"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

«Magtymguly diýip adym tutsalar...»

Pyragyň arzuwlan ajap eýýamy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda «Pyragyň arzuwlan zamany bolan, Garaşsyz, Bitarap ýurdum ajaýyp» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Ýaşlar — Watanyň kuwwaty

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar hakdaky aladanyň rowaçlyga beslenýändiginiň alamaty hökmünde buýsanjymyza buýsanç goşýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça öňde uly wezipeleriň durýandygyny nygtamak bilen, bu babatda birnäçe başlangyçlardyr teklipleri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasatyny has-da ösdürmek bilen bagly maslahatlary geçirmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl boljak mejlisine dürli ugurlar bilen bir hatarda, 2026 — 2052-nji ýyllarda ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny hödürlemegi teklip etdi. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlara Watanyň daýanjy, ýurduň ösüşiniň esasy sütünleriniň biri hökmünde garalýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny tassyklaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň medeni-köpçülik çärelerine gatnaşmagy, öz ýoluny döretmegi, zehinini kämilleşdirmegi, ylym-bilim babatda tejribe toplamagy, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Çünki ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylyma-bilime höweslendirmek

Jümle-jahan habarlary

Täze ýyl rekordy

Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Berkarar döwletimize şatlyk-şowhun paýlap gelen Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň bagtyýar çagalary üçin hem ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Welaýat häkimliginiň guramagynda «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde döwletli çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler.

Gündizleri — görkana, gijeleri — nurana

Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda Ýer ýüzünde beýik ösüşleriň, ajaýyp binagärligiň, parahatçylygyň we abadançylygyň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleri ýurdumyzyň sebitlerinde açylan häzirki zaman şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň ajaýyp keşbinde has-da aýdyň duýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Halkymyzyň beýik söýgüsine hem buýsanjyna beslenen, eziz hem mukaddeslik saýylan gymmatlyklar hemişe göwnüňi telwaslandyrýar, ylhamyňy joşdurýar. Paýtagtymyzyň tutuş çägini gurşap alan ýadygärlikler, suw çüwdürimleri, dynç alyş meýdançalary gözel şäherimiziň binagärlik aýratynlyklaryny has-da baýlaşdyrmak bilen birlikde, türkmen döwletiniň kuwwatyny hem dabaralandyrýar. Ajaýyp binalaryň töwereginiň dürli güller, täsin baglar, seýilgähler bilen bezelişi bolsa ýaşaýşa bolan höwesimizi artdyryp, ruhyňy belende galdyrýar. Ak şäherimiziň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, gök baglara, ter güllere beslenip durşy göwünleri galkyndyrýar, joşgunly zähmet çekmäge, yhlasly okamaga höweslendirip, her birimize lezzet eçilýär. Paýtagtymyzyň adyny göterýän «Aşgabat» seýilgähi hem arassa we jana tenekar howasy, gyşyn-ýazyn gök öwüsýän agaçlary bilen bu ýere dynç almaga gelýän raýatlaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Ş

01 duýdurýar!

Düzgünleri berjaý edeliň! Täze ýyl her bir adama şadyýanlyk, bagtyýarlyk eçilýän maşgala baýramy. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek bolsa jan saglygyňyzyň we baýramçylyk ruhubelentliginiň kepilidir. Welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümi Täze ýyl mynasybetli edara-kärhanalarda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda baýramçylyk arçasy gurnalanda, dabaraly baýramçylyk çäreleri geçirilende ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmelidigini ýatladýar.

