Futbol habarlary

6 Ýanwar 2021
1696

Maradonanyň ady stadiona dakyldy

Italiýanyň Neapol şäheriniň futbol topary «Napoli» klubunyň öz duşuşyklaryny geçirýän «San Paolo» stadionynyň ady täzeden ebedileşdirildi. Stadion indi geçen ýylyň noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykan Diego Armando Maradonanyň adyny göterer. Bu barada şäheriň meri Luiji De Magistris: «Neapol şäheri Maradonany ägirt zehini, ukyby bilen 7 ýyllap çykyş eden «Napoli» toparyna «Serie A-da» 2 çempionlyk we beýleki abraýly kuboklar gazandyran ähli döwürleriň iň uly futbolçysy hökmünde hemişe ýatlar» diýip çykyş etdi. Argentinaly futbolçy Maradona 1984 — 1991-nji ýyllar aralygynda «Napoli» toparynda çykyş edipdi. Maradonadan ozal adaty toparlaryň biri hökmünde görülýän «Napoli» kluby onuň çykyş edýän döwürlerinde «Serie A-da» 2 gezek çempionlyk gazandy. Şol sanda klub onuň oýnan döwürlerinde UEFA Kubogyna, Italiýanyň Kubogyna hem-de Italiýanyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp bolýar.