Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Okuw maslahaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, paýtagtymyzda 12—16-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ABŞ-nyň «Iňlis dili hünärmeni» atly maksatnamasynyň çäginde bilim işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda iňlis dilini özleşdirmekde, kämil dil öwrediş serişdelerini artdyrmak bilen baglanyşykly dürli çäreleri geçirýär. Internet ulgamy arkaly alnyp barylýan maksatnama hünär kämilleşdiriş mümkinçiliklerinden ybarat bolup, iňlis dili mugallymlary we bilim işgärleri üçin niýetlenendir. Ady agzalan maksatnama sekiz hepde okuw möhletinden ybarat bolup, iňlis dilini öwretmegiň esasy ugurlaryny öz içine alýar. Geçirilen okuw maslahatynda ABŞ-nyň Teýlor uniwersitetiniň professory hanym Nensi Aklesiň çykyşy täsirli boldy. Ol iňlis dilini okatmagyň usulyýetinde özüniň toplan tejribesini türkmenistanly kärdeşleri bilen paýlaşdy.

Türkmen talyby — ÝUNESKO-nyň baýragynyň eýesi

12 — 14-nji awgustda Gazagystanyň Almaty şäherinde «Bilimde emeli aňy ulanmagyň etikasy» atly ÝUNESKO-nyň üçünji halkara modeli geçirildi. Onda ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Abdyleziz Saryýewiň işi «Iň gowy pikir we çemeleşme» ugry boýunça ýeňiji boldy. Dünýäniň 52 ýurdundan gatnaşyjy talyp ýaşlary bir ýere jemlän çäre iki sessiýadan ybarat bolup, olarda strategik teklipler tanyşdyryldy, sowallaryň we jogaplaryň sessiýalary, rezolýusiýalara ses bermek, şeýle hem ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň bilermenleri bilen onlaýn sapaklar geçirildi.

Röwşen geljegiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurt bähbitli kabul edilýän çözgütler eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna berilýän uly üns zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlara halkara ülňülere gabat gelýän bilim-terbiýe bermek maksady bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgerişler sanly we ýokary tehnologiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we milli ýörelgelerimize esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynda göz öňünde tutulan wezipeler işjeň durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, täze taryhy döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almaklaryny, hünär öwrenmeklerini we  ýokary tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny utgaşykly ýola goýmaklyga gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Talyplyk bagty

Zehinli ýaşlara giň ýol Talyplyk bagtyna mynasyp bolmak täze taryhy eýýamyň bagtyýar ýaşlarynyň müňlerçesine miýesser etdi. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýip, olara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, zehinli ýaşlaryň müňlerçesi özleriniň saýlan hünäri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby boldular. Şanly ýylda talyp bolan ýaşlarymyzyň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirýäris.

Bol harytly mekdep bazarlary

Ýene-de sanlyja günlerden güneşli Diýarymyzyň gül-gunçalary bolan bagtyýar çagalar döwrebap ak mekdepleriň gujagyna dolarlar. Şol arzyly güne çagajyklar ýakymly tolgunma bilen garaşýarlar. Ene-atalar bolsa täze okuw ýylynyň bosagasynda çagalaryny mekdep lybaslary, okuw esbaplary we beýleki zerurlyklar bilen üpjün etmegiň aladasyny edýärler. Bu babatda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilen mekdep bazarlary raýatlarymyza öz hyzmatlaryny hödürleýär.

Usuly-amaly okuwlar dowam edýär

Şu günler ähli bilim we terbiýeçilik edaralarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmekde bilim işgärleriniň her okuw ýylynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen usuly-amaly okuwlary möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir. Şu hepdäniň dowamynda 2023-2024-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, welaýatymyzyň etrap merkezlerindäki hem-de Daşoguz şäherindäki mekdeplerde bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen dowam edýär. Oňa bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýän ähli bilim işgärleri gatnaşýarlar. Usuly-amaly okuw geçirilýän bilim ojaklarynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän, şeýle hem döredijilikli işleýän mugallymlaryň iş tejribeleri boýunça sergiler guralýar. Usuly-amaly okuwlarda bilim işgärleri «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna, bilim ulgamyna degişli kabul ed

