"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Kalbymyzda baky ýaşaýar

Watana söýgi ähli duýgularyň iň arzylysydyr. Taryhda türkmen halky ata Watanyny, ene topragyny jany-teni bilen söýüp, ony gözüniň göreji deýin gorapdyr. Bu mukaddes toprakda ýürekleri Watan diýip urýan Togruldyr Çagry begler, Alp Arslandyr Görogly beg... ýaşap geçipdir. Olar Watana gulluk etmegiň, ony goramagyň beýik nusgasyny görkezipdirler. Watany goran, oňa hyzmat eden gerçekler bakydyr, olaryň geçen şöhratly ýoly her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Watan üçin söweşen gerçeklerimize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly hormat goýulýar. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanynda gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezen türkmen esgerleri, tylda ýeňiş üçin ýadawsyz zähmet çeken ildeşlerimiz döwletimiz tarapyndan hatyralanylýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-köpçülik çäreleri ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Aradan köp ýyl geçen hem bolsa, şol ýalynly ýyllarda görkezilen gahrymançylyk biziň kalplarymyzda hemişelik ýaşaýar. Bu ýatlamalar gahrymanlarymyza buýsanç duýgusyny döredýär.

Ýatda galyjy agşam

Ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Umumygoşun fakultetiniň Bronetank ýaraglary we tehnikalary kafedrasy tarapyndan 2-nji ýyl harby talyplar bilen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli, «Ýeňiş baýramy — gahrymançylygyň baýramy» atly terbiýeçilik agşamy guraldy. Agşamyň barşynda harby talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan parasatly watançylyk jümleleri bilen çykyş etdiler. Olar «Kitap paýhas çeşmesidir», «Gahrymanlar ebedi ýaşaýarlar», «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» ýaly bölümçeler boýunça-da öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Toparlara bölünip geçirilen agşamda öwrenilýän harby tehnikalaryň gurluşyna we ulanylyşyna degişli sowal-jogaplar alşyldy, amaly hereketli kadalar ýerine ýetirildi, goşgy setirleriniň we suratlaryň üsti bilen Ýeňiş gününi, şol bir wagtda hem uruş weteranlarymyzy wasp etdiler. Bu agşamda harby talyplaryň watançylyk we millilik duýgularyny ösdürmäge, okap özleşdirýän derslerine bolan işjeňliklerini ýokarlandyrmaga, harby hünärlerini berkitmäge aýratyn üns berildi. Harby talyplardan Begenç Babamyradow, Allanazar Saparow, Süleýman Söýegow dagy terbiýeçilik agşamyna has-da işjeň gatnaşyp, sagbolsunlara mynasyp boldular.

Edermenligiň beýik nusgasy

Ýurdumyzda her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni uly ruhubelentlik bilen giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk Watan üçin edermenligiň beýik nusgasyny görkezmek bilen gazanylan Beýik Ýeňşiň, parahatçylygyň hem-de Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny artdyrýar. Beýik Ýeňşe 79 ýyl doldy. Emma henizem şol gazaply söweş halkymyzyň hakydasyndan gidenok. Ol pajygaly aýylganç günleri unutmak asla mümkin däl. Geçen asyryň taryhyna iň aýylganç jeň bolup giren 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watan üçin diňe ýeňiş hökmandy. Ähli halk bilen birlikde, türkmen milleti üçin hem bu uruş agyr we ýowuz synag boldy. Şol ýyllaryň dowamynda halkymyzyň merdi-merdanalygy, watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi bu synagdan üstünlikli geçdi. Beýik Watançylyk urşunda türkmen esgerleri mertligiň, edermenligiň, gahrymançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şol gahrymanlaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda edermenligiň ýokary nusgasyny görkezen Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň bolmagy uly buýsançdyr. Berdimuhamet aga uruşda ýaralanyp, dogduk Diýaryna gelenden soň hem ýaş nesle bilim-terbiýe bermek işini dowam etdirýär, gysga, ýöne örän manyly ömründe uly işleri bitirýär. Ilhalar ynsan hakynda söhbet açanyňda, Watan goragçylarynyň durm

