Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ylymly ýaşlar geljegi gurýar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesinde “Ylymly ýaşlar geljegi gurýar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşyga Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň işgärleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdy. Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy ugrunda edilýän tagallalar we döredilýän giň şertler dogrusynda gürrüň edildi. Onuň barşynda halkymyzyň asyllylyk, edep-ekramlylyk, myhmansöýerlik, dostanalyk, agzybirlik ýaly asylly ýörelgeleri, ýaşlary bezeýän gylyk-häsiýetler, maşgala mukaddesligi barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Bilim işgärleri pikir we tejribe alyşdylar

Kaka etrabynyň orta mekdeplerinde pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlary üstünlikli geçirildi. 12—17-nji awgust aralygynda geçirilen usuly-amaly okuwlara etrabymyzyň bilim işgärleri işjeňlikde gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna baý öwüşgin beren usuly-amaly okuwlaryň barşynda bilim edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), bilim ulgamyna degişli kabul edilen Konsepsiýalara, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 ─ 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaklyga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bilim işgärleriniň etrap maslahaty işjeňlige eýe boldy

Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebinde etrabyň bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Oňa etrabyň öňdebaryjy bilim işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Bilim işgärleriniň etrap maslahatyna gatnaşyjylar, ilki bilen, öňdebaryjy bilim işgärleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Täzeçillige ýugrulan işleriň, görkezme esbaplaryň sergisi uly täsirleri galdyrdy. Soňra “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda öz işine başlanan maslahatyň işine bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar. Onda geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler barada durlup geçildi, 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipelere aýratyn üns çekildi.

Okuw-usuly maslahatlar guramaçylykly geçirildi

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek boýunça asylly işe bilim işgärleri öz goşantlaryny goşýarlar. Olaryň bu babatdaky tagallalarynyň oňyn netijesine bilim işgärleriniň 12-17-nji awgustda şäher we etraplar boýunça geçirilen usuly-amaly okuwlary hem-de maslahaty arkaly göz ýetirmek bolýar. Usuly-amaly okuwlar ýaş nesle bilim we terbiýe bermek boýunça öňdebaryjy iş tejribeleri ýüze çykarmakda hem-de ýaýratmakda, geçen okuw ýylynyň jemini jemlemekde we täze, 2024 — 2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Milli ýörelgelerimizden, dünýä tejribesinden ugur alyp, bilim berlişini kämilleşdirmekde, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, usulyýeti ösdürmekde, aýratyn zehinli çagalary ýüze çykarmakda we olara dünýä dilleriniň öwredilişini mundan beýläk-de gowulandyrmakda maksatnamalaýyn işler amal edilýär.

Bilim ulgamynda

Täze okuw ýylyna taýýarlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ylmy-usuly binýady barha berkidilýär. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda täze okuw ýylynyň öň ýanynda geçirilýän mugallymlaryň awgust usuly-amaly okuwlary aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri-de bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bolup durýar. Watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek wezipesini abraý bilen çözmekde bilim işgärleriniň iňňän jogapkärli, halal we döredijilikli zähmetine esasy orun degişlidir.

Mek­dep ba­zar­la­ry ila­tyň hyz­ma­tyn­da

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Ata-ba­ba ýol-ýö­rel­ge­le­ri­miz do­wa­mat-do­wam bol­ýan Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de ylym-bi­li­me, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä we spor­ta aý­ra­tyn ga­dyr-gym­mat go­ýul­ýar. 1-nji aw­gust­dan — 5-nji sent­ýab­ra çen­li do­wam ed­ýän mek­dep ba­zar­la­ry bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýän mö­hüm hem-de döw­let­li çä­re­dir.

Mekdep bazarlary barha gyzyşýar

Täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň hyzmaty ýola goýuldy. Mekdep bazarlary okuwçylar üçin ýokary hilli, elýeter bahalardan dürli okuw esbaplary, mekdep lybaslary bilen üpjün edilipdir. Bazarlara çagalarynyň elinden tutup, okuw ýyly üçin gerekli esbaplarydyr egin-eşikleri almaga barýan ene-atalaryň sany barha köpelýär. Toý-baýramlary şatlyk-şowhun bilen garşy alýan ildeşlerimiz üçin täze okuw ýylynyň başlanmagy özboluşly baýramçylykdyr. Bu baýramçylyga ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralýan bazarlarda täze okuw ýylyna taýýarlykly barmak üçin ähli şertler döredilipdir. Harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri bilen bir hatarda hususy önüm öndürijileriň öndürýän önümlerine, daşary ýurtlardan getirilen önümlere giňden orun berilipdir. Ýörite mekdep bazarlaryny, göçme söwda nokatlaryny paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda, ýerlerdäki bazarlarda görmek bolýar.