Mekdep bazarlary: okuw ýylyna taýýarlyk

Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji güni — 1-nji sentýabr barha golaýlaýar. Birinji synp okuwçylarynyň we öň mekdebe gatnaýan çagalaryň ata-eneleri hem bu dabaraly güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Merkezi bazarlarda, köçeleriň ugrunda açylan ýörite mekdep bazarlarynda okuwçylaryň mekdebe zerur esbaplary alyjylara hödürlenilýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarda mekdep bazarlarynda saba säherden okuw esbaplarynyň gyzgalaňly söwdasy başlanýar. Göze gelüwli göçme söwda nokatlarynda mekdep okuwçylarydyr talyplaryň ýetip gelýän täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyk görmekleri üçin zerur bolan okuw esbaplarynyň, kanselýariýa harytlarynyň, okuw eginbaşlarynyň köp görnüşleri bar. Mekdep bazarlaryna çykarylan harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzyň önüm öndürijileri, hususy we döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Türkmen telekeçileriniň dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri bolan okuw esbaplary, kanselýariýa we beýleki dürli harytlar, şeýle hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen eşikler, oglanlar üçin penjekler we galstuklar, gyzlar üçin reňkli köýnekler alyjylarda uly kanagatlanma döredýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Öňdebaryjy mekdepdäki iş-aladalar

Häzirki wagtda bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna giňden taýýarlyk görülýär. Kerki etrabynyň mekdeplerinde hem golaýlap gelýän täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görüldi. Iýul aýynyň ahyryna çenli etrapda bar bolan mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň ählisinde gowy hilli abatlaýyş we bejeriş işleri geçirildi. Bu işde etrabyň Çekir geňeşliginde ýerleşýän 24-nji orta mekdepde öwgä mynasyp işler bitirildi. Bu bilim ojagynda ilkinjilerin biri bolup, mekdebi täze okuw ýylyna taýýarlamak işlerini üstünlikli tamamlandy. Mekdepde 1400-den gowrak okuwçy bilim we terbiýe alýar, mugallymlaryň 88-si zähmet çekýär. Olaryň hemmesi hem öz işini gowy bilýän bilim işgärleri. Maksat Hudaýberdiýew, Kerwen Beghanow, Timur Allaberdiýew, Maral Ýazlyýewa, Möwlamberdi Möwlamow dagy synp otaglaryny täze okuw ýylyna taýýarlamakda kärdeşlerine görelde görkezdiler. Ýakynda biz bu öňdebaryjy mekdepde bolup, täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyk. Işleriň talabalaýyklygy göwnüňi göterýär. Synp otaglarynyň, dälizleriň reňkleriniň ýerine düşendigi, oňat bezelen diwarlyklaryň göze ýakymlylygy mekdebi has-da görke getirýär. Mekdebiň howlusynda oturdylan baglardyr güllere edilen gowy idegler bada-bat ünsüňi özüne çekýär.

Okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň usullary

Murgap etrabynyň bilim bölüminiň düzümindäki mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary işjeň ýagdaýda geçirilýär. Usuly-amaly okuwlarda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Milli bilim instituty tarapyndan taýýarlanan usuly maslahatlar we hödürlenen temalar boýunça pikir we tejribe alşylýar. Usuly-amaly okuwlar  etrabyň 18-nji, 19-njy, 36-njy orta mekdeplerinde, etrap merkezindäki «Bilim güzeri» okuw merkezinde, 1-nji, 6-njy çagalar bakja-baglarynda, «Ruhubelent» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde guramaçylykly geçirilýär.      Usuly-amaly okuwlarda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň  müdiri Ogulbaýram Meläýewa «Türkmenistanda  umumybilim  maksatnamalary  boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli  Konsepsiýasyna» laýyklykda pedagogik işgärleriň  hünär başarnyklaryny  ýokarlandyrmagyň we mugallymçylyk  ussatlygyny kämilleşdirmegiň ýollary», şol institutyň  dil we edebiýat bölüminiň uly ylmy işgäri  Gülaýym Sahatowa «Türkmen dili we edebiýat  derslerinde okuwçylaryň kommunikatiw başarnyklaryny  kemala  getirmegiň usullary» diýen temalardan eden çykyşlary üns bilen diňlenildi. Mary welaýat Baş bilim  müdirliginiň ýanyndaky  Hünär derejesini ýok

