"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Möhüm meselelere seredildi

Goraghanamyzyň ylmy bölüminde ekologiýa howpsuzlygyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Köýtendagyň eteginde hereket edýän senagat kärhanalarynyň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagyny gazanmak esasy talaplaryň biridir. Olarda howany, topragy önümçilik galyndylary bilen hapalamagyň öňüni alýan enjamlar oturdylandyr. Okuw maslahatynda edilen çykyşlarda şol enjamlaryň ornaşdyrylmagynyň ekologiýa howpsuzlygynyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy bellenildi.

Güneşli ýurt — bereketli

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň giň okyjylar köpçüligini begendiren «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseriniň «Ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi» bölümçesi her bir okyjyda ösümlik we haýwanat dünýäsi babatda giň dünýägaraýşy kemala getirýär. Gahryman Arkadagymyz pederlerimiziň nesilleriň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaklary üçin zerur bolan garaýyşlary, endikleri kemala getirmegiň kämil tejribesini toplandyklaryny durmuşymyzyň aýdyň mysallary arkaly täsirli beýan edýär.

Papaýa - datly miwe

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna berilýän üns örän ýokarydyr. Halkymyzyň ekerançylykda toplan baý tejribesi häzirki wagtda-da özboluşly usullar we tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, netijeli peýdalanylýar. Şunda ekologik ugur möhüm şert bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, hususan-da, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem-de toplumlaýyn maksatnamalar bu ugur bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Damjalaýyn suwaryş ulgamlary, bag-bakjalara zyýan ýetirmezden dökün bermek, dermanlamak işlerini geçirmekde oba hojalygyna degişli ulanylýan döwrebap tehnikalar ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda esasy gural bolup hyzmat edýär. Güneşe baý türkmen topragy rysgal-döwletiň, egsilmez berekediň, genji-hazynanyň gözbaşydyr. Topragyny mukaddes saýýan halkyň irginsiz çekýän zähmeti yrýa bolmaýar. Bal suwly tereň derýalara, kisloroda baý atmosfera, bereketli topraga eýe bolan ýurdumyzda öndürilýän önümler ýokumlylygy, ýokary islegliligi bilen tapawutlanýar. Diýarymyzyň gadymy Änew topragynyň ak bugdaýy, Tejeniň waharman gawuny, Ahal ýaýlasynyň üzümçiligi, miweli baglary, Sumbar jülgesiniň dürli ir-iýmişleri, nary, hozy, Etregiň zeýtuny, Dehistanyň injiri, Bathyz ýaýlasynyň pissesi, şeýle-de Lebap, Daşoguz topraklarynda ýetişdirilýän şaly, gülaby, garrygyz, gürbek gawunlary dünýä nusgalykdyr.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 3-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +41... +43° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Tebigatymyzy aýawly saklalyň!

Ylmyň we tehnikanyň pajarlap ösýän döwründe adamzadyň tebigata ýetirýän täsiri çürt-kesik artyp, ol giň möçbere eýe boldy. Şonuň üçin hem adamyň tebigat bilen özara gatnaşygyny sazlamak zerurlygy ýiti duýlup başlandy. Şu nukdaýnazardan, biz tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, oňa zelel ýetirilmez ýaly etjek-goýjak hereketimiziň dürs bolmagyny gazanmagymyz gerekdir. Tebigat bilen gatnaşykda özüňi dogry alyp barmagyň kadalaryny anyk bilmelidiris, olary ýerine ýetirmegi endik edinmelidiris. Tebigatyň gözel ýerlerine gezelenje çykylanda, ot ýakmak howply bolup, bu aýratyn hem, ot-çöpli, bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlaryň döremegine getirip biler. Birbada başynda dursaň, şeýle hadysalar bolmajagam ýalydyr welin, güýçli şemaldan ýa-da ýangyna getirip biljek beýleki ýagdaýlardan habardar bolup, hüşgärligi elden bermeli däl. Eger-de ot ýakylan hem bolsa, soňuna çenli durup, onuň hakykatdanam öçendigine göz ýetirmeli. Ot ýakylan ýere gum ýa-da suw sepip, közüni mazaly öçürmeli.

