Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ylym — bagtyň binýady

Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň özenini düzýän gymmatly baýlyklaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Kämil ylymly, bilimli, Watana, il-güne wepaly nesilleri kemala getirmek, asylly hem-de jogapkärli käriň eýesi bolan mugallymlarymyzyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämiziň esasy wezipeleriniň biridir» diýmeginiň baş maksady — bu ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine, ylmyň gazananlary bilen içgin tanyşmagyna, ylma bolan höwesiniň artmagyna amatly şertleri döretmek arkaly, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ylmyň, tehnologiýanyň adamzadyň aňynyň güýçli depgin bilen ösýän, halkara gatnaşyklarynyň has täze hem oňyn görnüşlere eýe bolýan zamanasynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda belent derejelere ýetirmek maksady bilen beýik işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ylma höwes döretmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ylmy işleriň bäsleşigi yglan edilýär. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ylma höwesli ýaşlaryň ençemesi yzygiderli gatnaşyp, ylmy işler bilen çykyş edip, ýeňiji bolmak bagtyny ykballaryna ýaran e

Ýurdumyzyň dowardarçylyk pudagyny senagat esasynda ösdürmegiň ugurlary

Maldarçylyk pudagy ilatymyzy azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatymyzyň maldarçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallardan alynýan önümleriň mukdaryny köpeltmek, baş sanyny artdyrmak boýunça anyk wezipeler goýuldy. Bu wezipelerden ugur alnyp, dowardarçylyk pudagynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň dowardarçylyk pudagynda dowarlar ýylyň bütin dowamynda öri meýdan şertlerinde bakylýar. Şonuň bilen baglylykda, olaryň et-ýag we ýüň önüm berijiligi gönüden-göni ýurdumyzyň tebigy, howa we öri meýdan, ot-iým şertlerine bagly bolup durýar. Dowarlar ekstensiw şertlerde, ýagny öri meýdan şertlerinde saklananda, olar et-ýag we ýüň öndürmek boýunça özünde jemlenen genetiki potensialy (mümkinçiligi) doly derejede ýüze çykaryp bilmeýär. Emma dowarlar üçin amatly şertler döredilende, olaryň et-ýag we ýüň önümliligi ýokary bolýar.

Kompýuter tehnologiýalary

«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022 Hä­zir­ki wagt­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den ýaý­ra­ma­gy bi­len komp­ýu­te­riň nä­me­di­gi­ni dü­şün­dir­mä­ge ze­rur­lyk ýok. Em­ma bi­ziň ag­la­ba­myz «komp­ýu­ter» sö­zü­niň türk­men di­lin­de «ha­sap­laý­jy» diý­me­gi aň­lad­ýan­dy­gy­ny bil­me­ýän bol­ma­gy­myz ah­mal. Komp­ýu­ter il­ki­baş­da dö­re­di­len­de, di­ňe ha­sap­la­ýyş iş­le­ri üçin ni­ýet­le­nen en­jam bo­lup­dyr. Soň­ra ola­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­me­gi bi­len komp­ýu­ter­ler san gör­nü­şin­de be­rip bol­ýan is­len­dik mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ýa­ram­ly bo­lup baş­la­ýar­lar.

“Ylymly il ozar”

“Ylymly il ozar” diýlip, ýöne ýere aýdylan däldir. Çünki ylym ähli ösüşleriň seresidir. Ylym ulgamyndaky gazanylan üstünlikler bolsa ähli ugurlardaky ösüşleriň we özgerişlikleriň hamyrmaýasydyr. Hut şonuň üçin hem berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmeklige döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda galkynýan ýurdumyzda milli ylym ulgamy günsaýyn däl-de, eýsem, sagatsaýyn, minutsaýyn özgerip barýar. Bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary hilli bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, gözellik babatda gözüňi dokundurýan bilim ojaklarynyň ýaşlar üçin gapysyny giňden açmagy ylym-bilime bolan höwesi artdyrýar. Şol döwrebap orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesliň aň-biliminiň ähli taraplaýyn ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Ylmyň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny

Ýaş nesliň abadançylygy – täze eýýamyň rowaçlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Berkararlyk döwrüniň eşret nuruny boldan eçilýän günlerinde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär. Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraply hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Diýarymyzda täzeçil ösüşe, ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine, senagat düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi

Yl­my iş­le­riň äh­mi­ýe­ti

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de ylym-bi­li­mi ös­dür­mek, ýaş alym­la­ry taý­ýar­la­mak iş­le­ri üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ba­bat­da ylym-bi­li­me in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar, ýaş nes­liň öw­re­ni­ji­lik iş­jeň­li­gi we öz­baş­dak pi­kir­len­mek en­di­gi ös­dü­ril­ýär. Mu­gal­ly­myň ýa-da yl­my iş­gä­riň işi­niň ne­ti­je­si­ne tä­sir ed­ýän ýag­daý­la­ry şert­li iki to­pa­ra böl­mek bo­lar: bi­rin­ji­si — iş­gä­riň zäh­me­tiniň ne­ti­je­li­li­gi­ne tä­sir ed­ýän we ikin­ji­si — mu­gal­ly­myň ýa-da yl­my iş­gä­riň öz zäh­me­ti­ne bag­ly so­rag­la­r.

