Bilim ojaklaryna döwrebap mebeller

1 Sentýabr 2023
1092

Bu gün paýtagt şäherimiziň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bilim ojaklary baýramçylyk lybasyna beslenip, okuwçy we talyp ýaşlary gujak açyp garşy alýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagty miýesser eden ýaşlara bu taryhy gün iň ýakymly hem buýsançly pursatlary bagyş eder. 2023-2024-nji okuw ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesline dünýä ülňülerinde gurlan döwrebap mekdepler, çagalar baglary gapylaryny giňden açýar.

Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp bilim ojaklarynyň täze binalaryny dabaraly ýagdaýda ulanyşa bermek asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen dünýä ülňülerinde gurlan orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň ençemesi açylyp ulanmaga berler. Hormatly Prezidentimiz körpeleriň, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Bilim ojaklary häzirki zaman enjamlary, döwrebap mebeller bilen üpjün edilýär. Täze bilim ojaklarynyň ýurdumyzda öndürilýän mebeller bilen üpjün edilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Aýbölek» mebel fabriginiň hünärmenleriniň uly goşandy bar. Ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinjileriň biri bolup mebel önümçiligini ýola goýan bu kärhanada häzirki wagtda çagalar baglary, orta, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleri üçin niýetlenen mebelleriň 200-den gowrak görnüşi öndürilýär. Telekeçiler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda bilim ojaklaryna niýetlenen zamanabap mebelleriň 5 müňden gowragyny öndürip, Bilimler we talyp ýaşlar gününe mynasyp sowgatly geldiler.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».