Bagta rowan menziller

Ata Watanymyz gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeler barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Oňyn netijeleriň gazanylmagynda ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Bu möhüm ulgamyň soňky ýyllarda uly ösüşlere eýe bolýandygy bellärliklidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek ýaly ilhalar ýörelgelerine eýermek bilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny gurdurýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen şu ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy hem aýdyň mysallaryň biridir. Täze ýoluň ugrunda gurlan döwrebap binalaryň ählisi sürüjiler we ýolagçylar üçin zerur amatly şertleri özünde jemleýär. Bu döwrebap ýol uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawy üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýerlikli belleýşi ýaly, bu ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder. Bu bolsa, öz gezeginde, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer. Nesip bolsa, ýakyn wagtda bu döwrebap ýol welaýatymyza-da gelip ýeter. Munuň üçin ýol gurluşykçylarymyz yhlasly zähmet çekip, şol şatlyga b

Bagtyýarlyk döwrüniň enesi

Ýaşlarymyza ýurdumyzyň ýagty geljegi ynanylýar. Bu babatda bolsa ýaşlarymyza ýaşulularymyzyň maslahaty gerek. Bu günki günlerde hem Diýarymyzyň ähli künjeklerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çärelerde çykyş edýän paýhasly gojalarymyz, ak gyňaçly enelerimiz ýaş nesillerimize öz bagtly günleriniň gadyryny bilmegi, şeýle ajaýyp döwrüň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy nesihat edýär. Biz hem şeýle mähribanlarymyzyň biri, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Boroşly obasynyň ýaşaýjysy, «1941 — 1945 ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 50 ýyllygyna», «1941 — 1945 ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» atly ýubileý medallarynyň eýesi, bagtyýarlyk döwrüniň enesi Akja DURDYÝEWA bilen gürrüňdeş bolduk: — Uruş başlan ýyllary ýaşlyk uçurlarymyza gabat geldi. Galagoply günleriň pajygasy obamyzyň ýedi ýaşlysyndan ýetmiş ýaşlysyna çenli bar kişini külpetli ýatlamalaryň goýnuna atardy. Erkek kişileriň köpüsi Beýik Watançylyk urşuna meýletinlik bilen gitdi. Obada galan zenan maşgalalar hem köp kynçylyklara sezewar boldular. Bir döwüm çörege zar bolup, gözýaş döken çagalaryň ahy-nalasy henizem göz öňümden gidenok.

Watana baglanan ykbal

Watana bolan söýgüsi kalplaryna siňen ynsanlaryň ömür ýollary üýtgeşik hem nusgalykdyr. Şeýle ykbally gerçekleriň biri Alimjan Abaliýew hem 1926-njy ýylyň 4-nji maýynda Mary şäherinde eneden dogulýar. Ol şäherdäki mekdebiň 7-nji synpyny tamamlanyndan soňra, Gulbaba adyndaky sazçylyk mekdebinde dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýär. 1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen ençeme türkmen ogullary arza ýazyp, meýletin urşa gidýärler. Özüniň ýaşdygyna garamazdan, Alimjan Abaliýew hem harby wekillige baryp, urşa alyp gitmeklerini teklip edýär. Emma ony ýaşynyň kiçidigi üçin urşa almaýarlar. Soňra wagtyň geçmegi bilen Alimjan Abaliýew urşa gitmek maksady bilen, özüniň dostlary bilen 1943-nji ýylyň awgust aýynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine barýar hem-de şol ýerden fronta ugradylýar. Alimjanyň ilkinji söweş ýoly Wengriýa döwletinde başlanýar. Şol ýerde hem oňa «Edermenligi üçin» diýen ilkinji medal berilýär. 1944-nji ýylda söweşiň aldym-berdimli pursatlarynda Alimjan Abaliýewe duşmandan ýesir alyp gelmek üçin ýörite tabşyryk berilýär. Özüne buýrulan ýumşy başarjaňlyk bilen bitiren ildeşimiz, gullukdaş ýoldaşlaryna görelde görkezmegi başarýar.