Dil bilmek – dünýä göz ýetirmek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe Arkadagly Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem milli Liderimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Milli Liderimiz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul etdi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem Arkadagly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örboýuna galýar. Bu babatda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, de

Ylymly ýaşlar röwşen geljegimizdir

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrebap ylym-bilim ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Hünärine ussat, häzirki zaman sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary ýetişdirmek — döwrüň talaby. Şu maksatdan ugur alyp, ýaşlary ylma çekmekde döwlet derejesindäki çärelere, ylmy işler boýunça bäsleşiklere giň gerim berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkeziniň, şeýle-de onuň garamagynda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda jemi 50-ä golaý ýaş alymlar merkezleriniň açylandygyny bellemelidiris. Jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döredilen bu merkeziň maksady ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, zehinli ýaşlary ylmy-tehniki we gözleg işlerine çekmäge, täze ylmy açyşlara bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge gönükdirilendir.

Aşgabatda “Sanly çözgüt-2022” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Aşgabatda "TürkmenTel-2022" XV Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady, onuň öňüsyrasynda "Sanly çözgüt-2022" atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi, forumyň dowamynda bolsa bäsleşigiň netijeleri jemlendi. Biz onuň käbir netijelerini hödürläris. Bu bäsleşige 250 töweregi ylmy taslama hödürlenip, olaryň arasynda talyplar, ýokary synp okuwçylary we ýaş IT hünärmenleri bar.

Ylym — ynsanyň kuwwaty

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşygynda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda gazanylan üstünlikler babatda giňişleýin gürrüň etmegi durmuşymyzda buýsançly wakalaryň biri boldy. Ýaşlar ata Watanymyzyň geljegi hasaplanylýar. Inžener-tehniki ugurda türkmen hünärmenleriniň hem-de ýaş alymlarynyň kemala gelmeginde halypa-şägirtlik ýoly has zerur bolup durýar.

Şorlaşan ýerleriň özleşdirilişi: ylmy barlaglar, oňyn netijeler

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň oba hojalyk, daşky gurşawy goramak ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde durýan möhüm wezipelere laýyklykda, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, ýerleriň ulanylyş medeniýetini kämilleşdirmek, şeýle-de olaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda çölleşme hadysasyna garşy göreşmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, şorlaşan ýerleri özleşdirmek boýunça görülýän çärelerdir alnyp barylýan ylmy-barlag işleri-de öz netijeliligi bilen tapawutlanýar. Biz hem şular barada gyzyklanyp, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Biodürlülik barlaghanasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Baýrammyrat DURDYÝEW bilen söhbetdeş bolduk. — Baýrammyrat aga, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, adamlaryň ekologik medeniýetliligini ýokarlandyrmaga, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga döwlet syýasatynda möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda türkmen ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada gürrüň beräýseňiz!

Mekgejöwen silosyny taýýarlamagyň we saklamagyň netijeli usuly

«Malym — janym» diýýän çarwa ata-babalarymyz mallary, dowarlary ýyly we dok gyşlatmak üçin öňünden alada edip, ot-iýmlik gorlaryny döredipdirler. Bu däp biziň şu günlerimizde hem dowam etdirilýär. «Oty köpüň – maly dok» diýen pähime uýýan maldarlarymyzyň alyp barýan işleri hem muny aňryýany bilen tassyklaýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň birnäçesi hereket edýär. Şol toplumlaryň ählisinde mallaryň güýz-gyş döwründe talabalaýyk idedilmegini üpjün etmek maksady bilen, silosyň we senažyň ýeterlik mukdary taýýarlanylýar.

“Yhlas bile bir kämile gol beren...”

Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň işgärleri Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda maksatnamalaýyn, netijeli gözlegleri alyp barýarlar. Olar gowaçanyň ýurdumyzyň toprak hem howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly täze sortlaryny döredip, önümçilige ornaşdyrýarlar. Merkeziň uly ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Rejepmyrat Berdimyradow öz manyly ömründe zähmet ýolunyň 58 ýylyny gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bilen bagly işlere bagyşlan halypa alymlaryň biridir. Ol Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Çarlakýap obasynda önüp-ösýär. Şol wagtky Türkmen oba hojalyk institutyna (häzirki S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) okuwa girýär we onuň agronomçylyk bölümini üstünlikli tamamlaýar. Ýaş hünärmen 1964-nji ýylda Ýolöten seleksiýa stansiýasynda ylmy işgär bolup işe başlaýar.

Mag­tym­gu­ly­ny öw­re­niş yl­my­nyň us­sa­dy

(«Al­nym­da Mag­tym­gu­ly» ma­ka­la­lar top­lu­myn­dan.) Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni çuň­ňur we her ta­rap­la­ýyn öw­ren­mek, yl­my esas­da der­ňe­mek, bu ugur­da alym­la­ryň bi­ti­ren iş­le­ri­ne na­zar sal­mak mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Ýurdumyzda ýene-de bir elektron žurnal dörediler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän düýpli we amaly taýdan ähmiýetli ylmy barlaglar, “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak syýasatyndan ugur alnyp, häzirki wagtda oba hojalygy, lukmançylyk, derman, azyk we himiýa senagatlary, ekologiýa, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ileri tutulýan ugurlarda ylmy barlaglar alnyp barylýar.

