Ýagşylykda ýatlanylýan mähriban enem

8 Maý 2024
334

Şu günler Diýarymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň geçirilmegi Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda gaýratlylyk görkezen enem Oguljemal Jumanazar gyzy barada ýatlama ýazmagyma sebäp boldy. Şol pajygaly ýyllaryň şaýatlarynyň gürrüň bermegine görä, enem gazaply urşuň yzynda 3 ogly bilen ýalňyz galypdyr. Ol hiç bir işden gaça durmandyr. Buýrulan işi är gaýraty bilen ýerine ýetiripdir. Ekerançylyk ýerleriniň bir aýratyn bölegine ýolbaşçylyk edip, döwlet harmanyna köp mukdarda pagta tabşyrypdyr. Şol aldym-berdimli döwürde durmuş örän kyn bolsa-da, onuň çeken zähmeti göz öňünde tutulypdyr. Enem şol döwürlerde orden-medallaryň birnäçesi bilen sylaglanypdyr.

Hudaýa şükür, nägehan uruş Ýeňiş bilen tamamlandy. Ýüregim bilen bir zady aýdasym gelýär. Enem Oguljemal uruşdan soňky parahatçylyk ýyllarynda-da ile kethudalyk etdi. Türkmen toýlarynda, hususan-da, gyzlar durmuşa çykanlarynda, enem şol gyzlaryň göwünlerini götermek üçin, şadyýan häsiýeti bilen köpçüligi güldürmegi, halk öleňlerini aýdyp bermegi il arasynda hormata mynasypdy. Şonuň üçinem oba arasynda enemi häli-häzirlerem ýagşylykda ýatlaýarlar.

Uzan ÇARYÝEWA,
Tagtabazar etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.