Özara pikir alşyldy

Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň usuly-amaly okuwy geçirildi. Onda «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyryň ömri we döredijiligi, ony ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmak barada çykyşlar boldy. Sapagy guramagyň döwrebap usullary boýunça pikir alyşdylar. Çykyşlarda usuly gollanmalardan peýdalanyp, çagalara bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmagyň ähmiýeti dogrusynda nygtaldy.  Maslahatyň barşynda mugallymlar dürli temalar boýunça taýýarlanan wideoýazgylara hem tomaşa etdiler.

Okatmagyň kämil usullary öwrenilýär

Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdebinde mugallymlaryň usuly-amaly okuwy işjeň ýagdaýda geçdi. Okuwda okatmagyň usullary, usulyýet tärleri, okuwçylaryň akyl ýetirijilik başarnyklaryny, öwrenijilik işjeňligini, konstruktorçylyk ukybyny, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmekde mugallymlaryň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek hakynda maslahatlaşyldy. Onda etrabyň 25-nji orta mekdebiň mugallymy Agageldi Hojaýew, 24-nji orta mekdebiň mugallymy Şageldi Ýabanow çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň ösüşlerine berýän ýardamlaryna çäksiz alkyş aýtdylar. Şeýle hem başlangyç synp okuwçylaryň hormatly Prezidentimiz tarapyndan şahsy kompýuterler sowgat berilmeginiň ähmiýetli taraplary dogrusynda bellediler.

Okatmagyň kämil usullary öwrenilýär

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlary guralýar.Ýokary derejede guramaçylykly geçirilýän okuwlar mugallymlaryň özara pikir alyşmagyna hem-de tejribe toplamagyna uly ýardam edýär. Mugallymlaryň okuw tejribesini baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilýän maslahatlar ähli mugallymlarda uly täsir galdyrýar. 16-njy awgustda Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinde usuly-amaly okuwy hem işjeň ýagdaýda geçdi. Bu ýerde bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň ýollary, usullary, okuw dersleri boýunça okuw maksatnamalaryny we sapaklary täzeçe usulda guramagyň ýollary hakynda aýratyn gürrüň edildi. Okuwlarda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryna, olaryň berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerinde ýurdumyz tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygy barada çykyşlarda bellenildi. Ogulbibi ÖDEGULYÝEWA,Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.

Tejribe alşyldy

Gyzylarbat etrap bilim işgärleriniň 16-njy awgust güni geçirilen usuly-amaly okuwlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeleri, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin durlup geçildi. Usuly-amaly okuwlarda öz hünärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary guraldy.

Tejribe alşyldy

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymlarynyň okuw maslahaty işjeň ýagdaýda geçdi. Okuw maslahatynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň hünärmeni Aýna Baýjanowa, takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 69-njy orta mekdebiň mugallymy Hallygözel Baýramowa çykyş etdiler. Olaryň «Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça okuwçylara sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berjaý etmegi öwretmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň usullary», «Başlangyç synplarda okuwçylaryň arassa we dürs ýazuw başarnyklaryny kämilleşdirmekde diktantlaryň dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmagyň usullary» diýen temalaryň üstünde aýratyn durup geçdiler. Bular boýunça sowal-jogaplar hem alşyldy.  Aýna JORAÝEWA, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.

Usuly-amaly okuwlar guramaçylykly geçirilýär

16-njy awgustda Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde himiýa dersi boýunça okadýan mugallymlaryň gatnaşmagynda usuly-amaly okuw geçirildi. Onda 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Aknur Çaryýewanyň «Işjeň usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, himiýa sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmek» diýen tema boýunça çykyşy täsirli boldy. Onda mugallymlar sapagy täsirli guramagyň usullary, görkezme esbaplary ulanmagyň ähmiýeti, okuwçylaryň kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanyp bilmek başarnyklarynyň ähmiýetli taraplary barada hem maslahatlaşdylar. Ýaş hünärmenlere halypa mugallymlaryň iş tejribelerinden öwrenip, sapagy kämil usulda guramalydygy dogrusynda hem maslahatlar berildi. Japarguly GAROWOW, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň başlygy.

