Önümiň hili idege bagly

9 Maý 2023
1054

Ýurdumyzyň pile öndürijilerine piläniň ýokary hasylyny almak maksady bilen, yzygiderli zerur önümçilik şertleri döredilýär. Ýüpekçi kärendeçilere döwrebap zähmet çekmek üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde dokma senagatyna zerur çig mal bolup hyzmat edýän piläniň önümçiligi ýylsaýyn ýokarlanýar. Ýüpek gurçugynyň ýeke-täk iýmit çeşmesi bolan tut agajynyň ýapragynyň üpjünçiligini gazanmak, ýagny ýüpek gurçuklarynyň iýmit goruny döretmek maksady bilen, ýurdumyzda tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle-de tut agaçlarynyň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlary ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ýurdumyzda ýüpekçiligi ylmy esasda ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak babatynda hem möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde hem bu ugurda öndürijilikli zähmet çekjek ýaş ýüpekçi hünärmenler taýýarlanylýar. Talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimleri önümçilik işleri bilen utgaşykly ýagdaýda alnyp barylýar. Uniwersitetiň agroekologiýa fakultetiniň ýüpekçilik hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlary ýokary okuw mekdebiniň çäginde ýerleşýän ýüpekçilik tejribehanasynda ýüpek gurçuklarynyň tohumlarynyň janlandyrylýan döwründen başlap, pile sarym döwrüne çenli aralykda alnyp barylýan işleri professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda ylmy nukdaýnazardan öwrenýärler.

Myratberdi ÇOPANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.