Ýeralmanyň seçgiçilik işleri

23 Maý 2023
981

Ýeralma dünýä ýurtlarynda, şol sanda biziň ýurdumyzda hem ikinji çörek hasaplanylýar. Ýeralmadan ýa-da ýeralma goşulyp taýýarlanylýan tagamlar saçaklarymyzy bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyndan ugur alan edermen daýhanlarymyz ýeralmany öndürmegiň tilsimlerini doly öwrendiler we ýyl-ýyldan öndürilýän hasylyň mukdaryny artdyrýarlar. Ylmy edebiýatlarda berilýän maglumatlara görä, ýeralmanyň tohumçylygynyň ylmy esasda ýola goýulmagy onuň hasylynyň 30-45 göterim artdyrylmagyna, krahmal düzüminiň 1-2 göterim ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Ýeralmanyň tohumçylygynyň beýleki ekinleriňkiden, mysal üçin, bugdaýyňkydan, gowaçanyňkydan tapawutly ýeri, dänesinden ýa-da çigidinden däl-de, öz ýeralma klubenlerinden köpeldilýänligidir. Ýeralma biziň şertlerimizde gülleýän bolsa-da, däne bermeýär. Dünýä ýurtlarynyň hemmesinde diýen ýaly, ýeralmanyň tohumçylygy klubenleri seçip almak, nesil arassalygyny ýokary derejede saklamak arkaly alnyp barylýar. Tohumçylykda köpeltmek üçin ulanylýan ýeralma klubenlerini «tohum» diýlip, klubenleri saýlap almak usulyny bolsa «klon seçgi usuly» diýip atlandyrmak kabul edilendir.

Şamyrat AKMYRADOW,
oba hojalyk ylymlarynyň doktory.