Şa serpaýynyň eýesi

14 Iýun 2023
1109

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 12-nji iýunynda uly ruhubelentlikde bellenen Ylymlar gününde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Şatlyk Kurbanow hem gatnaşyp, baýrakly 3-nji orny eýeläp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Harby talybymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi geljekki harby gullukçylaryň, diňe bir öz alýan hünär bilimi bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmakda ylmy barlaglary alyp barýandyklaryna şaýatlyk edýär. Ýeňijiler ýurdumyzyň ýaş nesli üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

Begli GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.