Buýanyň saglyga peýdasy

7 Noýabr 2023
750

Sahy türkmen topragy dermanlyk ösümliklere juda baý. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti aýdyň beýan edilýär. Türkmen topragynyň müň bir derde derman ösümlikleriniň biri hem buýan hasaplanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň I tomunda bu dermanlyk ösümlik barada giňişleýin maglumat berilýär. Buýanyň dünýäde 15, Türkmenistanda 4 görnüşiniň (süýji buýan, tikenek buýan, buhara buýany, üç ýaprakly buýan) duş gelýändigi we il arasynda «süýji buýan» diýlip atlandyrylýandygy barada bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz buýan köküniň ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýändigini belleýär.

Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.