Rysgally ýyl

Halkymyzyň müçe hasaby boýunça bosagada duran 2025-nji ýyl ýylan ýylydyr. Halk hakydasynda: «Ýylan ýylyny ýaman görseň, ýylky alnyňdadyr» diýen bir aýtgy bar. Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak babatdaky ýaşaýyş-durmuş terzi, ençeme ýyllyk tejribesi, synçylygy bilen baglanyşykly dörän bu aýtgyda ýylan, ýylky ýyllarynyň gyş paslynyň biraz aýazly boljakdygyna ýaňzydylýar. Emma «Gyşy gyş bolmadygyň, ýazy ýaz bolmaz» diýen pähimi hem ýatdan çykarmak bolmaz. Ýylan ýyly rysgal-bereketli ýyllaryň biri bolar. Dünýä halklarynyň aglabasynyň halk döredijiligine dahylly eserlerde ýylan genji-hazynanyň goragçysy hökmünde teswirlenýär. Köneden galan yryma görä, ata-babalarymyz öýe ýylanyň girmegini hem gowulyga ýorup, oňa kast etmän, çeträk bir ýere goýberip gaýdypdyrlar. Eger öýe giren ak ýylan bolsa oňa süýt hödür edilip, özi çykyp gidýänçä el degirmändirler. Öýe giren ýylan geljek rysgal-döwletiň alamaty saýylypdyr.

Döwletli desgalaryň ýalkymy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gözel paýtagtymyzda bina edilýän desgalary, şaýollary, ýaşaýyş toplumlaryny, seýilgähleri, şeýle hem beýleki medeni-durmuş maksatly binalary synlanyňda, bitirilýän beýik işlere bolan buýsanjyň goşalanýar. Yzygiderli gurulýan binalaryň sany gün-günden artyp, şäheriň gözelligine görk goşýar. Bu günki gün ak şäherimiz Aşgabat öňküden-de gözel keşbe girdi. Ine, hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy ýetip gelýär, toý lybasyny geýen paýtagtymyzyň şaýollarynyň, seýilgähleriniň, dynç alyş merkezleriniň täsin bezegleri göwnüňi galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ata Watanymyzda agzybir, zähmetsöýer halkymyz ähli baýramçylyklary ruhubelentlikde toýlaýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki gözleri gamaşdyrýan, dürli öwüşginli yşyklandyryjylar bilen bezelen Täze ýyl arçasy her bir ynsanyň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar. Dürli öwüşginli çyralar, täsin oýnawaçlar bilen bezelen arçalar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Täsin bezelen, owadan arçalar geçip barýan ýyla hoşallyk, geljek ýyla bolsa badalga berýär.

Siziň baýramçylyk saçagyňyza!

Tokly tamdyrlamasy Gerekli önümler:

Hyrydarly harytlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek baradaky tagallalary uly rowaçlyklara beslenýär. Täze ýylyň öňüsyrasynda bazara gelýän alyjylara bereket-bolçulygy alamatlandyrýan ýokary hilli önümlerdir harytlar hödürlenilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki ak bazarlaryň we dükanlaryň haryt bolçulygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu günler mähriban halkymyz Täze — 2025-nji ýyly uly zähmet sowgatlary bilen garşylamaga uludan taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda berekede beslenýän ak bazarlara we dükanlara baranyňda daýhanlarymyzyň bereketli türkmen topragynda ýetişdiren, ekologik taýdan arassa gök-bakja önümleriniň, olaryň gaýtadan işlenen görnüşleriniň, et, balyk, süýt we çörek önümleriniň, şeýle-de senagat harytlarynyň dürli görnüşleriniň elýeterli bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Ak bazarlara baranyňda eşidilýän, «Gökderäniň almasy», «Bagyr obasynyň narpyzy, reýhan oty», «Gökdepäniň gök önümleri», «Nohuryň pomidory», «Baharlynyň garpyzy», «Garrygalanyň nary, hozy, injiri ýa-da böwürsleni», «Gäwersiň üzümi ýa-da garpyzy», «Tejeniň waharmany», «Lebabyň gülabysy», «Köýtendagyň arnaby», «Daşoguzyň garrygyz gawuny», «Sarahsyň pissesi» ýaly mahabat sözleri türkmen topragynyň berekedine bolan ýürekleriň töründäki buýsanjy oýarýar» diýip nygtalýar.

