Gül zehinli Gülnabat
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň 2-nji synp okuwçysy Gülnabat Annanurowa göreldeli, aýratyn zehinli çagalaryň hatarynda tanalýar. Onuň zehin kämilliginiň artmagyna uly dogany, ady agzalan mekdebiň nakgaşçylyk bölümini tapawutly bahalar bilen tamamlan Rahym Annanurow uly täsirini ýetirýär. Agasy surat çekende, ýanyndan aýrylman synlap gezen gyzjagaz, häzirki döwürde bile okaýan deň-duşlaryna nusgalyk döredijiligini görkezýär. Ol hünär mugallymy Batyr Çaryýewden şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny yhlas bilen öwrenýär. Natýurmort, mowzuklaýyn taslama ýaly işlerinde hem-de tebigata çykyp ýerine ýetirilýän eserleriň ählisinde ýaş zehiniň şekillendiriş sungatyna bolan uly höwesi aýdyň şöhlelenýär.