Myhmanlara söz berýäris

12 Iýul 2023
750

Kubanyçbek OMURALIÝEW,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary:

— Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan çärelere ählimiz agzybirlikde gatnaşdyk. Döwrebap şäher hemmelerde uly täsir galdyrdy. Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan Arkadag şäherine «Türki dünýäniň ilkinji akylly şäheri» atly şahadatnamasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) bolsa «XXI asyryň şäheri» atly ýörite şahadatnamasynyň gowşurylmagy «akylly» şäheriň ähli talaplara laýyk gelýändigini görkezýär. Biz Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde ýaşaýyş jaýlara, saglygy goraýyş merkezlere, medeni ojaklara baryp gördük. Binalar daşky hem-de içki bezegleri boýunça «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk gelýär. Täze şäheriň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýazga geçiren Çaryguly HANJAÝEW,
žurnalist.