Türkmenistan — Türkiýe: dostluk, doganlyk, hoşniýetlilik

3 Iýul 2023
694

30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz türk liderine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we özüne toý sowgady hökmünde iberen, Türkiýäniň önümi bolan «TOGG» kysymly täze elektromobiller üçin minnetdarlyk bildirdi. Hoşniýetli sözler üçin sagbolsun aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimizi Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen gutlady.

"Nesil".