Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maddy gymmatlyklar bilen bir hatarda halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary milli ruhy ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy nukdaýnazardan düýpli öwrenilýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen edebiýaty dünýäniň ruhy genji-hazynasynda özüniň örän köp döredijilik şahsyýetleri bilen mynasyp orun eýeleýär. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň aýratyn orny bar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini halkara giňişliginde wagyz etmek maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde «Magtymguly Pyragy — dünýä edebiýatynyň görnükli wekili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, ylmy işgärleri hem gatnaşdy.