Giň dünýäniň geň habarlary

Ýylyň reňki Täze ýylyň öň ýanynda Halkara «Pantone» institutynyň hünärmenleriniň gelen netijesine görä, «Mocha Mousse», ýagny «Mokka kofesiniň goýaltmasy» diýip atlandyrylan reňk öwüşgini ýylyň esasy reňki hökmünde yglan edildi. Goňur reňkiň adaty bolmadyk täsin öwüşgini inçe duýguçyllygyň we aňrybaş kaşaňlygyň sazlaşygyny özünde şöhlelendirýär. Institutyň kesgitleýän reňkine bütin ýylyň dowamynda dünýäniň nysak äleminde aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen bir hatarda, institut tarapyndan ýylyň reňkine berilýän at hem bütin ýylyň ruhy halatyny, ylhamyny alamatlandyrýar.

Netijeler seljerildi

Golaýda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň medeniýet öýünde 2024-nji okuw ýylynda terbiýeçilik ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemlemek hem-de 2025-nji okuw ýylynda esasy çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda harby tertip-düzgünini berk berjaý etmek, şahsy düzüm bilen geçirilýän gumanitar taýýarlyk dersinden okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmak, terbiýeçilik agşamlaryny, medeni-dynç alyş çärelerini gyzykly geçirmek, harby gullukçylaryň arasynda jebisligi, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyrmak maksady bilen, okuw-usulyýet ýygny guraldy. Bu ýygynda 2024-nji okuw ýylynyň dowamynda geçirilen işlere işjeň gatnaşan terbiýeçi serkerdeler, maýorlar Azat Hydyrow, Azat Berdiýew, kapitanlar Aman Jumaýew, Bektemir Öwezow dagy harby bölümiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlaryna we ýörite sowgatlara mynasyp boldular. Begmyrat WELSAHATOW, maýor.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21. 03-20. 04) Geljek hepdede hamallar iş meselesinde özleriniň ugurtapyjy ukyplaryny ussatlyk bilen ulanarlar. Işleýän ugurlaryňyzda köpsanly mümkinçilikler dörär. Ýöne işiň ähli meselelerini ýekelikde çözmäge synanyşmak biraz köp wagtyňyzy alyp biler. Şonuň üçin gerek ýerinde işdeş ýoldaşlaryňyz bilen hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutuň.

Ätiýaçlandyryş kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň netijesinde halk hojalygynda düýpli özgertmeler bolup geçýär, tutuş ýurt ösüşlere beslenýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryndaky beýik ösüşler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny şertlendirýär. Berkarar Diýarymyzda gazanylýan ösüşlere, özgertmelere Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Ätiýaçlandyryşyň hereket edýän düzgünleri we kadalary döwrüň talabyna laýyk gelmegi üçin elmydama kämilleşdirilýär we ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleri işlenip taýýarlanýar. Ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň nyrh möçberleriniň elýeterli bolmagy üçin ähli zerur işler geçirilýär. Halkymyzyň durmuşynda göz öňüne tutulmadyk, tötänleýin, duýdansyz ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleriň öňüni almakda, özüniň wezipesi boýunça ýüze çykýan ýitgileriniň (zelelleriň) öwezini dolmakda ätiýaçlandyryşyň hyzmaty uludyr. Şular esasynda, döwlet ätiýaçlandyryş guramalary ýuridik şahslara işgärleriniň saglyklaryny goramak maksady bilen, «Ýuridik şahslaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş» hyzmaty hem hödürlenýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyla çenli we bir ýyldan hem köp möhletlere baglaşylyp bilinýär.

Watana söýgi — iň beýik duýgy

Häzirki döwürde çagyryş boýunça harby gulluga täze kabul edilen ýurdumyzyň raýatlaryny gullugymyzyň düzümlerinde garşylamak dabaralary hem giň gerime eýe bolýar. Oňa tejribeli serkerdeler gatnaşýarlar we ýaş esgerlere Watan goragynda üstünlikleri, sag-aman mähriban ojaklaryna gowuşmaklaryny arzuwlaýarlar. Harby gullugyň ýaňy bosagasyndan ätlän ýigitleri mynasyp garşylamak, olar bilen harby durmuş barada tanyşlyk, harby bölümiň geçen şöhratly ýoluny gürrüň bermek we beýleki geçirilýän terbiýeçilik ähmiýetli çäreler ýurt goragçylarymyzyň watançylyk duýgularyny has-da artdyrýar. Şol maksat esasynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowanyň we ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Watandyr ýigitler, başymyzyň täji!» atly wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çagyryş boýunça harby gullukçylara ýurt goragynyň mukaddesligi we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty, harby gullukçylar üçin okamaga, öwrenmäge, eziz Diýarymyza wepaly gulluk etmäge döredip berýän mümkinçilikleri, her bir ýigidiň durmuşynda harby gullugyň tutýan orny barada berlen gürrüňler ýaş esgerlerde uly täsir galdyrdy.

