"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Däp bo­lan dost­lu­ga yg­rar­ly­lyk

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldy. Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da hormatly Prezidentimiz «Igo­ra» gyş­ky sport oýun­la­ry top­lu­my­nyň Buz­ly köş­gü­ne bar­dy. Bu iri top­lum ýa­ryş­la­ry we tür­gen­le­şik­le­ri, dür­li de­re­je­li çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin kö­pu­gur­ly meý­dan­ça bo­lup dur­ýar. Onuň dü­zü­min­dä­ki Buz­ly köşk buz­ly meý­dan­ça­ny, mas­la­hat­lar za­ly­ny we beý­le­ki des­ga­la­ry özün­de jem­le­ýär.

Üns mer­ke­zin­de — aw­tos­port hem eko­lo­gi­ýa

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere gelip, onuň taslamalary bilen tanyşdy. Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Aw­to­mo­bil sport top­lu­my­nyň bi­na­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň taý­ýar­la­nan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ha­sa­ba­ty ka­bul edip, il­ki bi­len, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­ga­ty­ny, ösüm­lik dün­ýä­si­ni syn­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Aw­to­mo­bil sport top­lu­my bi­na edi­len­de, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na üns be­ril­me­li­dir.

Baş mak­sat — il sag­ly­gy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Bu ýer­de Mil­li Li­de­ri­miz gur­lu­şyk­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň gör­nüş­le­ri bi­len tan­şyp, ola­ryň on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy ba­bat­da bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni, gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri­niň uzak möh­let­le­ýin­lik, berk­lik şert­le­ri­ni özün­de jem­le­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Soň­ra luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ra­ma­gy­na tä­ze top­lu­myň bi­na­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry, en­jam­laş­dy­ry­lyş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri ba­ra­da­ky şe­kil tas­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di. Olar ba­ra­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri M.Mäm­me­dow we se­bit­de iň iri Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­ziň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp bar­ly­şy­na jo­gap­kär ýol­baş­çy N.Aman­ne­pe­sow ha­sa­bat ber­di.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 12-nji de­kabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Woz­rož­de­ni­ýe» tas­la­ma-gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Igor Bu­ka­to­ny ka­bul et­di.

«Akyl­ly» şä­he­riň şöh­ra­ty dün­ýä dol­ýar

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy.

Türk­menistan — Malaýziýa: ta­ry­hyň tä­ze sa­hy­pasy

Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 18-19-njy dekabrda bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary hem türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açdy. Sy­ýa­sy dia­lo­gy do­wam et­di­rip

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döwlet Baştutanymyzyň çuň ma­ny-maz­mun­ly bu ese­ri dur­muş ul­ga­my­nyň dür­li ugur­la­ryn­da aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan we eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ýan türk­men ýaş­la­ry­na ba­gyş­lan­ýar. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da çap­dan çy­kan we türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li üçin mö­hüm gol­lan­ma öw­rü­len bu ki­tap da­şa­ry döw­let­ler­de hem uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Onuň Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ösü­şin­de no­bat­da­ky mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Şeý­le hem bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ede­bi-fi­lo­so­fik ese­ri ter­ji­me edil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gahryman Arkadagymyzyň bu ki­ta­by şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da ýa­pon di­lin­de çap­dan çyk­dy.

San­ly dün­ýä­niň giň müm­kin­çi­lik­le­ri

Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de «Akyl­ly» şä­her: do­lan­dyr­mak, san­ly, «akyl­ly» we eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, howp­suz­ly­gy, yk­dy­sa­dy­ýe­ti» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de gu­ra­lan fo­ru­ma ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň alym­la­ry, Awst­ri­ýa­dan, Bang­la­deş­den, Be­la­rus­dan, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gru­zi­ýa­dan, Hin­dis­tan­dan, Hy­taý­dan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Ow­ga­nys­tan­dan, Pa­kis­tan­dan, Rus­si­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Öz­be­gis­tan­dan, Uk­rai­na­dan, Fi­lip­pin­ler­den, Şri-Lan­ka­dan, Efio­pi­ýa­dan, Ýa­po­ni­ýa­dan hü­när­men­ler, öň­de­ba­ry­jy da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň pu­dak­la­ryn­da san­ly ul­gam­lar, «akyl­ly» we «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lyp, eme­li aň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Se­bit­de de­ňi-t

Işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny iler­le­dip

Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Türk­men-ame­ri­kan işe­wür­lik mas­la­ha­tyn­da türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri şu ge­zek­ki sa­pa­ra ýur­du­myz­da ABŞ-nyň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­niň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ral­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Oňa gat­naş­mak üçin «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuar­tyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ame­ri­kan işe­wür­le­ri ýur­du­my­za gel­di. Çy­kyş­la­ryň do­wa­myn­da türk­men-ame­ri­kan gat­na­şyk­la­ry­nyň däp bo­lan dost­luk­ly hä­si­ýe­te eýe­di­gi nyg­tal­dy. Şol gat­na­şyk­lar deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Şun­da ta­rap­la­ryň söw­da, ma­ýa go­ýum işi, işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry tas­syk­la­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň äh­mi­ýet­li or­ny aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Çy­kyş eden­ler dün­ýä­niň iň oňat tej­ri­be­si­ni, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň çek­me­giň ha­sa­by­na yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek stra­te­gi­ýa­sy­ny ama­la aşyr­ýan Türk­me­nis­ta­nyň ne­ti­je­li hyz­mat­

Oňyn tej­ri­be­ler tä­ze tas­la­ma­la­ra ýol aç­ýar

Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-ýa­pon ko­mi­te­ti­niň 15-nji mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin «ITOCHU Cor­po­ra­tion» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­sy, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji wi­se-pre­zi­den­ti, ma­şyn we en­jam­lar kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti, bu ko­mi­te­tiň ýa­pon bö­le­gi­niň baş­ly­gy Hi­ro­ýu­ki Su­ba­ýyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Ýa­po­ni­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň uly we­ki­li­ýe­ti ýur­du­my­za gel­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar döw­le­ta­ra dia­lo­gyň tä­ze tap­gy­ryn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­ny, ma­li­ýe-ma­ýa go­ýum gat­na­şyk­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar, önüm­çi­lik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Fo­ru­ma iki ýur­duň dür­li mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry, iki ta­rap­dan hem işe­wür­lik dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we­kil­çi­lik et­di.

Af­ri­ka yk­ly­myn­da be­ýik Py­ra­ga sar­pa

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ýer ýü­zü­niň çar kün­je­gin­de — Azi­ýa, Ýew­ro­pa, Ame­ri­ka yk­lym­la­ryn­da dür­li maz­mun­ly çä­re­le­riň 170-e go­la­ýy ge­çi­ril­di. Şa­hy­ryň gym­mat­ly mi­ra­sy ÝU­NES­KO, TÜRK­SOÝ ýa­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­riň hem üns mer­ke­zin­de bol­dy. Şan­ly ýy­lyň ahyr­ky gün­le­rin­de-de türk­men hal­ky­nyň be­ýik og­lu­nyň ady ýe­ne bir tä­ze meý­dan­ça­da — Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ICESCO) ştab-kwar­ti­ra­syn­da ýaň­lan­dy. Go­laý­da şol ýer­de ge­çi­ri­len çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry M.Bä­şi­mo­wa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet Ma­rok­ko Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Ra­bat şä­he­rin­de iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ÝU­NES­KO) adam­za­dyň mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýe­ti­ni go­ra­mak, öw­ren­mek, wa­gyz et­mek ba­bat­da tu­tuş dün­ýä de­re­je­sin­de iş alyp bar­ýan iň esa­sy dü­züm ha­sap­lan­ýar. Tür­ki gi­ňiş­lik­de bu we­zi­pä­ni Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) ýe­ri­ne ýe­tir­se, mu­sul­man dün­ýä­sin­de Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­

