Halkara ylmy maslahat: netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat

12 Iýun 2023
1155

Paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly iki günlük halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýär.

Halkara forum ylym ulgamynda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini, umuman, ýurdumyzyň innowasion ösüşini üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we goldawy arkaly guraldy. Maslahatyň açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan sergi guraldy. Onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň täze işläp taýýarlamalary, aýratyn-da, talyp ýaşlaryň gazanan üstünlikleri görkezildi. Uniwersitetiň mejlisler zalynda açylan maslahata ýurdumyzyň belli alymlary, Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş ylmy barlagçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň ençeme ýurdunyň ylmy düzümleriniň wekilleri goşuldylar. Şolaryň hatarynda Azerbaýjan, Täjigistan, Russiýa, Belarus, Wýetnam, Ermenistan, Türkiýe, Ýaponiýa we beýlekiler bar.

"Nesil".