"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Dost-doganlyk. Hoşniýetli goňşuçylyk. Ynsanperwerlik

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Garaşsyz ösüşimiziň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypalary açýan taryhy ähmiýetli wakalarda Milli Liderimiziň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýa öz beýanyny tapýar. 11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary hem bu hak

Innowasion gurluşyk taslamalary amala aşyrylýar

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Ir bilen täze şäherde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy uly hormat bilen garşyladylar hem-de häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Ady dünýä dolýan «akylly» şäher

Halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» atly baş baýraga; «Daşary ýurt «akylly» şäheri»; «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly halkara baýraklara mynasyp bolandygy baradaky hoş habar Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan kemala gelen täze şäheriň halkara derejedäki ykrarnamasy bolup kalplara doldy. «World Smart City Expo» sergisine Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, birnäçe döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Tailand Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň we Ysraýyl Döwletiniň wekilleri gatnaşdylar. Jemi 116 pawilýony özünde jemlän gözden geçirilişe ministrler, ministrleriň orunbasarlary, welaýat häkimleri derejesinde 60-dan gowrak ýurduň wekilleri synçy hökmünde gatnaşdylar.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 30-njy awgustda we 6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlislerini geçirdi. Olarda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

«Biziň ýolumyz — döretmek we gurmak ýoly»

Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilipdi.

Sport arkaly dostluk köprülerini berkidip

Şu günler Gazagystan Respublikasynda «Ymgyr sähradaky duşuşyk» şygary astynda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary dowam edýär. 8-nji sentýabrda onuň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurtda iş saparynda boldy. 8-nji sentýabrda «Akorda» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini we ony has-da ösdürmäge çalşylýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Giň gerimli işewürlik çäreleri

Türkmenistanyň maýa goýum we tehnologik mümkinçiliklerini açyp görkezdi Garaşsyz Türkmenistanda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Milli ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Bu hakykat 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hem-de ugurdaş sergide, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergide hem nobatdaky gezek öz beýanyny tapdy. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Magtymgulynyň adyny göterýän täze mekdep

türkmen-täjik dost-doganlygyndan nyşandyr Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.

«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» pars dilinde

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäginde dostlukly ýurduň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyň sowgat berlendigi bellenildi. Munuň özi taryhy ähmiýetli wakadyr. Gahryman Arkadagymyza berlen bu sowgat eseriň dünýä halklary üçin ähmiýetlidigini görkezýär. Onda Milli Liderimiziň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoly, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri açylyp görkezilýär.

BMG-niň meýdançasynda sport diplomatiýasyny ilerledip

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminama sessiýanyň gün tertibiniň «Sport ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna: sport we Olimpiýa ideallary arkaly parahatçylygy berkitmek hem-de planetada has bagtyýar durmuşy gurmak» atly bendi esasynda kabul edildi.

«Ýaňlan, Diýarym!» — ýaş zehinleriň sungat baýramçylygy

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi zehinli ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň guramaçysy bolup çykyş etdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden ýaş artistleri bir ýere jemleýän bu bäsleşik olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, halkymyzyň baý ruhy mirasyna, aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna şert döredýär. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Abraýly festiwaldaky üstünlik

Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Şark taronalari» («Gündogar sazlary») XIII halkara aýdym-saz festiwalynda Türkmenistanyň sungat ussatlary üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna we bäsleşigi guraýjylaryň pul baýragyna mynasyp boldular. Dünýäniň 80-e golaý ýurdundan 400 töweregi artistiň gatnaşmagynda geçirilen halkara festiwalda ildeşlerimiziň gazanan üstünligi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ajaýyp toý sowgady boldy. Halkara aýdym-saz festiwalyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandasy, Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Sapamyrat Annamyradow we Döwlet Daňatarow, şeýle hem şol ýokary okuw mekdebiniň talyby Allamyrat Muhammetgulyýew dagy gatnaşdy.

Kikboksçulardan 5 medal

Türkmenistanly ýetginjek kikboksçular Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen çempionatda bir altyn, bir kümüş we üç sany bürünç medala mynasyp boldular. Dünýä çempionaty 70-e golaý döwletden 3100-den gowrak türgeni özünde jemledi. Ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysyna bolsa 17 türgen wekilçilik etdi. Şolardan bäş türgenimiz kikboksuň «kik-laýt» we «full-kontakt» görnüşleri boýunça üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşda 37 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jasurbek Ahmedow geçiren dört tutluşygynyň ählisinde ýeňiş gazanyp, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykyp, öz agram derejesinde dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Türkmen ýygyndysynyň kümüş medalyny 51 kilograma çenli agram derejesinde Serdar Bekenow gazandy. Ol dünýä çempionatynyň dowamynda güýçli garşydaşlarynyň üçüsinden üstün çykdy. Ymamguly Rejebow, Salamathan Baltaýew we Nepes Bäşimow bolsa üçünji orundan paýly boldular.

