"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Guwandyran, begendiren hoş habar

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym — sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr!» diýip nygtaýan hem-de ýaşlaryň bu nesihaty berjaý etmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri üpjün edýän Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren eşretli eýýamynda türkmen sportunyň abraýynyň belende göterilýändigi ajaýyp hakykatdyr. Ýurdumyza geçen şenbe güni gelip gowşan hoş habar bu hakykatyň ýene bir ýola aýdyň dabaralanmasy boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Maýkl Iraniden we bu federasiýanyň baş kätibi Mohamed Jaluddan gelip gowşan hatda 2018-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanan Tailand Patyşalygynyň türgeni tarapyndan doping düzgünleriniň bozulandygy we sport kwalifikasiýasyndan mahrum edilendigi sebäpli, Halkara agyr atletika federasiýasynyň kadalaryna laýyklykda, medallaryň gaýtadan paýlanylmagynyň amala aşyrylýandygy barada nygtalyp, şol ýaryşyň häzirki netijeleri boýunça türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň, silterläp götermekde bo

Ýeňişler gutly bolsun!

Birnäçe halkara we döwlet derejesindäki ýaryşlaryň, şol sanda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen tennis boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynyň ýeňijisi, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň göreldeli okuwçysy Bahar Toýmyradowany tennis janköýerleri gowy tanaýarlar. Sportuň özüneçekiji dünýäsine körpelikden göwün beren Baharyň üstünliklerine žurnalyň okyjylary hem 2014-nji ýyldan bäri belet. Ýedi ýyla golaý mundan öň, Malaýziýanyň Selangor, Perlis we Pinang ştatlarynda geçirilen halkara tennis ýaryşlarynda tennisiň ýekelikde oýnalýan görnüşi boýunça ilkinji uly ýeňişlerini we medallaryny gazandy. Şondan bäri döwlet derejesindäki ýaryşlardan başga-da, Türkiýe, Taýland, Şri-Lanka, Täze Zelandiýa, Gyrgyzystan, Özbegistan ýaly döwletlerde geçirilen halkara tennis ýaryşlarynda adyny tanadan türgenimiz bu gün öz janköýerlerini täze-täze üstünlikleri bilen begendirýär.

Küştçi gyzyň üstünligi

Küşt oýny iň gadymy hem-de dünýäde meşhur oýunlaryň biridir. Adamyň aňyny we pikirlenişini kämilleşdirýän bu oýun bilen uly ýaşly adamlar hem, çagalar hem uly gyzyklanma bilen meşgullanýarlar. Ýurdumyzda hereket edýän küşt mekdepleriniň ýetişdirýän ökde küştçüleriniň sany gün-günden artýar. Žurnalymyzyň şu sanynda tanyşdyrjak türgenimiz hem şolaryň biri — Ogulsuraý Baýrambaýewa. 2003-nji ýylda Aşgabat şäherinde eneden doglan körpeje Ogulsuraý çagalar bagyna gatnaýan döwründe şaşka boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukybyny açyp başlaýar. Gyzynyň şaşka oýnuna höweslidigine göz ýetiren ejesi alty ýaşyna ýeten Ogulsuraýy ilkinji gezek küşt we şaşka mekdebine äkidýär. Bu ýerde tejribeli tälimçi Serdarguly Baýramsähedowyň tälim bermeginde gyzjagaz küşt oýnunyň dürli tärleri, inçe syrlary bilen tanyşýar. Sportuň bu görnüşine gün geçdikçe ökdeleýän Ogulsuraý mekdep, şäher, soňra bolsa döwlet derejesindäki ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýar.

Ýurdumyzyň sport diplomatiýasy dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiz Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk hatyny iberdi Milli Liderimiz Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady.

Ildeşimiz dünýä çempiony!

Türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlara gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Şol ýaryşlarda talyp ýaşlarymyzyň dürli derejedäki sylaglara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolmagy aýratyn buýsançlydyr. Ine, hut şular dogrusynda golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen hoşallyk maslahatynda giňişleýin gürrüň edildi. Bilşimiz ýaly, agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ozal netijeleri jemlenende, nätakyklyga ýol berlen ýaryşlaryň jemleri boýunça türgen gyzymyz itekläp götermekde kümüş medalyň we silterläp götermekde bürünç medalyň eýesi bolupdy. Şonda şaýatlara mälim bolşy ýaly, Ýulduz altyn medala tarap ynamly gadam urupdy. Ýöne ýaryş ýaryş bolýar...

Türkmen sporty dünýä dolýar

Halkymyzyň abadançylygy, durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek boýunça çäreler yzygiderli guralýar. Milli Liderimiz bu ugurda watandaşlarymyza, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesillere şahsy görelde görkezýär. Diýarymyzda döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Ýurdumyz sebit we dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň, abraýly bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi.