Tejribeler kämilleşdirilýär

Şu gün, 16-njy awgustda Ahal welaýatynyň orta mekdepleriniň 15-sinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 7-sinde bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlaryny geçirmek meýilleşdirildi. Usuly-amaly okuwlarda bilim işgärleri «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalara laýyklykda okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim işini döwrebap guramak boýunça peýdaly maslahatlar diňlenildi.

Täsirli geçdi

Sakarçäge etrabynyň 5-7-8-nji çagalar bakja-baglarynda terbiýeçileriň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirildi. Bu usuly-amaly okuwlara etrabyň 18 sany çagalar baglaryndan 80-den gowrak terbiýeçi gatnaşdy. Usuly-amaly okuwlarda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020—2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipeler dogrusynda durlup geçildi. Şeýle-de, okuwlaryň dowamynda tejribeli terbiýeçileriň taýýarlan  slaýd şekillerine,  sapaklaryna hem tomaşa edildi.  

Ylym-bilim ulgamy — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady

Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen, milli ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär.

Çäksiz mümkinçilikleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek ugrunda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi durmuş-ykdysady ösüş babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy doly sanlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tejribäni hem-de kämil işleri öwrenmek we özleşdirmek zerurdyr, diňe taýýar çözgütlere däl-de, eýsem, öz ylmy tehnologik kuwwatymyza esaslanan sanly nusganyň döredilmegini ugur edinmelidir. Bu ugurda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” aýratyn ähmiýete eýedir. Bu resminamada kesgitlenen çäreleriň amala aşyrylmagy maglumat-bilim gurşawyny döretmäge hem-de ähli tapgyrlardaky okuwy elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmaga, halkara ülňülerine laýyk derejesinde ugurdaş usulyýetleri kämilleşdirmäge ýardam etmelidir.

Ab­raý­ly bäs­le­şik­den 14 me­dal!

Türk­men ta­lyp­la­ry 5 — 11-nji aw­gust­da Bol­ga­ri­ýa­nyň Bla­go­ýew­grad şä­he­rin­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Lon­don uni­wer­si­te­ti­niň kol­le­ji­niň ýurt­da­ky Ame­ri­kan uni­wer­si­te­ti bi­len gu­ran 31-nji hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka bäs­le­şi­gi­ne (IMC — 2024) gat­na­şyp, üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. 60-dan gow­rak ýurt­dan 400-den ag­dyk ta­lyp bäs­le­şen olim­pia­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň, Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry gat­na­şyp, olar­dan 14-si dür­li de­re­je­dä­ki me­dal­la­ra, has ta­ky­gy, 3 al­tyn, 3 kü­müş, 8 bü­rünç me­da­la we hö­wes­len­di­ri­ji Hor­mat hat­la­ry­na my­na­syp bol­du­lar. Bäs­le­şi­ge 60-dan gow­rak ýur­duň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len «The Most Ef­fective Te­am Lea­ders in IMC — 2024»

Gel­jek­ki hi­mik­le­riň Er-Ri­ýad­da­ky üs­tün­li­gi

Ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 56-njy hal­ka­ra hi­mi­ýa olim­pia­da­sy­na gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Bu ab­raý­ly hal­ka­ra ders olim­pia­da­sy­na dün­ýä­niň 87 döw­le­tin­den 387 okuw­çy gat­naş­dy. Bäs­le­şi­ge gat­na­şan Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň 11-nji synp okuw­çy­sy R.Ju­ma­ýew we 12-nji synp okuw­çy­sy A.Ata­ja­no­wa kü­müş me­da­la, şeý­le hem şol mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy D.Döw­le­tow, 12-nji synp okuw­çy­sy J.Ak­my­ra­do­wa bü­rünç me­da­la my­na­syp bo­lup, hi­mi­ýa der­sin­den ýo­ka­ry bi­lim de­re­je­le­ri­ni gör­kez­me­gi ba­şar­dy­lar.

Bilim işgärleriniň iş tejribeleri artdyrylýar

15-nji awgustda Mary şäherindäki 10-njy orta mekdepde mugallymlaryň gatnaşmagynda usuly-amaly okuw geçirildi. Onda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde kabul edilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-­nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler» diýen tema boýunça çykyşlar edildi. Olar bu Konsepsiýa laýyklykda,  okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek başarnyklaryny we endiklerini kämilleşdirmekde, şahsyýete gönükdirilen okuwy kemala getirmekde innowasion çemeleşmelerden peýdalanmagyň ähmiýetli taraplary dogrusynda aýdyldy. Multimedia tagtasynda taýýarlanan tanyşdyryşlara hem tomaşa edildi. Altyngözel GURBANDURDYÝEWA,Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy.