"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Ekologiýa we saglyk

Daşky gurşaw adamyň durmuşyna, dynç alşyna, saglyk ýagdaýyna täsir edýär. Onuň kadalarynyň bozulmagy dürli keselleriň döremegine sebäp bolýar. Şol bir wagtda  howanyň üýtgemegi netijesinde ýürek-damar, genetiki keseller, howply döremeler ýüze çykyp bilýär. Howa şertleriniň üýtgemegi bilen, ýürek işjeňliginiň bozulmagy, nerw bozulmalary, fiziki we akyl işjeňliginiň peselmegi ýüze çykýar. Hassa adamlarda beden çalt uýgunlaşmak ukybyny ýitirýär.

Gum sogany

Ösümligiň düzümine alkaloidler, steroidler, flawonoidler, uglewodlar, efir ýagy, organiki turşular we B, C witaminleri girýär. Halk lukmançylygynda ösümligiň ýerasty we ýerüsti bölegi soguljanlaryň garşysyna, umumy berkidiji, buşukdyryjy, ýarany bitiriji, tonizirleýji we gakylyk goparyjy serişde hökmünde ulanylýar.

Berjaý edilmeli maslahatlar

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende, howa-damja ýollary bilen geçýär. Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Saglyk ulgamyndaky üstünlikler

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylan düýpli özgertmeler, beýik işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Taryhy özgertmeleriň hatarynda ýurdumyzda saglygy goraýşyň ilkinji halkasy kämilleşdirilip, maşgala lukmançylygy girizildi. Saglyk döwlet ätiýaçlandyrylmasy ornaşdyryldy, milli şypahana we derman senagaty ulgamlary uly ösüşlere eýe boldy. Daşary ýurtlardan getirilýän derman we saglyk maksatly serişdeleriň öwezini tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, täze döwrebap derman kärhanalary guruldy.

Saglygyň goragynda

Häzirki günlerde howanyň üýtgäp durýandygy sebäpli möwsümleýin ýokanç keselleriň döremek mümkinçiligi has artýar. Şonuň üçin her birimiziň saglygymyza has esewan bolmagymyz gerek. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Gözel tebigatymyz — melhem çeşmesi

Toýlary-toýlara, baýramlary-baýramlara ulaşýan eziz Diýarymyzda uly dabara bilen bellenilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasynyň, zehininiň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň täze XV jildiniň neşir edilmegi halkymyza nobatdaky baýramçylyk sowgady boldy. Alym Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy işi, ensiklopedik eseri ene topragyň melhemlik we dermanlyk baýlyklarynyň özboluşly beýany, baý tebigatymyza buýsanjyň nusgasydyr.

Güýzde saglygymyza jogapkärli çemeleşeliň!

Sagdyn iýmitleniň!

Sagdyn iýmitlenmek — bu ýaşaýyş üçin zerur maddalary we energiýany gerek bolan mukdarda almak üçin, ýokumly maddalaryň dogry kabul edilmegidir. Artykmaç iýmitlenmek ýa-da ýeterlikli iýmitlenmezlik hem howpludyr. Iýmit bilen bile, adamyň bedenine beloklar, ýaglar, uglewodlar we witaminler barýar. Peýdaly maddalaryň artykmaçlygy ýa-da ýetmezçiligi, adamyň saglygyna zeper ýetirýär. Kadaly iýmitlenmek hemme ýokanç däl dowamly keselleriň öňüni alýar. Sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny berjaý ediň:

Durky täzelenen hassahana

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, saglyk ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolunýar. Gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Öňden bar bolan hassahanalaryň we saglyk öýleriniň durky düýpgöter täzelenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ynsan saglygyny berkitmek, dikeltmek, hem-de gorap saklamak üçin beýik başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylýar.

Maslahatlara eýerip...

