Ýaşlar — Watanyň kuwwaty

2 gün öň
71

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar hakdaky aladanyň rowaçlyga beslenýändiginiň alamaty hökmünde buýsanjymyza buýsanç goşýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça öňde uly wezipeleriň durýandygyny nygtamak bilen, bu babatda birnäçe başlangyçlardyr teklipleri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasatyny has-da ösdürmek bilen bagly maslahatlary geçirmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl boljak mejlisine dürli ugurlar bilen bir hatarda, 2026 — 2052-nji ýyllarda ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny hödürlemegi teklip etdi. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlara Watanyň daýanjy, ýurduň ösüşiniň esasy sütünleriniň biri hökmünde garalýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny tassyklaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň medeni-köpçülik çärelerine gatnaşmagy, öz ýoluny döretmegi, zehinini kämilleşdirmegi, ylym-bilim babatda tejribe toplamagy, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Çünki ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylyma-bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýaşlaryň hukuk goragy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Türkmenistanda çuňňur bilimi, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik durmuş ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly we oňat baş çykarýan ökde hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.

Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.