Berjaý edilmeli düzgünler

Mähriban ildeşler! Durmuşymyzyň asudalygyny, howpsuzlygyny kepillendirmek hem-de ýaşaýyş-edara jaýlarynda ulanylýan gaz bilen işleýän enjamlarynyň gurnalyşy, ulanylyşy we beýleki howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilişi barada, şulary ýatladyp, maslahat bilen ýüzlenmegi makul bildik. Ýaşaýyş-edara jaýlarynda gaz bilen işleýän enjamlaryň oturdylan otagynyň penjiresinde otagyň howasyny çalyşmak üçin ýörite açylýan gözi bolup, gaz enjamynyň ýokarky böleginde bolsa howa çekiji saýawan oturdylmaly. Gaz enjamyny ulanýan raýatlar, bu enjamyň howruny çykarýan hem-de howa çalyşýan ulgamynyň tehniki taýdan saz işlemegine gözegçilik edip, öz wagtynda ýag siňmelerden we gurumlardan arassalap durmaly. Gaz bilen işleýän enjamy işe girizmezden öň hem-de onuň işleýän wagty saýawanyň howa çekijilik ukybyny barlamaga, gaz bilen işleýän enjamy ulanmazdan öň, onuň ojaklarynyň ýanyjylyk ukybynyň sazdygyna seretmäge, tüsse çykarýan abzallarynyň gurumlaryny öz wagtynda arassalamaga, enjam ulanylandan soň, gaz akdyryjynyň nurbatyny ýapmaga, gazyň ysy duýulanda gazlaşmadyk ýerden Gaz hojalyk gullugyna telefon arkaly 04 belgä habar bermäge, elektrik togunyň akymyny öçürmäge, açyk oduň hem-de uçgun berijileriň ulanylmagyny doly gadagan etmäge borçludyrlar.

Parahatçylygyň ygtybarly daýanjy

Golaýda Türkmenistanyň Serhet institutynda professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we harby talyplaryň gatnaşmagynda «Parahatçylygyň ygtybarly daýanjy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty hem-de türkmen halkynyň taryhyny, milli we ruhy gymmatlyklaryny beýgeltmekde amala aşyrylýan asylly işler, döwletara dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada täsirli çykyşlar edildi. Ejegül ESENOWA, maýor.

Täze ýyla täsin sowgat

Täze ýyl saçagynda balykdan taýýarlanan önümlere aýratyn orun degişlidir. Bitewi görnüşde gowrulan balyk taýýarlamak ýylanyň göwnünden turýar hem-de oňa täsin sowgat bolýar. Çünki balyk elmydama öňe ýüzýär, bu bolsa öňegidişligiň nyşany hasaplanýar. Mundan başga-da, balyklar bir wagtyň özünde onlarça işbil goýýarlar, bu hem bolçulykdan, bereketden nyşandyr.

Bagtyýarlygyň mekany

Bagt nuruny saçýan arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolunýar. Ata Watanymyzyň bagy-bossanlyga öwöwrülmegi, döwrebap binalaryň gurulmagy bilen ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşulýar. Şeýle ajaýyp ýerleriň biri-de Arkadag şäheridir.

Ajaýyp kitaby okap...

Şöhratly geçmişimiziň beýany Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna sowgat edýän ajaýyp kitaplary ruhy gymmatlygymyzyň has-da baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň dürli ugurlara degişli gymmatly kitaplary okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär.