Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Müňýyllyklaryň owazy

Gadymy Änew medeniýeti halkymyzyň taryhyny we medeniýetiniň özboluşlylygyny öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki gadymy şäherde irki döwürlerde ekerançylygam, binagärligem, medeniýetem gülläp ösüpdir. Muňa taryhy tapyndylar şaýatlyk edýär. Ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen, öküziň, atyň, düýäniň we beýleki ýabany haýwanlaryň eldekileşdirilen mekany bolandygy baradaky maglumatlar, XV asyrda bina edilen Seýit Jemaleddin metjidiniň binagärlik aýratynlyklary munuň subutnamasydyr. Şäheriň «Änew medeniýeti» ady bilen meşhur bolan şöhratly taryhy dünýäniň belli alymlarynyň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni özüne çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby gadymy şäheriň geçmişi hem-de uly ösüşleri başdan geçirýän häzirki günleri baradaky gyzykly gürrüňleri, baý maglumatlary özünde jemleýär. Bu ajaýyp kitap müňýyllyklaryň owazy bolup, kalbyňda ýer edýär, şanly taryhymyza, ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluna buýsanç döredýär. Hormatly Prezidentimiz ajaýyp kitabynda: «2024-nji ýylda Änew şäheri — «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty». 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly. Bu şanly wakalaryň gerimi giňden tutulýar. Bu başlangyçlar täze gözýetimleri açar, täze maksatlara badalga berer. Pähim-paýhasyň ebediligini taryhyň mysalynda ýene bir gezek dabaralandyrar, ony dünýä ýaýar» diýip belläp geçýär. Bilşimiz

Taryhymyzy, medeniýetimizi wagyz edýäris

Biz döretmäge, gurmaga ähli şert-mümkinçilikler bolan ajaýyp döwürde ýaşaýarys. Merdana ata-babalarymyz hem taryhyň dowamynda dünýäniň çar künjeginde ençeme döwletleri gurupdyr. Dilini, dinini, ahlak gymmatlyklaryny yzygiderli kämilleşdiripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Diýarymyzyň üstünden alys illere kerwenler geçip, şolar bilen söwda-satyk işleri üçin giden ildeşlerimiz uzak ýurtlardaky milletleriň medeniýetini öwrenipdirler. Şonuň bilen birlikde, öz medeniýetimizem dünýä ýaýylypdyr. Elbetde, şunda kitaplaryň we kitaphanalaryň orny hem ýokary bolupdyr. Şöhratly geçmişimizi, pederlerimiziň gahrymançylykly ýollaryny, taryhymyzy içgin öwrenmekde kitaphanalaryň hyzmaty hemişe-de zerurdyr. Biz — kitaphana işgärleri şöhratly taryhymyzy, ata-babalarymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny wagyz etmekde tagallalarymyzy gaýgyrmaýarys. Wagyz işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet-galamyndan çykan ajaýyp eserleri esasy gollanmalarymyz bolup durýar. Kitaphanamyzyň okyjylary bilen duşuşyklary hem yzygiderli geçirýäris. Okyjylarymyzyň aglaba bölegi bolsa ýaşlar bolup, şeýle çäreler olarda uly täsirleri galdyrýar.

Zergärleriň bäsleşigi

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde “Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan zergärçilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, höwesjeň zenanlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna ildeşlerimiz höwesli gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň zergärçilik sungatynyň milli aýratynlygyny, zergärleriň milli mirasymyzyň gymmatlyklaryna sarpasyny açyp görkezmek, zergäriň döredijilik ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, zergärçilik sungatyna höwesini ýokarlandyrmak, şeýle-de ýaşlarda zähmetsöýerligi ösdürmek maksady bilen geçirilen bäsleşik şertleriň birnäçesinden ybarat boldy. Şoňa laýyklykda, bäsdeşler senetçiligiň nesilden nesle geçip gelýän däpleri, zergärçilik sungatyna degişli işleriň özboluşly aýratynlygy barada gürrüň berdiler, zergärçilik işiniň bir bölegini ýerine ýetirmekde başarnygyny görkezdiler, öz döreden zergärçilik işini labyzly okan goşgudyr gazalynyň, ýerine ýetiren aýdymynyň üsti bilen wasp etdiler.

Gadymy topragyň şöhraty

Halkymyzyň aňyrsyna göz, tarypyna söz ýetmeýän baý taryhy, gaýtalanmajak medeni-mirasy, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan gadymy ýadygärliklerimiziň, milli medeniýetimiziň umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Taryhyň taryply ýollarynda möhüm orny eýeleýän gadymy Änew şäherimiziň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleriň buşlukçysy bolup ýüreklere doldy.

Mukaddes köpri

Türkmen milli medeniýeti umumadamzat gymmatlygynda mynasyp orun alýar. Medeniýet halklaryň özara düşünişmeklerinde, ynanyşmaklarynda, ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmeklerine ýardam berýär. Bu diplomatiýa hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşary döwletlere saparlarynyň çäklerinde geçirilýän medeni meýilnamalarda, dürli halkara forumlarda milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan sergilerde, ýurduň medeni durmuşyndaky möhüm çäreleri halkara derejesinde belläp geçmekden başlap, däbe öwrülip galan medeni çärelere çenli dürli görnüşde ýüze çykýar. Şeýlelikde, medeniýet ulgamy halklaryň hem nesilleriň arasyndaky mukaddes köprä öwrülýär. Ine, 17-nji maýda paýtagtymyzda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň çäginde geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatda hem medeniýetleriň özboluşly sazlaşygy esasy ugur hökmünde öňe çykdy. Bu maslahata Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýeti gatnaşdy. Geçen ýylyň 18-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagy bu ugurdaky özara hyzmatdaşlyga täze öwüşgin çaýypdy. Şol iş saparyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň m

Akyldar Pyraga belent sarpa

Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň milli we halkara ähmiýetli şanly wakalary bizi täze menzillere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbine gözellik goşýan, halkymyzyň söz sungatyna, pähim-paýhasa goýýan belent sarpasyny şöhratlandyrýan ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şanly ýylymyzyň esasy wakalarynyň biri boldy. Medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlaryň hem heýkelleriniň oturdylmagy bolsa, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüleriniň berkidilýändiginiň özboluşly güwäsine öwrüldi. Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamaty bolup durýar. Dana Pyragynyň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik ýaly pelsepewi garaýyşly şygyrlary bütin adamzadyň genji-hazynasyna öwrüldi.

Hoş owazlar ýaňlandy

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Konsert mekdebiň gyzlar hor toparynyň şahyr G.Ezizowyň sözlerine, kompozitor N.Halmämmedowyň sazyna döredilen «Uçuň, durnalar» atly aýdymy bilen açyldy. Soňra üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary ansambly kompozitor D.Hydyrowyň «Elwan güller», kompozitor A.Mätiýewiň «Serhetçiler marşy» atly sazlary bilen dowam etdi. Skripkaçylar topary bolsa, rus kompozitory N.А.Rimskiý-Korsakowyň «Şahrizada» atly sazyny çaldylar. Mekdebiň aýdym aýtmak sungaty bölüminiň 2-nji ýyl talyby Muhammet Şamyradow halk aýdymy «Göwnüm seni», halk saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Saparmyrat Ataýew Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Uýat eýleýir», «Armanym galdy» atly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Meşhurlyga eýe bolan eser

Beýik britaniýaly ýazyjy Joan Roulingiň jadygöý oglanjyk — Garri Potteriň hem-de onuň dostlarynyň başdan geçirenleri baradaky eserler ýygyndysy dünýäde iň meşhur kitaplaryň biridir. Ýazyjy ýygyndynyň ilkinji kitabyny 1995-nji ýylda ýazyp tamamlady. Maglumatlara görä, 2018-nji ýyla çenli bu ýygyndy dünýäniň 80 diline terjime edilip, 500 milliondan gowrak nusgasy satylypdyr. Bu eserler ýygyndysy «Tiz wagtda satylan iň köp nusgaly kitap» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Kitapda beýan edilýän Garri Potter hem-de onuň dostlary Ron Uizli we Germiona Greýnjer Hogwarts atly jadygöýler mekdebinde okaýarlar. Olar jadygöýligiň garaňky güýçlerine uýýan, hemmäni we jadyny öz hökmürowanlygyna geçirmek isleýän Wolan-de-Morta garşylyk görkezýärler. Eserde hyýaly dünýä, jadygöýler mekdepleriniň okuwçylarynyň arasyndaky bäsdeşlik, dostlaryň arasyndaky wepalylyk, agzybirlik, başarjaňlyk, ýaşlaryň durmuşy, ýamanlyk bilen ýagşylyk mowzugy ökdelik bilen açylypdyr.

