Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Bakylygyň beýany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir» diýip, aryf-akyldara ýokary baha berýär. Döwlet Baştutanymyzyň golaýda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzda akyldar şahyrymyzyň ýadygärligini açmaga görülýän taýýarlyklar barada habar berilmegi Gündogaryň beýik söz ussadynyň edebi mirasyna goýulýan hormat-sarpanyň ýene bir beýany hökmünde köňüllerimizi buýsanja besledi. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň ömri, durmuşy hakda alymlaryň aýdan sözleri ýüzýyllyklaryň dowamynda dünýä edebiýatynyň altyn sahypasyny bezäp gelipdir. Polýak ýazyjysy Aleksandr Hodzko-Boreýko, wenger alymy Arminiý Wamberi, Peterburg uniwersitetiniň professory I.N.Berezin, akademik W.W.Bartold, Ý.A.Bertels, F.A.Bakulin, A.N.Samoýlowiç, Ukrain Ylymlar akademiýasynyň akademigi A.E.Krymskiý bu ugurda uly işleri alyp bardylar.

Alabaý — milli buýsanjymyz

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň ilkinji aýynda, ýagny 25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Aşgabat we paýtagtymyzyň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Şol gezekki saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli baýlygy hasaplanýan alabaýlaryň ösdürilip ýetişdirilişiniň nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklanyp, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birine bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda işleriň gidişi bilen tanyşdy hem-de alnyp barylýan işler bilen baglylykda jogapkär ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz şol saparynda Türkmen alabaý itleriniň baýramy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyrylyp geçirilse maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk ýagdaýynyň ýokary derejede bolmalydygyny sargady.

Olar sežde edýär gözelliklere

Her bir maşgala ojagyny ýyladýan ýörelge bolýar. Biz şu makalamyzda öz döredijilikleri bilen diňe bir öz maşgala ojagyny däl, eýsem, gözellige teşne ýürekleri hem ýyladýan, sungata göwün beren bagtyýar maşgala barada söhbet etmegi makul bildik. Çagalar köplenç ata-enesiniň hünärini dowam etdirmäge döwtalap bolýarlar. Sungatyň taryhyna nazar aýlasak, suratkeşler maşgalalarynyň az däldigine göz ýetirýäris. Şolaryň biri bolan suratkeşler Umarowlaryň maşgalasynda hem esasy däp — döredijilikli zähmet çekmek.

Ýakymly duýgulara beslendi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Ahal welaýat kitaphanasy tarapyndan täsirli döredijilik duşuşyklarynyň, dabaralaryň, maslahatlaryň, söhbetdeşlikleriň, edebiýat agşamlarynyň köp sanlysyny geçirmek meýilleşdirilýär. Welaýat merkezinde ýerleşýän N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebinde geçirilen edebiýat agşamy hem şeýle çäreleriň biri boldy. Welaýat kitaphanasynyň neşirleri saklamak bölümi tarapyndan guralan edebiýat agşamy Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlandy. Onda çykyş edenler ussat kompozitoryň ömri we döredijiligi barada söz açdylar, onuň döreden sazlarynyň milli saz sungatymyzy ösdürmekdäki ähmiýeti hakynda gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, ussat kompozitoryň saz eserlerinde diňe bir gadymy milli däpler däl, eýsem dünýä tejribeleri, sungatynyň dürli görnüşiniň, şol sanda opera sungatynyň häzirkizaman ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

Ýylyň zenany

ÖŇŇIN Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň öňdebaryjy zenanlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzyň etraplaryndan hem-de Tejen şäherinden öňdebaryjy zenanlar gatnaşdy. Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň döredýän ajaýyp şertleridir mümkinçiliklerinden ruhlanan türkmen zenanlary ýurdumyzyň döwleti dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, jemgyýetçilik işlerinde we beýleki ugurlarda yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, kuwwatlanmagyna, şan-şöhratynyň arşa göterilmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şoňa görä-de, bu gün ata-babalarymyzdan gelýän ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza, ruhy gymmatlyklarymyza eýerilip, ýurdumyzda zenanlara uly sarpa goýulýar, olar hakda bimöçber alada edilýär, zähmetine mynasyp baha berilýär. Munuň özi Arkadagly döwrümiziň bagtyýar zenanlarynda egsilmez ruhubelentligi we ylham joşgunyny döredýär. Bu hakykata “Ýylyň zenany” atly özboluşly bäsleşigiň barşynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin boldy.