Hünärli, bilimli ýaşlar kemala gelýär

Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol syýasatyň esasynda döwletimizde beden taýdan sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, ýaşlaryň okamaklary, öwrenmekleri üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, iň kämil tehnologiýalary ulgama giňden ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagynda hem işine ökde, kämil hünärmenleri taýýarlamak, pudagyň ösüşlerini has ýokary derejelere ýetirmek, iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün etmek, amatly iş şertlerini döretmek boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu babatda mekdebimizde-de döwrebap işler ýola goýulýar, jemi on sekiz hünär boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Olaryň aglaba bölegi nebitgaz pudagy boýunça ýörite hünärlerdir. Mekdebimiziň döwrebap kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda talyplara internet ulgamyndan peýdalanmaklyga mümkinçilik döredildi. Talyplar okuwdan boş wagtlarynda dürli bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary görkezijilere eýe bolýarlar. Bu bolsa bizi diýseň begendirýär.

Gahryman şahyr bilen döredijilik duşuşygy

Düýn Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bu baýry ýokary okuw mekdebiniň uçurymy, Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Talyp ýaşlar bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda şahyr institutda döredilen Gahrymanlaryň döredijilik otagy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, bu otag şu ýylyň iýun aýynda baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçiren Gahryman Arkadagymyzyň teklibi esasynda döredildi. Döredijilik otagynda institutyň uçurymlary — Türkmenistanyň Gahrymanlary Gözel Şagulyýewa we Çynar Rüstemowa bilen bagly gymmatlyklaryň uly toplumy jemlenildi.

Magdan ýataklarynyň barlanyş derejesiniň çykdajylara täsiri

Magdan ýataklarynyň gorlarynyň barlanyş derejesine baglylykda, olary ulanmagyň netijeleri örän düýpli tapawutlanýar. Magdan gorlary näçe takyk barlanylan we öwrenilen bolsa, şonça-da şahtanyň önümçilik kuwwatyny, dag işleriniň tehnologiýasyny saýlap almak boýunça ýalňyşlyklar az hem-de magdany gazyp almak we gaýtadan işlemek üçin çykdajylar pes bolýar. Emma geologiýa-barlag işleriniň takyklygyny ýokarlandyrmak barlag işleri üçin çykdajylaryň artdyrylmagyny talap edýär. Meselem: C2 derejeli gorlary A+B derejelere ýa-da C1 derejä geçirmek üçin geologiýa-barlag işlerine çykarylýan çykdajylary birnäçe esse artdyrmaly bolýar. Geologiýa-barlag işleriniň häzirki bar bolan ugrukdyryjy görkezmeler bilen şertlendirilýän gorlar baradaky ýeterliksiz takyklykdaky maglumatlary zerarly magdan ýatagy özleşdirilýän döwründe serişdeleriň aşa sarp edilmegine, ýer jümmüşiniň nädogry ulanylmagyna getirýär, ýagny magdanlar toplumlaýyn doly özleşdirilmeýär. Bu aşa çykdajylar, meselem, çylşyrymly magdan ýataklarynda känleriň we baýlaşdyryjy fabrikleriň gurluşygy üçin maýa goýumlaryň tas ýarysyna ýetýär. Şonuň bilen baglylykda, geologik barlagda we özleşdirmekde bir wagtda esaslandyrylmadyk köp sanly magdanyň ýüze çykmalary bolup bilýär we tebigy obýektleriň mukdar sany ýazylýar. Dag-magdan senagatynyň dürli kärhanalarynda gazylyp alynýan baýlyklaryň ýataklaryny barlamak we özleşdirmek toplumlaryň tehn

Möhüm ähmiýetli çäre

Şu gün, ýagny 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen bilelikde ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerinde edilen ylmy açyşlara bagyşlanan çäre geçirdi. Onda Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Antropologiýa we etnologiýa institutynyň ylmy işgäri Nadežda Anatolýewna Dubowa talyp ýaşlaryň öňünde okuw sapagy bilen çykyş etdi. Alym zenanyň Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki türkmen-rus ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk edýändigini aýratyn bellemek gerek. Munuň özi onuň ýurdumyzyň gadymy ýadygärlikleri boýunça ylmy açyşlary etmekde uly goşandynyň bardygyny alamatlandyrýar.

Tehnologiýalar merkezi: döwrebap tejribeler we innowasiýa hyzmatdaşlygy

28-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi habar berlip, merkeziň binýadynda «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Munuň özi Tehnologiýalar merkezinde düýpli ylmy barlaglary alyp barmak işini höweslendirmekde, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligini türkmen ylmynyň gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşdyrmakda täze üstünliklere badalga berýän möhüm ädimdir.