Talyp türgenimiziň üstünligi

Ýakynda Halkara agyr atletika federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Talyp türgenlerimiziň ýeňişleri — Arkadagly Watanymyzyň buýsanjy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlara okamaga, zähmet çekmäge, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýaşlygyna garamazdan, özüni ussat agyr atletikaçy hökmünde ykrar etdirmegi başaran Ýulduz Jumabaýewanyň türkmen sportuny ösdürmäge goşýan şahsy goşantlary barada gürrüň etdiler. Biz dabaranyň dowamynda dünýä çempiony diýen hormatly ada mynasyp bolan ussat türgen Ýulduz Jumabaýewa bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk hatyny iberdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki sport abraýy barha artýar

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlara gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Şol ýaryşlarda ildeşlerimiz dürli derejedäki sylaglara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolýarlar. Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Altyn şuglaly ýyldyz

Beh, bu günleriň täsinligini diýseňizläň! Bir günüň buşlugynyň ýakymyny kalbyňa doly siňdirip ýetişmänkäň, ertirki gün täze bir buşluk bagyşlaýar. 14-15-nji ýanwar günleriniň ýakymy özüňize belli. 16-njy ýanwarda bolsa türkmenistanly türgen gyzyň agyr atletika boýunça dünýä çempiony diýlip yglan edilendigi baradaky hoş habary aldyk. Özi-de bu ýakymly wakalaryň her biri bir milletiň, bir döwletiň serhedinden has giň. Ählisi hem halkara çäkler bilen baglanyşýar. Görüň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýyly nähili şanly, nähili mertebeli ýyl! 16-njy ýanwar güni «Watan» habarlar gepleşiginde eşiden hoş habaryňyz her biriňiziň kalbyňyzda begenç oýarandyr. Hawa, türkmenistanly agyr atletikaçy türgen Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempiony boldy. Özi-de bu derejä ýetip bilen ilkinji zenan türgenimiz. Munuň üstesine-de, 28 ýyldan soňra, ýurdumyza agyr atletika boýunça dünýä çempionlygyny getiren türgen. Bu — diýseň uly waka! Türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylmaga tüýs mynasyp waka.

Nusgalyk ýol

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy. Şonuň esasynda häzirki wagtda ýurdumyz dünýä we sebit derejesinde iri sport ýaryşlarynyň merkezine öwrüldi. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny — «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek baradaky ýörite Kararnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde, olimpiýa gymmatlyklaryny wagyz etmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigiň tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Birleşen Milletler Guramasy bu möhüm resminamany kabul etmek bilen, halkara bileleşigiň welosiped sportunyň ähmiýetini wagyz etmegiň wajypdygyny hem-de adamyň beden we ruhy taýdan ösüşiniň möhüm serişdesi hökmünde uzak aralyga welosiped ýörişlerini geçirmegiň zerurdygyny ykrar edýändigini hem-de ýakyndan goldaw berýändigini tassyklady.

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylyny şöhratly şygara beslemek, döwrebap atlandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynyň asylly däbine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenis-tan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy uludan toýlanylan 2020-nji ýyl Diýarymyzyň, halkymyzyň durmuşynda uly ähmiýetli wakalara baý bolan ýyl hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden belleniljek 2021-nji ýylyň «Türkmenis-tan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem kalbymyzy egsilmez buýsanja besledi. Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýäde dabaralanýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy bolan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginden gözbaş alýan bu şygar bilen üstümizdäki ýylyň hem taryhy özgertmelere, uly wakalara beslenjekdigini ynam bilen aýtsa bolar. Elbetde, haýsy ýurtda sagdyn durmuş ýörelgesi, köpçülikleýin bedenterbiýe, ýokary netijeli sport rowaçlanýan bolsa, hut şol ýurduň ähli ulgamlarynyň ösüşler bilen gurşalýandygy, şol döwletiň raýatlarynyň bagtyýar, eşretli, sagdyn durmuşda ýaşaýandygy — adamzat jemgyýet

Baýrakly basgançaklarda

Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleri şatlykly, buýsançly wakalara beslenýär. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň birnäçesine Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy. Farap etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýlar Semenderowa hem şu baýraga mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Aýlar küşt oýnamagy gowy görýär. Ol orta mekdepde-de derslerine gowy ýetişýär, sportuň bu görnüşi bilen hem yzygiderli meşgullanýar. Olaryň tutuş maşgalasy küştüň muşdaklary.

Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

Gyşda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasla görä gün tertibini dogry alyp barmak, howanyň derejesine laýyklykda geýinmek zerur bolup durýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howatozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýlede howanyň sowamagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly we sowuk howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy hemde howanyň derejesiniň peselmegi netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär. Dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyzburun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär! Agyzburun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir.