Halypa hatyrasy

Golaýda Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebinde Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýewiň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada halypanyň ogly, dessançy bagşy Otuz Mätgeldiýew öz kakasynyň durmuş we sungat ýoly barada gürrüň berip, onuň şu mekdepde zähmet çekip, birnäçe şägirtleri ýetişdirendigini buýsanç bilen belledi. Mekdebiň halypa mugallymlaryndan we okuwçylaryndan düzülen bagşylar topary türkmen halk aýdymlaryny, dessanlardan bölekleri ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, dabarada halypa bagşynyň aýdan aýdymlarynyň ýazgylary eşitdirildi.

Kak daragyň, batly ýaňlansyn sesi!

Türkmen halysynyň baýramynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýinde haly we haly önümleriniň sergisi guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu milli baýram mynasybetli türkmen halyçylaryna we onuň muşdaklaryna iberen Gutlagy bilen açylan sergä köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň, guramanyň işjeň köpçülikleýin we şahsy agzalary hem-de ildeşlerimiz gatnaşdy. Şeýle-de baýramçylyk güni bu ýerde döwletimiziň çar künjündäki çeper halyçylyk kärhanalarynda ençeme ýyllaryň dowamynda tutanýerli zähmet çekip gelýän ussat halyçy zenanlarymyzyň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at berildi. Biz hem bagtdan paýly halyçylarymyzyň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Maýagül HALYKOWA,Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy:

Şöhraty dünýä dolan sungat

Öňňin — 26-njy maýda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň maslahatlar zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde haly dokamagyň milli däplerini, amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerini aýawly saklamak we giňden wagyz etmek, pudaga täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy Ogulhajat Işangulyýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew we Özbegistan Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan hem-de Eýran Yslam Respublikasyndan, Owganystandan halyşynaslardyr işewürler çykyş etdi. Çykyşlarda gadymy haly nagyşlarynyň taryhy, dürli ýurtlarda, dürli taryhy döwürlerde halyçylyk sungatynyň ösüşi we haly önümlerini taýýarlamakda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin durlup geçildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň gadymy sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Mejlisiň ahyrynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen sergä hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХIV mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serda

Saza baglanan ömür

Muhat aganyň özi bagşy ýa-da sazanda bolmasa-da, ol aýdym-sazyň ölemen aşygy. Onuň çagalarynyň ählisi diýen ýaly orta çykmasalar hem aýdym-sazdan habarly adamlar. Biz şu makalamyzda Muhat aganyň ogly Nury Muhadow barada söhbet etmegi makul bildik. Nury hem Bagyr obasynda ezber saz gurallaryny ýasaýan meşhur ussa Muhat agalaryň maşgalasynda 1924-nji ýylda dünýä inip, onuň çagalykdan gulagynyň ganany aýdym-sazyň şirin owazy bolýar. Munuň özi Nuryny heniz çagalykdan aýdym-sazyň jadylaýjy owazyna maýyl edýär. Başyna baran işini soňuna çenli kemsiz ýerine ýetirmek Muhat aganyň endigi. Kakalarynyň bu endiginiň çagalaryna hemra bolmagy bilen, olaryň saýlap alan ugurlary boýunça tanalmagyna, ussat kompozitor bolup ýetişmegine itergi beripdir.

Ýaşajyk suratkeşler Watanymyzy wasp edýärler

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşik yglan edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde bu döredijilik bäsleşiginiň nobatdaky saýlama tapgyry geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýaýbaňlandyrylan döredijilik işleriniň sergisi köp adamly boldy. Çagalaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza, milli gymmatlyklarymyza, şol sanda ahalteke bedewlerine bolan söýgini çeper beýan edip çeken suratlary oňa gatnaşan mekdep okuwçylarynda, talyplarda hem-de ýaşuly nesliň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.