Köýten obasy

Köýten daglary güneşli Diýarymyzyň günorta-gündogarynda ýerleşýän dag ulgamydyr. Belli türkmen dilçi alymy Soltanşa Atanyýazowyň «Söz mülküne syýahat» diýen gysgaça toponimiki sözlüginde: «Ilki obanyň hem-de derýanyň ady bolan Köýten «Kuhi taň», pars-täjik dillerindäki «kuh» —«dag» we «teň» — «dar» sözlerinden emele gelip, «dar jülge» diýen manyny aňladýar» diýlip bellenilýär. Köýten adalgasynyň gelip çykyşy barada başga-da çaklamalar öňe sürülýär. Bilşimiz ýaly, türk dilinde oba, ilatly ýere «Köý» diýilýär. Köýten obasy dar jülgede ýerleşýär. Obanyň iki tarapy-da daglyk bolup, diňe günortan bolaýmasa galan wagtynda oba dagyň kölegesinde galýar. Şu ýagdaýy göz öňünde tutsak, onda «Köýten» sözi kölegedäki oba diýen manyny berýändir diýen çaklamany öňe sürmek mümkindir.

Ýeroýlanduz — täsin ýer

Garaşsyz ýurdumyzyň çäklerinde tebigatyň ajaýyp gözelliklerine baý ýerler, täsin künjekler örän köp bolup, olaryň her biri öz aýratynlyklary bilen ünsi çekýär. Şeýle ýerleriň biri-de Murgap hem-de Tejen derýalarynyň aralygynda, Hindiguş daglarynyň demirgazygynda giň meýdany tutýan Bathyz belentliginiň Ýeroýlanduz çöketligidir. Ini 10, uzynlygy 25 kilometre barabar bolan bu çöketlik ilat arasynda Babaçöňňe diýlip hem atlandyrylýar. Onuň çuňlugy 500 metre ýetýär. Bu çöketligiň howasy beýleki künjeklere garanyňda hemişe 5 dereje ýylylygy bilen tapawutlanýar. Bu hem ondaky ösümlikleriň başga ýerlerdäkiden 10 — 15 gün öň janlanmagyna sebäp bolýar. Ýeroýlanduz çöketliginiň döremegine Tetis deňziniň aşagynda emele gelen wulkan ojagy täsir edipdir diýen çaklama öňe sürülýär. Şol döwürde ýeriň jümmüşindäki gaýnag magma ýokary göterilip, çöketlikdäki belentlikleri, baýyrlyklary «ýasapdyr». Şunlukda, onuň demirgazyk böleginde beýikligi 155 metre ýetýän Gazan hem-de Gyz Gupba depeleri peýda bolupdyr.

Ösümlikler hakda täsinlikler

Salkyn saýaly toraňňy

Türkmen tebigatyny baýlaşdyrmakda, amatly howa şertlerini döretmekde  ösümlikleriň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda ýaprakly, pürli we gyrymsy agaçlar, otjumak we gül ösümlikleri tebigy şertlerde ösüp, ägirt uly gök zolagy emele getirýärler. Söwütler maşgalasynyň derek urugyna degişli bolan toraňňy agajy hem eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyna özboluşly bezeg berýär. Ol ýurdumyzda derýalaryň, kanallaryň, ýaplaryň kenarlarynda, ýerasty suwa ýakyn bolan çägelik ýerlerde ösýär. Toraňňy şora çydamly agaç bolup, şor toprakly ýerlerde ekilende, şol ýeriň topragyny şorsuzlandyrýar. 30 ýyla çenli ýaşan agajynyň beýikligi 9,5-10 metre çenli ýetýär. Ýekelikde açyk meýdanlarda ösende, beýikligi 15-18 metre hem ýetip bilýär. Gabarasynyň giňligi 15-25 metre, baldagynyň ýogynlygy 60-70 santimetre ýetýär. Ýaprak çykarmazyndan öňürti mart-maý aýlarynda gülleýär. Toraňňy 100 ýyla çenli ýaşamaga ukyply agaçdyr.  Bu agaç gorag zolaklaryny döretmekde, derýalaryň, kanallaryň, ýaplaryň kenarlaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ol seýilgähleri döretmekde hem giňden ulanylýar.