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

Mekdep bazarlary halkyň hyzmatynda Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu günler täze okuw ýylyna giňden taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň bazarlarynda hem mekdep bazarlary açyldy. Mary şäherindäki “Maru — şahu jahan” merkezi bazarynda hem türkmen telekeçileriniň harytlary elýeterli bahadan ildeşlerimize hödürlenilýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Tagallalar birleşdirilýär Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşli depgininiň bady artýar. Şeýle öňegidişlikler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has-da aýdyň duýulýar. Ajap eýýamymyzyň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli neslini kemala getirmekde durmuşa geçirilýän işlerem gowy netijesini berýär.

Röwşen geljege şamçyrag

Ýurdumyzyň mundan beýläk hem sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Bu maksada ýetmekde ylymdyr bilimiň orny uludyr. Şonuň üçin ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek hemişe üns merkezinde saklanýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, olaryň okuw-usulyýet taýdan üpjün edilişini has-da gowulandyrmakda ýetilýän sepgitler muny aýdyň görkezýär. Bilim ulgamynyň işine innowasion tejribeleri, okatmagyň ýokary netijeli döwrebap usullaryny ornaşdyrmakda alnyp barylýan işleri hem bularyň hatarynda görkezmek bolar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesillerine berilýän bilimiň döwrebaplygyna, hil taýdan halkara ülňülere laýyk gelmegine oňyn ýardam edýär. Bilimli, ylymly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde biziň — bilim işgärleriniň öňünde hem uly wezipeler durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz gujur-gaýratly, ylymly-bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda mugallymlaryň hyzmatynyň uludygyny aýratyn nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň çekýän zähmetimize berýän şeýle ýokary bahasyny, bildirýän belent ynamyny ödemek üçin biz barha golaýlaýan täze okuw ýylynda hem ähli ukyp-başarnygymyzy, toplan tejribämizi orta goýup, yhlasly zähmet çekeris.

Terbiýeçi-usulyýetçileriň usuly-amaly okuwlary geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda ýerleşýän 163-nji çagalar bakja-bagynda şäheriň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileriniň usuly-amaly okuwy geçirildi. Onda çagalary mekdebe netijeli taýýarlamak we olaryň geljekde üstünlikli okamaklaryny üpjün etmek üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we terbiýeçi-usulyýetçileriniň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek babatdaky işler hakynda bellenildi. Usuly-amaly okuwda şäherdäki 183-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Aýbibi Kümüşiýewa, 142-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Ogulkeýik Amanowa, 114-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Gurbangül Nuryýewa, 163-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Gunça Bäşimowa dagy çykyş etdiler. Olaryň «Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserlerini okuw-terbiýeçilik işinde ýerlikli peýdalanmagyň usullary», «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmek» diýen temalardaky çykyşlary täsirli boldy. Şeýle hem çykyşlarda sapagy täsirli guramagyň usullary dogrusynda hem bellenildi. Kompýuter tehnologiýalarynyň ähmiýeti, slaýd şekilleri bilen işlemegiň we görkezme esbaplardan peýdalanmagyň netijeli taraplary barada özara maslahatlaşyldy.

Bilim işgärleri pikir alyşýarlar

Şu günler Kaka etrabynyň orta mekdeplerinde pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen şygar bilen dowam edýär. Etrap bilim bölümi tarapyndan guralýan usuly-amaly okuwlara bilim işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Usuly-amaly okuwlarda bilim edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), bilim ulgamyna degişli kabul edilen Konsepsiýalara, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 ─ 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaklyga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşýar. Usuly-amaly okuwlaryň barşynda her bir okuw dersi boýunça aýratynlykda çykyşlar diňlenilýär.

