«Aýly ýaz» tebigatdan ylham alýar

21 Awgust 2023
786

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde döwletimiz tarapyndan hususy pudagy ösdürmäge uly goldaw berilýär, telekeçiler üçin giň mümkinçilikler, ýeňillikler döredilýär. Golaýda Daşoguz welaýatynda iş sapary bilen bolup, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri bolan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýetiniň işi bilen ýakyndan tanyşdyk.

Ekologiýa taýdan arassa we ter önümlerden gaplanan azyk harytlaryny taýýarlaýan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti «TERi» hem-de «Aýly sähra» haryt nyşany bilen duzlanan gök-bakja önümleriniň, miwe şerbetleriniň we mürepbeleriň jemi 50-ä golaý görnüşini öndürip, halkymyza hödürleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Hojalyk jemgyýeti Daşoguz şäherindäki pomidor goýutmasyny öndürýän zawodyň durkuny täzeläp, bu ýerde dürli görnüşli gaplama önümleri taýýarlaýan döwrebap önümçilik toplumyny döretdi. Munuň özi ýurdumyzda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary üstünlikli hususylaşdyrmagyň mysallarynyň biridir.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby, «Biznes reklama».