Saglyk — abatlyk

Jemgyýetiň her bir ulgamynyň ösüşi, ilki bilen, adamlaryň saglygyndan başlanýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň bir bölümini «Saglyk — abatlyk» diýen anyk kesgitlemäniň esasynda beýan edýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň binýadyny berkden tutan pederlerimiz «Ähli zadyň sakasy — saglyk», «Saglyk — başyň täji» diýen öwüt-nesihatyň many-mazmunynda saglygyň ynsan üçin eşretli ýaşaýşyň egsilmez çeşmesidigini ündäpdirler. Çünki durmuşyň gymmaty saglykdadyr. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenip görenimizde-de, adamlaryň beden, ruhy saglygy hem-de jemgyýetiň sagdynlygy bilen bagly öwüt-ündewlere, pelsepewi pikirlere ýugrulan ençeme goşgy setirlerine gabat gelýärsiň. Dana şahyr goşgy setirleriniň birinde: «Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, // Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy» diýip, ynsan üçin saglygyň näderejede zerurdygyny nygtaýar.

Pyragynyň arzuw edip isläni — parahatlyk gurşap alsyn dünýäni!

Çärýek asyrdan geçen ýyllar içinde ýurdumyz tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň nygmaty. Emma taryhyň sahypalaryna ser salanyňda halkyň aňynda öçmejek yz goýan hasratly ýyllara hem gabat gelmek bolýar. Şeýle ýyllaryň biri-de — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen ýyllar. Şol döwürde diňe bir urşa gatnaşyjylar däl, eýsem, tylda galyp zähmet çekenler hem köp kynçylyklara sezewar boldular. Biz hem şol döwürde halkyň derdini gerdeni bilen deň çekişen zenan — Köneürgenç etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň ýaşaýjysy, 7 perzendiň, 34 agtygyň we 9 çowlugyň enesi Ýaňyl TAGANOWA bilen gürrüňdeş bolduk: — Ol ýyllar iň agyr, iň kyn ýyllardy. Obada ýaş çagaly aýallar we garrylar galypdy. Ähli erkek adamlar uruşda bolansoň, bar işler özümize galypdy. Uruş başlanan ýyllarynda men entek ýaşajyk gyzjagazdym. Bir bölek çörek tapmak kyn hem bolsa, göwnümizde bir ynanç, bir güýç ýaşaýardy: «Hökman, uruş tamamlanar we gidenler sag-aman geler». Biz şu günki bagtly döwri arzuw edip ýaşadyk. Şol arzuw bilen gündizler depäňi gaýnadýan yssyda ýadawlygy bilmän zähmet çekerdik. Gijeler nurana Aýyň ýagtysyna obanyň gelin-gyzlary bilen dokma dokardyk, jorap örerdik.

Hakydada ýaşaýan Watançy

Ýeňiş güni diýilse, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýatdan çykmajak wakalary göz öňüňe gelýär. Onda türkmen gerçekleri hem Watan üçin janlaryny orta goýup, gahrymançylyk görkezdiler. Edermen we gaýduwsyz ýigitlerimiz aňzakly aýazlarda buz ýassanyp, gar düşenip, duşmanlara gahrymançylyk bilen gaýtawul berdiler. Ine, hakydamyzda galan şeýle Watan goragçylarynyň biri hem Juma Aýdogdyýewdir. Ol 1919-njy ýylda häzirki Ahalyň dag eteginde ýerleşýän Artyk obasynda dünýä inýär. Türkmeniň ilkinji ýokary bilimli wekili bolan Artykgül Teke gyzynyň Artyk obasynda gurduran mekdebiniň 1-nji synpyna okuwa barýar. Okuwdan boş wagtlary ata-enesine öý we kolhoz hojalygynda ýardam berýär. Obasyndaky mekdebiň ýedinji synpyny tamamlansoň, okuwly-hünärli bolmak isleg-arzuwy, ony ata-babalarynyň gadymy mekany bolan, Aşgabat şäherindäki şol wagtky kooperatiw tehnikumyna okuwa alyp gelýär. Tehnikumy üstünlikli tamamlap, ýörite orta bilimli hünäriň eýesi bolýar. Galagoply döwrüň pidasy bolan Aýdogdy aganyň maşgalasy Baýramaly şäherine göçmeli bolýar. Oguldursun ene nowbahar ogly Juma bilen maşgalanyň keşigini bile çekýärler. 1939-njy ýylyň oktýabrynda Juma Aýdogdyýew Baýramaly şäheriniň harby wekilligi tarapyndan çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylýar. Soňra 1941-nji ýylyň tomsunda Beýik Watançylyk urşuna gidýär. Duşmanyň ilkinji zarbasyna zarba bilen jogap berip, gazaply söweşlere g

