Suw towugy

29 Iýul 2023
790

Ýurdumyzyň özboluşly haýwanat dünýäsi täsin görnüşlere juda baýdyr. Olaryň hatarynda tebigatymyza aýratyn bezeg berýän guşlaryň aýratyn orny bar. Guşlaryň dünýäde 9 müňe golaý görnüşi bolup, Türkmenistanda olaryň 422-si duş gelýär. Daglyk-belentlik ülkelerde, sähra ýerlerinde, suwlarda we batgalyklarda, ilatly ýerlerde ýaşaýan guşlar öz aralarynda biri-birinden tapawutlanýarlar. Ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň arasynda suw towugy hem bar.

Ol suw towuklary maşgalasyna degişli bolan, bedeni gara reňkli, arkasy we ganatlary garamtyl goňur reňkli bolan guşdur. Maňlaýyndaky sakar ýeri gyzyl reňkli. Suw towugynyň çüňki gysgadyr we çalymtyl sary reňklidir. Onuň aýaklary ýaşyl reňkli bolup, barmaklarynyň arasynda ýüzüş perdeleri bolmaýar. Beden uzynlygy 27 — 35 santimetr aralygynda bolup, agramy 0,3 kilograma çenli bolýar.

Hangeldi JÜMMIKOW,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.