Täze ýoluň innowasion ulgamlary

10 Iýun 2024
332

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Döwrebap ýoluň nobatdaky tapgyrynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň sebitlerini bir-biri bilen baglanyşdyryp, ildeşlerimiziň has çalt we howpsuz hereket etmegine mümkinçilik döretdi. «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurulýan ýolda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasion tehnologiýalary we häzirki zaman ulgamlary peýdalanylýar.

Döwrebap ýoluň ugrunda hereketiň abadançylygyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertler bar. Ýolda ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolaklaryň döredilmegi, döwrebap elektron töleg terminallarynyň, wideogözegçilik enjamlarynyň, tizlik ölçeýjileriň, aragatnaşyk nokatlarynyň, innowasion yşyklandyryş sütünleriniň oturdylmagy, ýol hereketine gönükdiriji we salgy beriji ýol belgileriniň ýerleşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ähli amatlyklar bilen üpjün edilen myhmanhanalaryň, harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän söwda merkezleriniň, dynç alyş ýerleriniň, tagamlaryň dürli görnüşlerini taýýarlaýan naharhanalaryň, ýangyç guýujy beketleriň bolmagy täze ýolda sürüjiler we ýolagçylar üçin iň oňaýly şertleriň döredilendigini tassyklaýar.

Döwran ATAÝEW,
«Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň şahamçasynyň direktory.
Beýleki habarlar