Aýdym bilen köňüllerimiz özgerýär (Döwürdeş)

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň etrap Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň tans toparynyň tansçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi, Ýaşlar baýragynyň eýesi Maýsa Myradowa bilen söhbetdeşlik ŞAHSY MAGLUMAT

«Aşgabat bahary» kinofestiwaly

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlap, ýurdumyzyň çäginde «Aşgabat bahary» atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny geçirýär. Kinofestiwal zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Sapaly durmuşyň waspy

Bagtyýar halkymyz zenanlary ýüzüniň tuwagy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplap, olara uly sarpa goýýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlary Diýarymyzyň döwlet dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, jemgyýetçilik işlerinde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzda dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen her ýyl «Ýylyň zenany» atly bäsleşik yzygiderli geçirilýär. Golaýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany — 2021» atly bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşikde etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar çykyş etdiler. Eziz Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar işewürlikde, halyçylyk bilen meşgullanmakda, çagalary terbiýelemekde, mukaddes topraga yhlas siňdirmekde, harby we hukuk goraýjy edaralarda köplere nusga bolýarlar. Zenanlar çykyşlarynda ata Watanymyzda gazanylýan ägirt uly tutumlaryň, ýetilen sepgitleriň, eýelenýän üstünlikleriň, sapaly durmuşyň waspyny ýetirdiler.

Maslahat geçirildi

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň agzalary bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Saýlawlar — milli demokratiýanyň kepili» ady bilen geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, Saglyk öýüniň lukmanlary gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, sagdyn nesli kemala getirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmeli işleriň iş meýilnamalary tassyklanyldy, beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler beýan edildi.

Gözlegimiz — ýaş zehinler

Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa, professor Kakajan Ezizow, dirižýor Mäne Meredow, pianinoçy Gözel Annamämmedowa, aýdymçy Roza Töräýewa, kompozitor Rejep Rejepow ýaly ussatlaryň ençemesi sungatyň ilkinji ädimlerini hut şu ýörite sazçylyk mekdep-internatyndan başladylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ösüşleriň, özgerişleriň zamanasy hökmünde taryhda altyn sahypalar bilen orun alýar. Bu günki gün milli gymmatlyklarymyzyň dünýä çykmagy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň özi-de halkymyzyň asyrlarboýy toplap gelen medeni-ruhy hazynasyna täze ömrüň bagyş edilmegidir. Bu babatda sungat işgärlerine, şol sanda aýdymçy-sazandalara-da uly orun degişlidir. Hut şu nukdaýnazardan hem biz Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda sungat äleminde mynasyp menzilleri dowam etdirjek ýaş zehinleri ýetişdirmekde ähli yhlas-başarnygymyzy siňdirip zähmet çekýäris.

Çowdur ýolunyň ussady

Dessançy halypa Palta Garaýew 1960-njy ýylda Gündogary öwrenijileriň Moskwadaky XXV halkara kongresine gatnaşýar. Şol ýerde bagşydan «Görogly» şadessanynyň birnäçe şahalary, tirme aýdymlary ýazylyp alynýar. Türkmen bagşyçylyk sungatynyň dürli ýollary bar. Olardan ahal, ýomut-gökleň, salyr-saryk, damana, ärsary we özboluşlylygy bilen tapawutlanýan çowdur ýoludyr. Şu ýollaryň hem her haýsysy özüniň ussat bagşy-sazandalary bilen tanalýar.

Halk aýdymlarynyň perwanasy

Roza Hudaýbergenowa köp ýyllaryň dowamynda «Pyýala», «Sen-sen», «Gyzlar geleýdi», «Gelinler», «Owazy geldi», «Kim biler», «Nowgül» ýaly aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdi. Geçen asyryň altmyşynjy-ýetmişinji ýyllarynda obamyzyň medeniýet öýüne welaýat filarmoniýasynyň artistleri konsert bermäge gelerdiler. Uzyn boýly, dolmuş göwreli, ýüz-gözleri mähirden doly, özüni örän salykatly alyp barýan görmegeý zenan, Türkmenistanyň halk artisti Roza Hudaýbergenowa sahna çykanda, dowamly el çarpmak bilen garşylaýardyk. Sebäbi biz onuň bilbil owazly aýdymlaryna aşykdyk. onuň ajaýyp keşbi göz öňümizden, şirin owazly aýdymlary häli-häzirem gulagymyzdan gidenok.

Innowasiýalar we kino

Häzirki wagtda dünýäniň iri kino şereketleri öz önümçiliginde kompýuteriň tehnologiýalarynyň iň häzirki zaman mümkinçiliklerinden has ýygy-ýygydan peýdalanýarlar. Ilki-ilkiler animasiýanyň kömegine ýüz tutulýan çylşyrymly görnüşleri beýan etmek üçin indi kompýuteriň iň bir çylşyrymly tilsimlerinden peýdalanmak adaty zada öwrüldi. Ýörite effektleriň peýdalanylmagy bilen režissýorlaryň öz pikirlerini açyp görkezmeklerinde mümkinçilikleriniň çägi giňedi. Bu günki gün dünýä kino öndürijileri kompýuter tehnologiýalaryny has täsin we kämil görnüşde ulanmakda bäsleşýärler. Biz bu babatda iň bir kämil saýylýan filmler barada gysgaça gürrüň etmegi makul bildik. «Alisa täsinlikler dünýäsinde». Režissýor Tim Berton 3D grafikasynda ilkinji synanyşygy bolan bu filmini surata düşürmek üçin Alisanyň hakyky dünýädäki öýünden başga ýekeje-de dekorasiýa gurulmandyr. Ähli wakalar pawilýondaky gök fonuň öňünde surata düşürilipdir.