Iň uly baýlyk — baş saglyk

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen döwlet derejesinde degişli çäreler geçirilýär. Alnyp barylýan bu işler her birimiziň saglygymyza has ünsli çemeleşip, ony gorap saklamaga borçlandyrýar. Kähalatda saglygymyza biperwaý garamagymyz, adaty arassaçylygyň ýönekeý düzgünleriniň berjaý edilmezligi dürli keselleriň, ýiti iýmit zäherlenmesiniň ýüze çykmasynyň we gaýra üzülmesiniň esasy sebäbi bolup bilýär. Hut şonuň üçin, azyklyk çig mallaryň saýlanyşyna, taýýarlanyşyna we saçaga äberilişine, iýmit önümleriniň, dürli tagamlaryň utgaşdyrylyşyna ünsi güýçlendirip, berjaý edilmeli düzgünleri talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Her bir maşgalada nahar taýýarlamak işi azyklyk çig maly satyn almakdan başlanýar. Şonuň üçin hem bu önümleri diňe azyk söwdasynyň satuwy rugsat berlen söwda nokatlaryndan — bazarlardan we azyk harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan dükanlardan almaly. Azyk önümleriniň söwdasy edilende, onuň belgileniş nyşanynda görkezilýän maglumatlara, ýagny hökmany suratda ýaramlylyk möhletine, saklanyş şertlerine, düzümine, daşky görnüşine, önümiň ysyna, reňkine we beýleki ýagdaýlaryna üns bermeli. Azyk önümleri satyn alnanda, çalt zaýalanýanlaryny, ýagny süýt, et we şöhlat, konditer, balyk we deňiz önümlerini, ýumurtgany diňe zerur mukdarda almaga endik edinmeli, ylaýta-da, howanyň yssy wagtlary bu endigi berk berjaý etmek

Dünýäniň ajaýyp stadionlary

Paýtagtymyzyň görki Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadiony 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. 20 müň tomaşaça niýetlenen bu stadionda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik bar. Bu ýerde woleýbol, basketbol, bouling, agyr atletika, boks, fitnes, gimnastika ýaly sportuň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen jemi 17 sany türgenleşik zaly, çagalara we ululara niýetlenen howuzlar hereket edýär. «Aşgabat» stadionynda dürli sport ýaryşlary hem üstünlikli geçirilýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan Watanymyz dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edildi. Ýurdumyzyň obalarynda, şäherçelerinde, şäherlerinde gurlup, ulanylmaga berlen dürli sport desgalary bu günki gün bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaş nesilleriň öz bedenlerini taplaýan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebi hem şolaryň biridir. Mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça 43 topar bilen türgenleşik işleri, okuw sapaklary geçirilýär. Ýyllyk iş meýilnamasy boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Lukmanlar, tälimçiler bilen maslahatlar we beýleki çäreler guralýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alyp, işgärleriň we mekdebimizde türgenleşýän türgenleriň saglygyna yzygiderli gözegçilik işleri ýola goýuldy. Möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmagyň düzgünleri barada ýygy-ýygydan guralýan çärelerde giňişleýin gürrüň edilýär.

Welosiped sporty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň nusgasy

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän peýdalydygy, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigi bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. 2018-nji ýyldan bäri Bitarap Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýunynda «Bütindünýä welosiped güni» giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni özüniň derwaýyslygy, döwrebaplygy bilen umumadamzadyň ünsüni özüne çekdi.

Dünýä çempionaty Aşgabatda geçiriler

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sport ulgamy hem uly üstünliklere beslendi. Sport, munuň özi diňe bir beden kämilligi bolman, eýsem, erkinligiň hem-de öz-özüňi ykrar etmegiň baş şerti bolup durýar. Sport häzirki döwürde jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ildeşlerimiziň aglaba bölegi, aýratyn hem, ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanýarlar. Bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşygyny, tagallalaryň utgaşmagyny emele getirýär. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bu babatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan sportuň ösdürilmegine, wagyz edilmegine gönükdirilen anyk çäreler babatda beýleki döwletlere görelde bolýar. Onuň şeýledigini welosipedçileriň halkara birleşiginiň 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny bermegi ýurdumyza bildirilýän ýokary ynamyň we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän sport syýasatynyň uly üstünliginiň subutnamasydyr. Ýurdumyzda sport çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolmak üçin edýän erjel hereketlerine güýç-kuwwat berýär. Bu ugurda amal edilýän beýik işleriň düýp özeninde hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramak, ýaş nesliň beden taýdan sag

Futbol habarlary

Maradonanyň ady stadiona dakyldy Italiýanyň Neapol şäheriniň futbol topary «Napoli» klubunyň öz duşuşyklaryny geçirýän «San Paolo» stadionynyň ady täzeden ebedileşdirildi. Stadion indi geçen ýylyň noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykan Diego Armando Maradonanyň adyny göterer. Bu barada şäheriň meri Luiji De Magistris: «Neapol şäheri Maradonany ägirt zehini, ukyby bilen 7 ýyllap çykyş eden «Napoli» toparyna «Serie A-da» 2 çempionlyk we beýleki abraýly kuboklar gazandyran ähli döwürleriň iň uly futbolçysy hökmünde hemişe ýatlar» diýip çykyş etdi. Argentinaly futbolçy Maradona 1984 — 1991-nji ýyllar aralygynda «Napoli» toparynda çykyş edipdi. Maradonadan ozal adaty toparlaryň biri hökmünde görülýän «Napoli» kluby onuň çykyş edýän döwürlerinde «Serie A-da» 2 gezek çempionlyk gazandy. Şol sanda klub onuň oýnan döwürlerinde UEFA Kubogyna, Italiýanyň Kubogyna hem-de Italiýanyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp bolýar.