Asyrlaryň aýdymy: türkmen-täjik dostlugy

4 Aprel 2024
495

Türkmen-täjik halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Dostluk barada täjik şahyry Abu Abdylla Rudaky: «Jahanyň şatlygy toplansa bütin, // Dostlar didaryndan bolmaz ol üstün» diýse, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy: «Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme, // Barsaň depesine täç eder seni» diýýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiz we sungatymyz, Magtymguly Pyragynyň umman paýhasly şygryýeti goňşy we dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolup durýar.

Dostluga uly sarpa goýýan doganlyk ýurtda baharyň ajaýyp günlerinde medeniýetiň we sungatyň toýlary toýlanylýar, ýagny şu ýylyň 3-5-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleri geçirilýär.