Tans—gadymy sungat

Tans sungaty ynsanyň öz duýgularyny beýan etmek, ýüze çykarmak usullarynyň iň bir täsin görnüşleriniň biridir. Dürli halklaryň mundan müňýyllyklar öň diwar ýüzünde we beýleki zatlarda galdyran suratlarynda tansyň görnüşleriniň bolmagy onuň öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryna alyp gidýändigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin-de tans sungaty ilkidurmuş jemgyýetinde dörändir diýmäge esas bar. Gelip çykyşyny öwrenenlerinde, tanslary döwürlere, şonuň ýaly-da halklara, medeniýetlere bölýärler. Ýakyn Gündogarda tanslar dürli dessurlaryň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Mundan 3300 ýyl öňki döwre degişli bolan Bhimbetkiň (Hindistan) gowaklardaky suratlar, gadymy Müsürdäki gubur şekilleri muňa şaýatlyk edýär. Arheologik tapyndylar Gadymy Müsürde zenanlaryň toparlaýyn tanslarynyň hem bolandygyny subut edýär. Orta asyr derwüşleriniň dürli ruhy ahwala aralaşmak üçin edýän tanslary hem bellidir.

«Aşgabat bahary» kinofestiwaly

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň çäginde geçiriljek «Aşgabat bahary» atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny geçirýär. Kinofestiwal zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Wasp eýleýip bagtyýarlyk döwrüni

Gahryman Arkadagymyz ählihalk saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen günlerinden bäri geçen döwrüň içinde ýurdumyzda beýik özgertmeler gazanyldy, ozal görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetildi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüş depgini saklanylýar, jemi içerki önümiň öndürilişi ýylyň-ýylyna artdyrylýar. Bu türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny kepillendirýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň ilkinji günleri hem eýýämden üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp zähmet ýeňişleri, il agzybirligi, asuda, abadan durmuşymyz welaýatymyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň döredýän naýbaşy eserlerinde-de öz beýanyny tapýar. Ynha, golaýda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherindäki medeniýet merkezinde geçirilen baýramçylyk konserti hem turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Dabara welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli buýsanjymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak baradaky gadymy ýol-ýörelgeleri täze many-mazmun bilen kämilleşdirilip, olara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki gün milli buýsanjymyz hasaplanylýan türkmen alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» diýip bellemegi hem türkmen alabaýynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornunyň näderejede belentdigine buýsanç bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy, şol sanda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy bilen tanyşmagy we alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklanmagy hem örän buýsançly boldy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmeginiň, şol şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň çäginde alabaý itleriniň gözellik bäsleşiklerini gurap, bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen ala

Hünär ussatlygy

ÖŇŇIN Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşigiň nobatdaky tapgyry «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň çärelerine baý many öwüşginini berdi. Dokmaçy gelin-gyzlaryň arasynda uly meşhurlyk gazanan hünär bäsleşigi ýylyň-ýylyna aýratyn işjeňlige eýe bolýar. Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden toýlanyljak ýylynda geçirilen bu gezekki bäsleşik aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Onuň welaýat tapgyryna çeper elli gelin-gyzlar gatnaşmak bilen, hünär ussatlygyny we kärine egsilmez söýgüsini açyp görkezdiler. Bu babatda bäsleşigiň geçirilýän ýerinde Gökdepe etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de etrapdaky Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň we Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen ähli mümkinçiliklerdir şertler üpjün edildi. Munuň özi bäsleşigiň guramaçylykly geçmegine hem oňyn täsirini ýetirdi.

Watan – eýýamlaryň baky aýdymy

Eziz Watanymyzyň at-owazasynyň dünýä dolmagyna, bedew bady bilen gülläp ösmegine, ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taryhy ýeňişler bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny garşy almak, ýurdumyzyň her bir raýatynyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek we ýaş nesli ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Her bir zadyň gymmaty, owadanlygy oňa sarp edilen zähmetiň, siňdirilen yhlasyň möçberi bilen kesgitlenilýär. Şu nukdaýnazardan mähriban Watanymyzy dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgalyk merkezine öwren hormatly

Akyl - paýhasyň güýji — ýaşaýşyň täji

Ir zamanda bir ýetim ýetginjek bolup, ol iliň hyzmatyny edip, iýjegini gazanýan eken. Ýöne ol, täleýi ters gelip, gözagyry derdinden batyl bolýar. Bu ýagdaýa juda gynanan ýetginjek gije-gündiz Haka sygynyp, ýene-de gözüniň görmegini dileg edip, ýalbarypdyr. Ahyry onuň ýanyna bir ýagşyzada gelip: — Saňa üç zat getirdim — saglyk, maşgala, baýlyk. Ýöne sen şularyň haýsy-da bolsa birini saýlamaly — diýipdir.