Şadyýan wäşiler

8 Aprel 2024
384

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döredijilik işgärleriniň öňünde goýlan meýilnama laýyklykda, şeýle-de tomaşaçylaryň ruhy isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň medeni dynç alyş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary Balkan welaýat döwlet drama teatrynda we  Gyzylarbat etrabynyň medeniýet öýünde «Şadyýan wäşiler» atly aýdym-sazly gülküli sahnalary bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň halk artisti Haýytmyrat Durdyýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämmetýazowanyň, şeýle-de sahna ussady Aşyr Mämmedowyň, ýaş artistler Azat Didarowyň, Jahan Baýramdurdyýewanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren degişme sahnalary, aýdym-sazly çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Munuň şeýledigini teatr artistleriniň taýýarlan gülküli çykyşlarynyň şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanmagy hem subut etdi.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
«Balkan».