgamlar bilen bir hatarda geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Häzirki zaman ulag we logistika düzümlerini kämilleşdirmek, Türkmenistany Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag çatryklarynyň merkezleriniň birine öwürmek ýurdumyzyň maýa goýum ösüşiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy Aşgabat, 4-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.

Arkadag şäheri — şäher gurluşygynyň täzeçil nusgasy

Arkadag şäheri, 4-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynda “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahat geçirildi. Ol täze şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň jemini jemledi. Foruma Türkmenistanyň we ýurdumyzyň ozaldan gelýän, ygtybarly hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň, gurluşyk edaralarynyň, senagat, energetika, himiýa we ýol gurluşygy pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda “Buig Türkmen”, “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd”, “Hyundai Engineering Co., Ltd”, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd”, “Sumitomo Corporation”, “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.”, “Rönesans Inşaat”, “Wozroždeniýe” kompaniýalary, şeýle hem “Dorožnoýe stroitelstwo Altkom”, “INAS+” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetleri we beýlekiler bar.

Türkmenistanyň täsin ekotaslamasy

Aleksandr LEBEDEW,«Большая Азия» teleýaýlymynyň baş direktory: — Ilki bilen, öňegidişligiň we belentliklere ýetmegiň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygyna gatnaşanlaryň ählisini gutlamak isleýärin. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň özboluşly başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan üçin ýetip bolmajak menziliň ýokdugyny görkezdi. Bu ýerde gören zatlarym meni juda haýran galdyrdy. Deňi-taýy bolmadyk ajaýyp şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna geljekde bagt hem-de abadançylyk arzuw edýärin. Goý, siziň durmuşyňyzda iki reňk — ak we tyllaýy reňkler agdyklyk etsin! Çünki ak — tämizligiň, şatlygyňdyr açyk göwünliligiň, tyllaýy reňk bolsa baýlygyň, abadançylygyň, saglygyňdyr merhemetiň nyşany.

Belent hormatyň nyşany

Arkadag şäheriniň toý ruhunda açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji hormatly Prezidentimize «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» atly medaly gowşurmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda türki dünýäsiniň ýurtlary bilen özara ynama we hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýar. Şonuň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara abraýy, medeni, ykdysady gatnaşyklary barha ýokarlanýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi-de aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandy nazara alyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» atly medalyň gowşurylmagy-da munuň şeýledigini tassyklaýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň «TÜRKSOÝ» ordeni we «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglanmagy ýurdumyzyň dünýäde barha artýan abraýyndan aýdyň mysaldyr. Ol şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň türki halklarynyň arasynda medeni we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mynasyp goşant goşand

Arkadag şäherinde halkara ekologiýa forumy geçirildi

Arkadag şäheri, 3-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň maksatnamasyna daşky gurşaw babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri ösdürip ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, tebigaty goramak, täze, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bütin adamzat üçin möhüm bolan ekologik meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara taga

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi iki daşary ýurt kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdi

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti” we “Delta Telecom Ltd” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamalary baglaşdy. Degişli resminamalara gol çekmek dabarasy 2-nji iýulda geçirilen “Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirildi.

Arkadag şäherinde halkara ekologiýa forumy geçirildi

Arkadag şäheri, 3-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň maksatnamasyna daşky gurşaw babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri ösdürip ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, tebigaty goramak, täze, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bütin adamzat üçin möhüm bolan ekologik meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara taga

Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda

«Akylly» şäher — Arkadag bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Şäheriň mümkinçilikleri bilen tanyşmak maksady bilen daşary ýurtlardan köp sanly hünärmenler geldi. Şolaryň hatarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň abraýly hassahanalarynyň lukmanlary, professorlary hem bar. Biz olaryň täze şäher baradaky garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Georg PFENNINGER,Ulm şäheriniň uniwersitet klinikasynyň dolandyryş gullugynyň başlygy, professor:

Durnukly ösüşiň bähbidine

2-nji iýulda Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynda «Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde däl, eýsem, täze şäheriň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan onlaýn tertipde hem alnyp görkezildi. Halkara forum ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň agentlikleriniň ýolbaşçylaryny, daşary ýurtly ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijileri, öňdebaryjy tehnologiýalary we hyzmatlary işläp taýýarlaýjylary, iri halkara aragatnaşyk operatorlaryny, halkara guramalaryň we düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.

Lukmanlaryň jemgyýetçilik guramasy

1-nji iýulda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda geçirilen «Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy» atly halkara ylmy maslahat bu täsin «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň dowamyna öwrüldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan foruma ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtly myhmanlar — kompaniýalaryň wekilleri, Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hassahanalarynyň, institutlarynyň professorlary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Atçylyk pudagynyň kuwwaty artýar

1-nji iýulda Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň edara binasynda geçirilen «Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany» atly halkara maslahatyň gün tertibine atşynaslykda gazanylan üstünlikler we bu pudagy ösdürmek, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler girizildi. Maslahata ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň pudaklaýyn düzümleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ugurdaş komitetiniň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, pudagyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Mediaforum geçirildi

30-njy iýunda Arkadag şäherinde ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň açylmagyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Duşuşyga Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistanyň birnäçe edaralarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Täze şäheriň desgalarynyň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem bar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sözüň doly manysynda, munuň özi desgalaryň toplumyny özüne birleşdirýän çagalar şäherçesidir. Toplumyň abadanlaşdyrylan çäginde çagalaryň arassa howada wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Ilatyň, aýratyn-da, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň saglygyny goramak meselelerine toplumlaýyn çemeleşilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini görkezýär.

Halkara ylmy maslahat

30-njy iýunda Arkadag şäherinde «Arkadag şäheri — sanly we «akylly» tehnologiýalaryň mekany» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy mynasybetli möhüm çäreleriň birine öwrülen bu iri forum Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň we onuň düzümine girýän institutlaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar gatnaşdylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Russiýanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy institutlarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, hususan-da, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň hem-de agentlikleriniň ýolbaşçylary bar.

Türkmenistan — Türkiýe: dostluk, doganlyk, hoşniýetlilik

30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz türk liderine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we özüne toý sowgady hökmünde iberen, Türkiýäniň önümi bolan «TOGG» kysymly täze elektromobiller üçin minnetdarlyk bildirdi. Hoşniýetli sözler üçin sagbolsun aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimizi Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen gutlady.

Innowasion tehnologiýalar halkyň saglygynyň goragynda

Arkadag şäheri, 1-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda geçirilen “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy” atly halkara ylmy maslahat bu täsin “akylly” şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň dowamyna öwrüldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan foruma ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtly myhmanlar — kompaniýalaryň wekilleri, Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hassahanalarynyň, institutlarynyň professorlary we hünärmenleri gatnaşdylar.