Goň­şy ýur­duň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si

Paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Iran Ag­ro­food» at­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si, şeý­le hem onuň çäk­le­rin­de Türk­men-eý­ran işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Eý­ra­nyň döw­let hem-de söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry­nyň, oba ho­ja­lyk, azyk we gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ryn­da, hi­mi­ki we gap­la­ýyş önüm­çi­li­gin­de, lo­gis­ti­ka, bank, söw­da, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 60-a go­la­ýy­nyň we­kil­le­ri bar.

«Ar­ka­dag» — Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy­nyň eýe­si!

«Ar­ka­dag» to­pa­ry­nyň fut­bol­çy­la­ry möw­sü­miň do­wa­myn­da üçün­ji baý­ra­gy­ny ga­zan­dy­lar. Arkadag şä­he­ri­niň ady­bir to­pa­ry ýur­du­my­zyň Ýo­ka­ry li­ga­syn­da­ky çem­pion­ly­gy­nyň, Naý­ba­şy Ku­bo­gy­nyň üs­tü­ni ýur­du­my­zyň Ku­bo­gy bi­len ýe­tir­di. Bu to­par «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da «Aha­ly» 1:0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. To­pa­ra ýe­ňiş ge­ti­ren go­ly oý­nuň 45-nji mi­nu­tyn­da Be­genç Ak­mäm­me­dow ge­çir­di. 2023-nji ýy­lyň ba­şyn­da dö­re­di­len «Ar­ka­dag» to­pa­ry­nyň Ku­bok bäs­le­şi­gin­de bas­syr ikin­ji ýyl ýe­ňiş ga­za­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ge­çen möw­süm ge­çi­ri­len fi­nal du­şu­şy­gyn­da bu to­par «Aha­ly» 3:0 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy.

Türk­me­nis­tan Tä­ze ýy­ly gar­şy­la­ýar

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çen 2024-nji ýyl üs­tün­lik­li ta­mam­la­nyp bar­ýar. Şu gün­ler Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ag­zy­bir hal­ky Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň şöh­rat­ly iş­le­ri­ni do­wa­ma­ta atar­jak tä­ze, 2025-nji ýy­ly gar­şy­la­ma­ga ulu­dan taý­ýar­lyk gör­ýär. Ýur­du­my­zyň Baş ar­ça­sy­nyň dür­li yşyk­lar­da ýal­kym saç­ma­gy bol­sa uzak ga­ra­şy­lan, hem­me­ler üçin ýa­kym­ly Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň da­ba­ra­la­ry­na öz­bo­luş­ly ba­dal­ga bol­dy. Asyl­ly dä­be gö­rä, her ýyl paý­tag­ty­myz­da­ky «Älem» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da giň ge­rim­li da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Se­kiz­burç­ly ýyl­dyz we «2025» ýaz­gy bi­len be­ze­len, köp san­ly kü­müş­söw gar­ja­gaz­lar­da, dür­li öwüş­gin­dä­ki yşyk­lar­da ýal­kym saç­ýan Baş ar­ça­nyň be­ýik­li­gi 44 met­re, ini bol­sa 16 met­re deň­dir. 15-nji de­kabr­da kör­pe­le­riň is­le­gi bo­ýun­ça Aýaz­ba­ba­nyň ja­dy­ly ta­ýa­gy­nyň kö­me­gi bi­len owa­dan be­ze­len ar­ça­nyň yşyk­la­ry ýa­kyl­dy. Şol pur­sat ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da­ky şä­her­le­riň baş meý­dan­ça­la­ryn­da gur­na­lan Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry­nyň äh­li­si hem ja­dy­ly yşyk­lar­da ýal­kym saç­dy. Bu ýer­ler­de-de kö­pö­wüş­gin­li baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, aý­dym­dyr saz­lar be­lent­

«Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy» yg­lan edil­di

Türk­me­nis­ta­nyň Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li dra­ma teat­ryn­da ge­çi­ri­len «Ýylyň parlak ýyldyzy» at­ly aý­dym-saz bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry Tä­ze ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da­ky däp bo­lan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň mak­sat­na­ma­sy­nyň aja­ýyp wa­ka­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hem-de Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan şu ge­zek­ki bäs­le­şi­ge ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­dan, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­den to­ma­şa­çy­lar köp­çü­li­gi­niň öňün­de öz us­sat­ly­gy­ny gör­kez­mek is­le­ýän 17 — 35 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ze­hin­li ýaş est­ra­da aý­dym­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi bir­nä­çe saý­la­ma tap­gyr­lar­da ge­çi­ril­di. Des­lap­ky tap­gyr­la­ryň do­wa­myn­da emin ag­za­la­ry bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan­la­ryň için­den has ta­pa­wut­la­nan, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­lik us­sat­ly­gy bo­lan, to­ma­şa­çy­la­ryň söý­gü­si­ni ga­za­nan, te­le­to­ma­şa­çy­la­ryň we ra­dio­diň­leý­ji­le­riň has köp se­si­ni top­lan ýaş­la­ry se­çip al­dy­lar. Ola­ryň kö­pü­si eý­ýäm Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­ýän dür­li fes­ti­wal­lar­da çy­kyş edip, tej­ri­be top­la­dy­lar. Bäs­le­şi­giň no­bat­da­ky tap­gy­ry baş baý­ra­

Ta­gal­la­lar — Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 9-njy de­kabr­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, kon­sul­lyk eda­ra­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýa­nyn­da­ky we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň ba­şyn­da12-nji de­kabr­da uly baý­ra­myň — Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň bel­le­ni­lip ge­çil­jek­di­gi­ni aýt­dy hem-de ýyg­na­nan­la­ry we äh­li hal­ky­my­zy bu şan­ly se­ne bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Şeý­le-de hormatly Prezidentimiz asyl­ly dä­be eýe­rip, iş ke­si­len 276 ra­ýa­tyň Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li gü­nä­si­ni geç­mek ba­ra­da­ky Per­ma­na gol çek­di.

Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler; gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler; onuň serişdeleriniň sarp edilişi; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan görlen çäreler hakynda hasabatlar diňlenildi we beýleki degişli soraglara seredildi. Mej­li­se mü­di­ri­ýe­tiň ag­za­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa gat­naş­dy­lar. Mej­li­siň do­wa­myn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ge­çen dö­wür­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri, öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da çy­kyş et­mek üçin, gaz­na­nyň wi­se-pre­zi­den­ti R.Ba­za­ro­wa söz ber­di.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 29-njy no­ýabr­da we 6-njy de­kabr­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sleri­ni ge­çir­di.

Döwletli ýol dowamat-dowam

Gök­de­pe met­ji­din­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gat­naş­ma­gyn­da ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň mu­kad­des Kä­bä zy­ýa­rat et­me­gi­niň hor­ma­ty­na sa­da­ka be­ril­di. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň, maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­nyň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny bol­dy. Aw­tou­lag­da Gök­de­pe met­ji­di­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça ge­len­le­rin­de, hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz sa­da­ka gat­na­şy­jy­lar ta­ra­pyn­dan mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy.

Asylly ýörelgelere eýerip

10-njy de­kabr­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýaşulusy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň me­se­le­le­ri­ne, we­la­ýat­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy­na ga­ral­dy. Mej­li­siň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň iş do­lan­dy­ry­jy­sy R.Ba­za­row hä­zir­ki dö­wür­de Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň alyp bar­ýan iş­le­ri, bu ba­bat­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler, ola­ry üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ugur­la­ry ha­kyn­da aý­dyp, we­la­ýat­la­ryň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­nyň ilat ara­syn­da ge­çir­ýän wa­gyz-ne­si­hat­lar, baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.