Halkara ylmy maslahat

3 Iýul 2023
879

30-njy iýunda Arkadag şäherinde «Arkadag şäheri — sanly we «akylly» tehnologiýalaryň mekany» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy mynasybetli möhüm çäreleriň birine öwrülen bu iri forum Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň we onuň düzümine girýän institutlaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar gatnaşdylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Russiýanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy institutlarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, hususan-da, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň hem-de agentlikleriniň ýolbaşçylary bar.

«Watan».