Köpetdag kyssalary

Daşlar hem yrymlar Yrym — bir zady ýagşylyga ýormak däbi. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» bu söze şeýle düşündiriş berilýär. Adamyň durmuşyna gadym döwürlerden bäri çuň ornaşan daşlar bilen bagly yrymlar, aslynda, milli medeniýetimizde barmyka? Bolan bolsa gerek! Sebäbi başga zatlar bilen bagly yrymlar şu wagtam dowam edip gelýär-ä! Mysal üçin, zerurlyk ýüze çykyp, goňşudan ajy zat alnanda, onuň ýanyna jübüt edilip, süýji nygmatyň (iki düwür gandyň, kempudyň) goşulyp berilmegi ýa-da gijede-girimde gatykdyr süýt ýaly ak zatlar dilenip gelnende, ony bermegiň düzgüni halkymyzda berk saklanýar. Sebäbi bular adamlaryň arasynda hormaty hem mähremligi artdyrýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 2-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Gözel tebigaty goralyň!

Diýarymyzyň gözel tebigatyny ýangyndan goramak we bu ugurda howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şondan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tebigatyň gözel ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek barada öz maslahatlary bilen ýüzlenýär. Tokaý seýilgäh zolaklarda, daglarda, öri-sähra meýdanlarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlyk kadalary barada gönükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilmeli, berkidilen çäklerde degişli kadalary beýan edýän diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp duran baglaryň arasyny guran haşal otlardan arassalamaly, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly baglaryň howa arkaly geçirilen elektrik tok geçirijileri bilen galtaşýan ýerlerinde ýangyn howpy döremezligi üçin şahalaryny kesip aýyrmaly. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsseçykarlaryny uçgun söndüriş enjamy bilen üpjün edip, tehniki ýagdaýynyň gurat bolmagyny gözegçilikde saklamaly.

Ýagşydan bag galar

Ynsan durmuşyny tеbigatdan üzňе göz öňünе gеtirmеk mümkin däl. Tеbigatyň dörеdýän gözеlligi göwnüňi götеrýär. Bu bоlsa tеbigatda adamyň duýgusyny, pikir-garaýyşlaryny ganatlandyryp, içki dünýäsini hеýjana salyp bilýän täsin bir güýjüň bardygyny mälim edýär. Adamlar ir döwürlеr tеbigat bilеn dоstlaşyp, оnuň gözеlligindеn lеzzеt alypdyrlar. Ata-babalarymyz ýaplaryň, salmalaryň bоýuna miwеli, saýaly agaçlary оturdyp, dal daragtlary ýеtişdiripdirler. Enе tоpraga еkilеn ekinlеr, оturdylan agaç nahallary adam yhlasy bilen kеmala gеlip, rysgal-bеrеkеdini bоldan eçilýär. Tеbigat bilеn bagly pikirlеrе bеrildigiňçе, şahyrana şu sеtirlеr sеriňе dоlýar: «Kim-dе kim bir agaç eksе ýadygär, dünýä kitabynda оnuň ady bar». Gоja Köpеtdagda bitýän arçalary, kеrkawlary, böwürslеnlеri görеniňdе, türkmеn tеbigatynyň keramatdygyna göz ýеtirýärsiň. Gyşyn-ýazyn gök öwsüp оturan arçalar dag tеbigatynyň bеzеgi. Ylaýta-da, türkmеn arçasynyň özbоluşly aýratynlygy bar. Onuň garamtyl-ýaşyl rеňkli pürlеri mör-möjeklеri ýоk etmеk häsiýеtinе eýеdir. Arça tokaýlarynyň arassa hоwasynyň adamlaryň şähdini açyp, ruhubеlеnt edýändigi, dagda gеzýän haýwanlaryň sökelliklerine mеlhеm bolýandygy halkymyza ozaldan aýan hakykat. Şеýlе-dе, arça tоkaýlyklary guşlara wе süýdеmdiriji haýwanlara amatly gaçybatalga bоlup hyzmat edýär. Adam durmuşyna, gözеl tеbigatyň sazlaşygyna ähmiýеtiniň uludygy nazarda tutulyp, dag et

Güjüm

«Bir nahal ekseň ýaşyň baky», «Ýüz agaç eken oduna gitmez», «Ýaşlygynda nahal ekmedik, garranda oturmaga kölege tapmaz» diýen ýaly çuň manyly nakyllary döreden pederlerimiz adamzadyň durmuşdaky ähli zerurlyklary, ilkinji nobatda, tebigatdan alýandygyna çuňňur düşünmek bilen, oňa örän aýawly çemeleşipdirler. Dürli miweli, saýaly baglary ekip, ýetişdirip geljekki nesillere ýetirmegi sogaply hem parz iş hasaplapdyrlar. Şolaryň arasynda güjüm, dagdan, kerkaw, çynar, tut ýaly agaçlar aýratyn arzylanypdyr. Baý ösümlik dünýäsine eýe bolan türkmen topragynda, beýleki peýdaly agaçlar bilen birlikde, güjüm agajynyň hem birnäçe görnüşi ösýär. Bu täsin agaç öňler, esasan, Daşoguz welaýatynda köp ýetişdirilen bolsa, häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde diýen ýaly ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň ekologik taýdan-da, gündelik durmuş zerurlygy jähetinden-de ähmiýeti hemişe uly bolupdyr.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 1-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Gökdere — çagalaryň sapaly jülgesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň tomusky dynç alyş möwsümi türkmen tebigatynyň iň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesinde dowam edýär. Bu ýerde ýaş nesilleriň wagtyny peýdaly, rahat, täsirli geçirmegi üçin ähli şertler doly döredilendir. Ýaşlaryň düşünjeli, ruhy hem beden taýdan sagdyn bolmagy üçin dynç alyş merkezleriniň uly ähmiýeti bar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Çeşme» çagalar dynç alyş merkezi hem mekdep okuwçylarynyň ýylyň-ýylyna höwes bilen gelip, dynç alýan täsin künjegidir. Dynç alyş merkeziniň türkmen tebigatynyň juda owadan ýerinde ýerleşendigini turuwbaşdan bellemek gerek. Giden giňişlikde uly baglaryň arasynda ýerleşýän «Çeşme» her tapgyrda çagalaryň ýüzlerçesini özünde jemleýär. Uzak ýyllaryň dowamynda adamlara saýasyny salan belent, Gün geçmez baglar bu ýeriniň bezegidir. Meýdançalardaky we suwly çeşmäniň boýundaky baglary, esasanam, daglara bäs edýän arça tokaýlygyny synlanyňda göwnüň göterilýär. Bu ýeriniň arassalygy, sergin dag howasy, durnanyň gözi ýaly dury çeşme suwy, baglaryň goýry kölegesi tomsuň yssy howasyny ýagşy jylawlaýar we merkezi jana ýaramly, salkyn, jenneti mesgene öwürýär. Şu tapgyrda «Çeşmede» ýaşlaryň ýüzlerçesi dynç alýar. Olar ýurdumyzyň ähli sebitlerinden we Aşgabat şäherinden gelen çagalardyr.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.