Peder ýoly — görelde mekdebi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýip belleýär. Hakykatdan-da, merdana pederlerimiziň taryhyň dürli döwürlerinde Watany söýmegiň we goramagyň belent nusgasyny görkezen ömür ýollary biziň ählimiz üçin görelde mekdebidir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly gerçekler hem beýlekiler bilen deň hatarda urşuň ilkinji günlerinden başlap, edermenlik, gaýduwsyzlyk bilen söweşip, özleriniň gahrymançylygyny birkemsiz görkezdiler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen dabaralanýan üstümizdäki ýylda Beýik Ýeňşe 79 ýyl doldy. Ýarym asyrdan-da köp wagtyň geçendigine garamazdan, urşuň ýüreklere salan yzasy henizlerem ýitenok. Adamzat taryhyna öçmez sahypa bolup giren Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen esgerleriniň müňlerçesi mertlerçe söweşdiler, ençemesi bolsa ýeňiş bilen sag-aman ojaklaryna dolandylar.

Ýagşylykda ýatlanylýan mähriban enem

Şu günler Diýarymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň geçirilmegi Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda gaýratlylyk görkezen enem Oguljemal Jumanazar gyzy barada ýatlama ýazmagyma sebäp boldy. Şol pajygaly ýyllaryň şaýatlarynyň gürrüň bermegine görä, enem gazaply urşuň yzynda 3 ogly bilen ýalňyz galypdyr. Ol hiç bir işden gaça durmandyr. Buýrulan işi är gaýraty bilen ýerine ýetiripdir. Ekerançylyk ýerleriniň bir aýratyn bölegine ýolbaşçylyk edip, döwlet harmanyna köp mukdarda pagta tabşyrypdyr. Şol aldym-berdimli döwürde durmuş örän kyn bolsa-da, onuň çeken zähmeti göz öňünde tutulypdyr. Enem şol döwürlerde orden-medallaryň birnäçesi bilen sylaglanypdyr. Hudaýa şükür, nägehan uruş Ýeňiş bilen tamamlandy. Ýüregim bilen bir zady aýdasym gelýär. Enem Oguljemal uruşdan soňky parahatçylyk ýyllarynda-da ile kethudalyk etdi. Türkmen toýlarynda, hususan-da, gyzlar durmuşa çykanlarynda, enem şol gyzlaryň göwünlerini götermek üçin, şadyýan häsiýeti bilen köpçüligi güldürmegi, halk öleňlerini aýdyp bermegi il arasynda hormata mynasypdy. Şonuň üçinem oba arasynda enemi häli-häzirlerem ýagşylykda ýatlaýarlar.

Ajaýyp eseriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, asuda we agzybir türkmen jemgyýetinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmaklary üçin zerur şertler döredilendir. Çünki ylymly-bilimli ýaşlar ýurdumyzyň ýagty ertiridir. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eserinde aýratyn çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ilkinji kitabyny halkymyza sowgat bermegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öň ýanyndaky günleri guwanja, buýsanja besledi.

Ekoulgamyň möhüm çägi

Golaýda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň BMG-niň ýurdumyzda hereket edýän «Köp sanly bähbitler üçin Aral deňziniň sebitinde ýer serişdelerini, aýratyn ähmiýetli ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» atly taslamasy bilen bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň oba hojalyk pudagyna degişli edara-kärhanalarynyň, maldarçylyk hojalyklarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň baş hünärmeni Şöhrat Mämmedow, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory Pirli Kepbanow, şu institutyň ylmy işgärleri Serdar Rozyýew, Mihail Nikolaýew, BMG-niň taslamasynyň hünärmeni Gözel Atamyradowa, welaýatymyzdaky utgaşdyryjylary Akmyrat Gardaşow, Aýnabat Ataýewa, «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy Arazmyrat Amanow, «Ekodurmuş» ylmy-önümçilik birleşiginiň hünärmeni Kasym Jumaýew we beýlekiler çykyş etdiler.