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Milli saglygy goraýşyň nobatdaky üstünligi

Ozal habar berlişi ýaly, öňňin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli «Arkadagyň ýola goýan saglyk sahawaty — bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, BMG-niň we onuň düzümleriniň ýurdumyzda hereket edýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ulgamyň işgärleri, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdy. Biz ulgamyň nobatdaky üstünligi hakda maslahata gatnaşyjylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň pikirlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Dmitriý ŞLAPAÇENKO,BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy:

Sagdyn nesil — sagdyn geljek

Röwşen geljegimiz bolan körpe nesli ählitaraplaýyn alada bilen gurşamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orun eýeleýär. Esasan-da, Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan kämil şahsyýetleri kemala getirmek, ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny gazanmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu hakykata gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan, gözellikde deňsiz-taýsyz Arkadag şäherindäki saglyk maksatly desgalaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Täzeliklere we täsinliklere baý şäher ýaşlaryň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem sahawatlylygyň şäheri hökmünde dünýäde barha uly abraýa eýe bolýar. Ekologik taýdan arassa «akylly» şäheriň gözel künjeginde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeldiş işlerini utgaşykly alyp barmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilipdir. Merkeziň kaşaň binasynyň daş-töweregine ekilen saýaly we pürli baglar, dürli güller, ol ýerde oturdylan türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň heýkelleri çagalarda gözel tebigata we baý haýwanat dünýäsine söýgi döredýär. Ol ýerdäki oýun meýdançalary, dürli maşklary etmek, surat çekmek, aýdym-saz, döredijilik bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler körpe nesliň akyl hem beden taýdan sagdyn ösmegine täsir edýär. Häzirki wagtda bu merkezde bolýan çagalar tejribeli

Türkmenistanyň lukmançylyk ulgamynyň üstünlikleri

Ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Bu waka mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Arkadagyň ýola goýan saglyk sahawaty — bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Baş maksat — ynsan saglygy

Ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak döwlet syýasatymyzda esasy ugurlaryň hatarynda durýar. Çünki Konstitusiýamyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şoňa görä-de, döwletimizde ilatymyzyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny düýpli kämilleşdirmek babatda giň gerimli we tutumly işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkara ölçeglere laýyk getirmek babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirildi. Netijede, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda uly we täze sepgitlere ýetildi. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, şypahanalar, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary, sport desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi ýokarlandyrylýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy baradaky hemmetaraplaýyn alada biziň baş maksadymyz bolup durýar. Çünki «Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet» diýlişi ýaly, diňe sagdyn jemgyýet kämil ösüşlere ýetip biler. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu ugurda belent ynsanperwerligiň nusgasydyr. Şu ýylyň 30-njy sentýabr

Göreşiň Watanynda kuraş baýramy

2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eden paýtagtymyz bäş ýyllyk arakesmeden soňra ýene-de sport jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwrülýär. Barmak büküp sanaýmalyja günlerden merjen paýtagtymyzda kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Kuraş — goňşy özbek halkynyň milli göreş sungaty hasaplanylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitlerinde kuraşa «ýaka göreşi» hem diýilýär. Ol Amyderýanyň ýakasyndaky obalardyr şäherlerde tutulýan toýlarda türkmen milli göreşi bilen deň derejede meşhurdyr.

Pasla görä geýniň!

Sagdynlyk durmuşy gözelleşdirýär. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Ellerimizi nahar iýmezden ozal we nahar iýlenden soň sabynlap ýuwmaly.

Buýanyň saglyga peýdasy

Sahy türkmen topragy dermanlyk ösümliklere juda baý. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti aýdyň beýan edilýär. Türkmen topragynyň müň bir derde derman ösümlikleriniň biri hem buýan hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň I tomunda bu dermanlyk ösümlik barada giňişleýin maglumat berilýär. Buýanyň dünýäde 15, Türkmenistanda 4 görnüşiniň (süýji buýan, tikenek buýan, buhara buýany, üç ýaprakly buýan) duş gelýändigi we il arasynda «süýji buýan» diýlip atlandyrylýandygy barada bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz buýan köküniň ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýändigini belleýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň güwänamasy — Türkmenistanyň lukmançylyk ulgamyndaky üstünlikleriniň nobatdaky ykrarnamasy

Ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Bu waka mynasybetli 6-njy noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Arkadagyň ýola goýan saglyk sahawaty — bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň güwänamasy — Türkmenistanyň lukmançylyk ulgamyndaky üstünlikleriniň nobatdaky ykrarnamasy

6-njy noýabrda ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Bu waka mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Arkadagyň ýola goýan saglyk sahawaty — bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň güwänamasy — Türkmenistanyň lukmançylyk ulgamyndaky üstünlikleriniň nobatdaky ykrarnamasy

Aşgabat, 6-njy noýabr (TDH). Ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Bu waka mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Arkadagyň ýola goýan saglyk sahawaty — bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.