Asuda tebigatyň goragynda

Parahat durmuşda ýaşaýan mähriban halkymyz daşky gurşaw bilen sazlaşykda tebigatyň dilini tapyp ýaşapdyr. Her bir ot-çöpi müň derde derman, ýowşan ysly ýaýlalaryň giňligi, çeşme-çaýlaryň çasly akmasy, joşgunly derýalaryň dolup-daşmasy — bu görnüşleriň ählisinde merdana halkymyzyň göwün giňligi, sylanyşykly häsiýeti, asyrlarboýy saýlap alan ýoluna çäksiz ygrary görnüp dur. Kalby sahy halkymyza eşretler serpaýyny ýapan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri parasat kökleri müňýyllyklara uzaýan ilimiziň bu asylly ýörelgeleriniň gadyr-gymmatyny arşa göterdi. Bu ýörelgeleriň her birimiziň kalbymyzda mäkäm orun almagy kalbymyzy mähir ýylysyna çoýýar. Tomus paslynyň howasynyň aşa gyzýan günleri tebigaty goramak meselesiniň wajyplygy hasam artýar. Bu zerurlyk, aýratyn-da, tutuş halkymyzyň tükeniksiz mähir-yhlasyndan dörän emeli tokaýlyklary goramakda has-da ýiti duýulýar. Ese-boýa galyp, göreniň gözüni dokundyrýan millionlarça düýp bag şu günki nesilleriň geljege gymmatly serpaýydyr. Türkmenler owal-ahyr öz topragyny mukaddeslik saýypdyr. Parahatçylygyň, abadançylygyň, dowamatyň hatyrasyna asyllylygyň, zähmetsöýerligiň ajaýyp göreldesini görkezipdir. Nesiller bize bakylygyň güwäsi bolan baglary ekendigimiz üçin minnetdar bolarlar. Tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, oňa zelel ýetirilmez ýaly, etjek-goýjak hereketimiziň dürs bolmagyny gazanmagymyz gerek. Bizi mähir gujagynda

Sugun — täsin jandar

«7/24 tm» № 31 (166) 31.07.2023 Amy­der­ýa­nyň ke­nar­la­ryn­da se­leň ýer­ler az däl. Ýö­ne ol se­leň­lik­de baş­ga dür­li jan­ly-jan­dar­la­ra ga­bat gel­se­ňem, su­gun­la­ra aň­sat-aň­sat du­şaý­mar­syň. Ýog­sam Amy­der­ýa­nyň aky­my­nyň hem-de oňa ýa­kyn ýer­leş­ýän çöl bö­lüm­le­ri­niň eko­lo­gi­ki ul­gam­la­ry tüýs şeý­le jan­dar­la­ryň ýaý­nap ýa­şa­ma­gy üçin örän amat­ly şert­ler bi­len üp­jün­dir. Ul­gam-ul­gam çä­ge­lik­ler, ak­laň­lar, şor­luk­lar bol­sa tüýs özü­ňi göz­le­r­den giz­le­mek üçin oňaý­ly şert dö­red­ýän gy­rym­sy agaç­la­ryň me­ka­ny bo­lup dur­ýar. Jeý­hu­nyň wag­tal-wag­tal ugruny üýt­ge­dip dur­ma­gy ne­ti­je­sin­de asyr­la­ryň do­wa­myn­da eme­le ge­len jeň­ňel ekoul­ga­my Amy­der­ýa döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ýar.

Suw towugy

Ýurdumyzyň özboluşly haýwanat dünýäsi täsin görnüşlere juda baýdyr. Olaryň hatarynda tebigatymyza aýratyn bezeg berýän guşlaryň aýratyn orny bar. Guşlaryň dünýäde 9 müňe golaý görnüşi bolup, Türkmenistanda olaryň 422-si duş gelýär. Daglyk-belentlik ülkelerde, sähra ýerlerinde, suwlarda we batgalyklarda, ilatly ýerlerde ýaşaýan guşlar öz aralarynda biri-birinden tapawutlanýarlar. Ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň arasynda suw towugy hem bar. Ol suw towuklary maşgalasyna degişli bolan, bedeni gara reňkli, arkasy we ganatlary garamtyl goňur reňkli bolan guşdur. Maňlaýyndaky sakar ýeri gyzyl reňkli. Suw towugynyň çüňki gysgadyr we çalymtyl sary reňklidir. Onuň aýaklary ýaşyl reňkli bolup, barmaklarynyň arasynda ýüzüş perdeleri bolmaýar. Beden uzynlygy 27 — 35 santimetr aralygynda bolup, agramy 0,3 kilograma çenli bolýar.