Saglygyň goragynda

8 Noýabr 2023
507

Häzirki günlerde howanyň üýtgäp durýandygy sebäpli möwsümleýin ýokanç keselleriň döremek mümkinçiligi has artýar. Şonuň üçin her birimiziň saglygymyza has esewan bolmagymyz gerek.

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.