Belent hormatyň nyşany

Paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy beýik akyldara bolan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy bolan bu wakadan galan täsirler watandaşlarymyzda we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Magtymguly Pyragynyň ýadygärligihem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli ýazyjylaryň heýkelleri bu ýeriň binagärliginiň aýratyn täsin bölegini emele getirýär. Olaryň hormatyna oturdylan ýadygärlikler halklaryň arasyndaky dost-doganlygy alamatlandyrýar. Bu ýerde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşýär. Heýkelleriň her biri keşpleriň häsiýetli taraplaryny şöhlelendirýär we inçelik bilen işlenen köptaraply şekiller olaryň döredijiliginiň aýratynlygyny

Baýramçylyk dabarasy

26-njy maýda ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy şatlyk-şowhuna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny aýawly saklamakda, halyçylyk sungatyny ösdürmekde, has-da baýlaşdyrmakda, halyçy zenanlarymyza sylag-hormat goýmakda asylly işler alnyp barylýar. Nepis sungat bolan türkmen halylaryna bagyşlanyp geçirilen dabaralar milli mirasymyzy wagyz etmekde netijeli häsiýete eýe boldy. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Biz hem gazetiň şu sanynda halyçy zenanlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris. Annabegi NURÝAGDYÝEWA,Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýesi:

Däbe öwrülen sergi

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 24-nji maý­da paý­tag­ty­myz­da Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň hem-de ýur­du­my­zyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da «Ak şä­he­rim Aş­ga­bat» at­ly XXIII kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi öz işi­ne baş­la­dy. Ser­gi iki gün do­wam et­di.

Ýaşlaryň dilinde Arkadag şähri

23-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň döredijilik bilen meşgullanýan talyplarynyň arasynda Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli «akylly» şäheri wasp etmek boýunça yglan edilen «Arkadagyň paýhasyndan nur alýan şäher» atly şygryýet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.  Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy dünýä tanatmakda, gülledip ösdürmekde alyp barýan işlerini, ata Watanymyzyň gözelligini wasp edýän şygyrlaryny okap berdiler. Ikinji şertinde, Arkadag şäheriniň keşbini, gözelliklerini taryp edýän goşgulary bilen çykyş etdiler.

Aşgabada bagyşlanan duşuşyk

23-nji maýda «Gül Diýaryň ýüregi sen, Aşgabat!» ady bilen Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 143 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hem-de rejelemek baradaky milli Müdirliginiň hünärmeni, taryh ylymlarynyň kandidaty Maksat Amanow, Türkmenistanyň «Gurluşyk we binagärlik» žurnalynyň baş redaktory Ýazgül Ezizowa gün-günden täze keşbe eýe bolýan mermer paýtagtymyzyň geçmiş-taryhy we şu günlerki ösüşi barada talyp talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdiler.

Italiýada dörän eserler

22-nji maýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli «Yzzat Gylyjow we Italiýa» atly sergi açyldy. Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň döredijiligi Italiýa döwletiniň geçmiş-taryhy, medeniýeti, sungaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Y.Gylyjow 1964-nji we 1972-nji ýyllarda Italiýanyň meşhur Wenesiýa şäherinde geçirilen Halkara sungat sergisine çagyrylýar. Ol bu döredijilik saparynyň dowamynda Italiýanyň Rim, Wenesiýa, Neapol, Florensiýa şäherlerine aýlanyp, bu şäherleriň taryhyna, binagärlik sungatyna bagyşlap «Piza diňi», «Florensiýa», «Rim», «Rim. Jordano Brunonyň heýkeli», «Rim. Ýeňiş sütüni», «Neapol deňiz porty», «Wenesiýa. Köpri» ýaly ençeme eserlerini döredýär.

Arkadag ady bilen

Ak mermerli paýtagtymyzda döredilýän her bir binagärlik nusgasy ýurdumyzyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, döwrüň belent ruhuny dabaralandyrýar.Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyndan. «Arkadag» binasy — 2015-nji ýylyň 25-nji maýynda açylan bu bina paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk şaýolunyň çatrygyndaky halkalaýyn ulag ýolunyň merkezinde guruldy.