Usuly-amaly okuwlar işjeňlige eýe

Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary Bäherden etrabynda hem guramaçylykly we netijeli ýagdaýda geçirilýär. Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan usuly-amaly okuwlar bilim işgärleriniň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Etrapdaky degişli mekdeplerde we çagalar baglarynda dowam edýän usuly-amaly okuwlara ähli bilim-terbiýeçilik ojaklarynda pedagoglar gatnaşyp, özara pikir we tejribe alyşýarlar. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň derejesini has-da kämilleşdirmekde, täze işjeň usullardan netijeli peýdalanmakda we beýleki möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda bu çärä möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, häzirki okuwlaryň guramaçylykly geçmegi ugrunda etrap bilim bölümi tarapyndan mynasyp tagallalar edilýär.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri STCW standartlary boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar

2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasynyň gurnamagynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri üçin, Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Deňizçileri taýýarlamak we olara diplom bermek hem-de wahtada durmak barada Konwensiýasyna laýyklykda hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça türgenleşik okuwy başlandy. Okuwyň dowamlylygy 5 gün. Bu türgenleşik okuwy türkmen deňizçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we sebitde deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar. Hünärmenler öz bilimlerini we başarnyklaryny mundan beýläk hem halkara ülňüleriniň iň soňky talaplaryna laýyklykda ösdürmäge mümkinçilik alarlar. Bu bolsa öz gezeginde, wezipelerini has netijeli ýerine ýetirmäge we Türkmenistanyň deňiz pudagynyň ösmegine goşant goşmaga ýardam eder.

Bilim — bagtyň açary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, bu gün ýurdumyzda bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly kämil nesli kemala getirmekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär, bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek ugrunda buýsanja mynasyp tagallalar edilýär. Diýarymyzyň çar künjünde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap mekdepler, çagalar baglary hem döwrümize mynasyp ýaşlary ýetişdirmek ugrunda edilýän tagallalaryň güwäsidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanylýar. Bu gün ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýetiň berilmegi, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslarynyň we usullarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bolsa, biz — bilim işgärlerini has-da buýsandyrýar.

Bolgariýadan hoş habar

5—11-nji awgustda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 31-nji Halkara matematika bäsleşigi (IMC-2024) geçirildi. Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London Uniwersitet Kollejiniň (University College London) Bolgariýa Respublikasyndaky Amerikan uniwersiteti (American University in Bolgaria) bilen bilelikde guran abraýly halkara bäsleşigine dünýäniň 59 döwletinden 400-den gowrak talyp gatnaşdy. Bäsleşikde türkmen ýaşlary hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Birnäçe gün dowam eden bilim bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gowy netije görkezmegi başardy. Şeýlelik-de şahsy hasapda 3 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç medala hem-de 8 höweslendiriji hormat hatyna mynasyp boldular.

Tejribe alşyldy

Düýn, hepdäniň duşenbe güni ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň gatnaşmaklarynda usuly-amaly okuwlar başlandy. Şeýle okuwlar Sarahs etrap bilim bölüminiň çäginde hem ýokary guramaçylyga eýe boldy. Etrapdaky 1-nji orta mekdepde jemlenen mugallymlaryň usuly-amaly okuwlary aýry-aýry ugurlar boýunça geçirildi. Başlangyç synp mugallymlarynyň okuwlarynda öňdebaryjy mugallymlaryň çykyşlary diňlenildi. Bu ýerde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda öňde durýan wezipeler» atly tema boýunça maslahatlaşyldy. Şeýle hem «Başlangyç synplarda okuwçylaryň dürs ýazuw başarnyklaryny kämilleşdirmekde diktantlaryň  dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmagyň usullary» diýen tema boýunça täzeçe usullar hakynda özara pikir alşyldy. Halypa mugallymlaryň maslahatlary aýratyn üns bilen diňlenildi. Başlangyç synplaryň okuwçylarynyň dürs ýazuw başarnyklarynyň kämilleşmeginde gündelik geçilýän derslerden soňra hem ýörite diktant depderlerini ýöretmegiň ähmiýeti taraplary dogrusynda aýdyldy. Ýaş hünärmenlere iş öwretme

Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň akademiýasy tarapyndan onlaýn okuwlara badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy martynda geçiren mejlisinde Awtomobil ulaglary halkara birleşigi (IRU) tarapyndan ygtyýar berlen okuw merkezini açmak barada Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigine «Türkmenistanyň halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiýasiýasy» (THADA) bilen bilelikde «Awtoulagda Halkara daşaýjylary taýýarlaýan okuw merkezi» hojalyk jemgyýetini açmak boýunça degişli işleri geçirmäge görkezme berildi. Okuw merkezi halkara gatnawlarda, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşaýan sürüjileri we ulag operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamagy göz öňüne tutýar.