Internet bäsleşigi

28 Maý 2024
189

Türkmen oba hojalyk institutynda genetika boýunça II internet bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige institutyň we ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan jemi 39 talyp gatnaşdy.

Genetika boýunça II internet bäsleşiginde talyplar genetika dersine degişli testleri çözmek arkaly bäsleşdiler, özleriniň zehin-ukyplaryny görkezdiler. Bäsleşige institutymyzyň agronomçylyk fakultetiniň talyplary Gözel Miriýewa, Aýşat Allaberdiýewa, Merjen Akyýewa, Leýla Mamudowa, Dawut Döwletgeldiýew dagy gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezdiler. Olar degişli Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Aýnabat KERIMOWA,
TOHI-niň uly mugallymy.