Garaşsyz Watanymyzyň ýaşajyk uçgunlary

6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň

Berkararlyk. Jebislik. Rowaçlyk

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Häzirki günlerde ýurdumyzda bu umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Halk we­kil­çi­li­gi, onuň ge­lip çy­ky­şy, ta­ry­hy kök­le­ri ga­dy­my­dyr. Hal­ky­myz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­di­rip, halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň hä­zir­ki za­man mil­li nus­ga­sy­ny dö­ret­di. Bu ýol dün­ýä tej­ri­be­si­niň ga­za­nan­la­ry­ny, mil­li däp­le­ri we ýö­rel­ge­le­ri özün­de jem­le­di. Kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyň çeş­me­le­ri­ne, hu­kuk tej­ri­be­le­ri­ne esas­la­nyp, türk­men hal­ky adam­zat paý­ha­sy­nyň, dün­ýä ösü­şi­niň ýo­lu­ny saý­lap al­dy. Hä­zir­ki wagt­da döw­le­ti do­lan­dyr­ma­gyň sy­ýa­sy-hu­kuk bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň mil­li däp-des­sur­la­ry­ny, adat­la­ry­ny, dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­tiň hä­zir­ki za­man nus­ga­sy­nyň öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.

Adam­la­ryň sag­ly­gy — äh­li zat­dan ile­ri

Hä­zir­ki wagt­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri­niň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň şy­pa­ha­na ul­ga­my­nyň dü­züm­le­ri­niň işi­ni döw­re­bap de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mek, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, hyz­mat­la­ryň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň zäh­met rug­sa­dy wag­tyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­byn­da­ky «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da bo­lup, onuň çä­gin­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän we dur­ky tä­ze­le­nil­ýän bi­na­la­ryň tas­la­ma­la­ry, şy­pa­ha­na­nyň be­je­riş dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­ma­gy hem mu­nuň şeý­le­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ra­ma­gy­na şy­pa­ha­na­nyň çä­gin­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň şe­kil tas­la­ma­la­ry we ozal bar bo­lan des­ga­la­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­me­giň ugur­la­ry, de­giş­li dü­züm­le­riň ýer­leş­ýän ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry gör­ke­zil­

«Akyl­ly» şä­her Ar­ka­da­gy­my­zyň üns mer­ke­zin­de

27-nji aw­gust­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ar­ka­dag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň alyp bar­ýan işi, şä­he­ri mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler bi­len gy­zyk­lan­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki ştab-kwar­ti­ra­syn­da bo­lup, bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň iş do­lan­dy­ry­jy­sy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti R.Ba­za­ro­wyň, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýa­nyn­da­ky Arkadag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zo­wyň, şä­he­riň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa­nyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň di­rek­to­ry M.Ökü­zo­wa­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da şu ýy­lyň do­wa­myn­da de­giş­li dü­züm­ler bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem-de öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da iş

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 26-njy aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «Dra­gon Oil» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Sa­ýed Al Ta­ýe­ri ka­bul et­di.

TÜRK­ME­NIS­TAN — EÝ­RAN: ga­dy­my gat­na­şyk­lar hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ýar

Asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi dost­luk­ly döw­let­le­riň öň­den gel­ýän hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry, hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ke­ýän­di­gi bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Goň­şy ýurt­lar, şol san­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­mak Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan we hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. 28-nji aw­gust­da Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Pre­zi­dent Ma­sud Pe­zeş­kian hem-de Be­ýik ru­hy li­der Aýa­tol­la Se­ýed Ali Ho­seý­ni Ha­me­ne­ýi bi­len ge­çi­ren gep­le­şik­le­ri bu dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Şol gün Gah­ry­man Arkadagymyzyň «Saa­da­bad» top­lu­my­nyň «Jum­hu­ri» köş­gün­de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­kian bi­len çäk­li dü­züm­de du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Eý­ra­nyň Baş­tu­ta­ny türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowy mä­hir­li mü­bä­rek­läp we Eý­ra­na sa­par bi­len gel­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk

Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan — bi­ziň be­ýik döw­le­ti­miz

1991-nji ýy­lyň güý­zün­de dün­ýä­niň sy­ýa­sy kar­ta­syn­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti peý­da bol­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň iň tä­ze ta­ry­hy, bi­ziň ösüş­le­ri­miz we üs­tün­lik­le­ri­miz dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan baş­lan­ýar. Ge­çen 33 ýy­la go­laý döw­rüň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da dün­ýä ýaň sa­lan ägirt uly iş­ler bi­ti­ri­lip, äh­li ugur­lar­da asyr­la­ra ba­ra­bar ýol ge­çil­di. Mu­nuň özi eziz Di­ýa­ry­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň tä­ze sep­git­le­ri­ne ta­rap yzy­gi­der­li öňe bar­ýan­dy­gy­ny, onuň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. 1990-njy ýy­lyň 22-nji aw­gus­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň döw­let özyg­ty­ýar­ly­ly­gy ha­kyn­da Jar­na­ma ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma ýur­duň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ösü­şi­niň mö­hüm esa­sy, baş­lan­gy­jy bol­dy, ýur­du­my­zyň äh­li çäk­le­rin­de hal­kyň öz döw­let­li­li­gi­ni, öz hök­mü­ro­wan­ly­gy­ny ga­zan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­di. Özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň döw­le­te içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­da do­ly ga­raş­syz­lyk ber­ýän­di­gi düş­nük­li­dir. Bu Jar­na­ma türk­men hal­ky­nyň döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýe­ke-täk eýe­si­di­gi­ni yg­lan eden res­mi­na­ma bol­dy. Ol ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de äh­li ýe­riň, ýe­ras­ty baý­lyk­la­ryň, ho­wa gi­ňiş­li­gi­niň, su­wuň we beý­le­ki gym­mat­lyk­la­ryň türk­men hal­ky