Bilimli ýaşlar — Watan guwanjy

26 Maý 2024
397

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşlerini mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri döwrüň zerur talaplarynyň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagyna aýratyn üns berýär. Giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa, ynsanperwer ýaşlary taýýarlamagy we terbiýeläp ýetişdirmegi, ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasaplaýar. Olaryň döredijilik hyjuwlaryny ýüze çykarmak maksady bilen ähli şertler döredilýär.

Maýýa ÖWLÝÄGULOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.