Watan gahrymanlaryna buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly bellenilýän şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň welaýat tapgyry

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyry Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirildi.

Hepdäniň habarlary

Baýramçylyga bagyşlanan maslahat Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat we şäher komitetleriniň hem-de şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Watan gahrymanlaryna baky şöhrat!» atly maslahat geçirildi.

Durmuş ýoly nusgalyk, sarpasy belent halypa

Durmuşda şeýle bir ynsanlar bolýar, olar il bähbidini öz bähbidinden ileri tutup, il-günüň aladasy bilen ýaşaýarlar. Özleriniň arassa, halal zähmeti bilen görüm-görelde bolup, halkyň hormatyny gazanmagy başarýarlar. Şeýle ynsanlaryň biri, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 90 ýaşy arka atyp, onunjy onlugyň gyrasyndan giren, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar gojasy, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ruhabat geňeşliginiň ýaşaýjysy Soltanmyrat Seýitmyradowyň ömür we zähmet ýoly hemmeler üçin nusgalykdyr.

Suwda seresap bolmaly!

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Jöwzaly yssy günleriň başlanmagy bilen, suwa düşülýän möwsümiň açylýandygyny-da bellemek gerek. Bu döwürde çagalar suwa düşenlerinde berjaý etmeli howpsuzlyk düzgünleri barada ýatladýarys. Ilki bilen, suwa ýörite bellenen, rugsat berlen, ýapgyt kenarly, çägesöw ýerlerde düşülse amatly bolar. Suwa düşülmezden öňürti gowy ýüzüp bilýänler suwa girip, howply zatlaryň ýokdugyna anyk göz ýetirmeli. Körpelere gaýyklaryň üstünden, kenarlardan, köprülerden suwa bökmegiň howpludygyny düşündirmeli. Nätanyş, öň barlanmadyk ýerlerde suwa düşmegiň gadagandygyny çagalara yzygiderli ýatladyp durmaly. Adatça, suwa düşmäge topar-topar bolup gelýän çagalar özleriniň topar ýolbaşçysynyň görkezmesi bilen rugsat berlen ýeri saýlap almalydyrlar. Şonda ýolbaşçy olara kenardan daşa ýüzmezligi, biri-birlerini gözden salmazlygy, akymyň garşysyna ýüzmezligi tabşyrmaly, suwa uzak wagtlap düşmegiň ysgyndan gaçyrýandygyny, gadagan edilen ýerlerde suwa düşmegiň kada laýyk gelmeýändigini düşündirmeli. Şeýle edilende garaşylmadyk hadysalar ýüze çykmaz we howply ýagdaýlaryň öňi alnar.

Akyldaryň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň hazynasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi aýratyn orny eýeleýär. Watana, halka bolan söýgi şahyryň islendik goşgusynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyrymyz ýaşlaryň päk zähmete uýgunlaşmagynyň örän möhümdigini nygtaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli orta mekdepleriň okuw meýilnamalarynda Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyny okap, many-mazmunyna çuň akyl ýetirmekleri üçin başlangyç synplardan başlap onuň ömür-döredijiligine bagyşlanan bäsleşikler, çeper okaýyşlar, aýdym-sazly agşamlar geçirilýär.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşigine

Döwürleriň, göwünleriň şahyry Şygryýet diýlende türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Magtymguly Pyragy döwürleriň, göwünleriň şahyry. Çünki tutuş Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzyna öwrülen şahyryň şygryýet dünýäsi ynsan kalbyny nurlandyrýan, ýaşaýşa hyjuw, ahlakly durmuşa höwes döredýän pelsepewi ummandyr. Dürdäne pikirleri bilen ýürekleriň töründen orun alan Magtymguly Pyragynyň gözbaşy arassa çeşmäniň suwy deýin jana şypaly şygyrlar hazynasy ähli ynsany halal we ýagty durmuşa çagyrýan pelsepedir. Beýik söz ussadynyň döredijiliginiň dünýä ýurtlarynda öwrenilmegi türkmen edebiýatyna bolan belent hormatdan, şahyra bolan mizemez söýgüden nyşandyr. Sözüň beýik gudratyny goşgularyna siňdiren Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkyň kalbyna müdimi ornaşdy.