Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler, maslahatlar, duşuşyklar, bäsleşikler biri-birine ulaşýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda sahna eserlerini ýerine ýetirmek boýunça yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi hem şeýle tutumly çäreleriň biri boldy. Bäsleşigiň welaýat tapgyry welaýat döwlet drama teatrynda geçirilip, oňa etrap-şäherleriň teatr toparlary öz sahna eserleri bilen gatnaşdylar.

Sungatymda döwürleriň waspy bar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň has-da kämilleşmegine, dünýä ýaýylmagyna giň ýollar açyldy. Watanymyzyň, döwrümiziň, gazanylýan uly ösüşleriň waspynyň medeniýetimizde we sungatymyzda öz mynasyp beýanyny tapýandygy buýsandyryjy hakykatdyr. Özüniň gadymylygy, şol bir wagtda hem döwrebaplygy we täzeçilligi bilen dünýäniň sungaty öwrenijileriniň, döredijilik işgärleriniň ünsüni özüne çekmegi başaran medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň ýeten belent derejeleriniň özi wasp edilmäge mynasypdyr. Bu ulgamyň taryhyny we häzirki gülläp ösýän döwrüni beýan edýän täze kitaplaryň tapgyrlaýyn kitaphanamyza gelýändigini we olary ýaşlarymyzyň uly gyzyklanma bilen okaýandyklaryny bellemek gerek.

Göwünleri galkyndyrýan joşgunly tanslar

Beýik işleri bilen ata Watanymyzy taryhy ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan uly üstünliklere medeniýet we sungat işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar» diýmek bilen, medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleriniň çekýän zähmetlerine örän ýokary baha berýär. Bize berýän şeýle ýokary bahasy, döredip berýän nusgalyk şert-mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmeýär we çekýän zähmetimiziň has-da netijeli bolmagy üçin geljekde hem tagallamyzy gaýgyrmarys. Häzirki wagtda ýurdumyzda sungatyň uly üns berilýän we barha giň gerime eýe bolýan görnüşleriniň biriniň tans sungaty bolmagy talyplara şol ugurdan sapak berýändigim üçin meni örän guwandyrýar, buýsandyrýar. Biziň mekdebimizde hem tans sungatynyň ösmegine goşant goşmak, ýaş zehinli tansçylaryň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Mekdebimiziň talyplaryndan düzülen «Bagtyýarlyk» tans topary indi birnäçe ýyl bäri şanly seneler mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerinde, konsertlerde yzygiderli çykyş edip gelýär. Talyplarymyzyň joşgun bilen ýerine ýetirýän türkmen milli tanslary tomaşaçylaryň göwünlerinden turýar, çäreleriň şowhunyny artdyrýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň esasy maksady hem halkyň göwnünden turup, onuň sagbolsunyna mynasyp bolmakdan ybaratdyr.

Ýene bir umman bar

(«Magtymgula eltýän ýollar» atly makalalar toplumyndan) — Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga, adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýilýär.

«Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my:

Huan Ramon Himenes (1881 — 1958)

Älem içre adam gezmez, at gezer...

Halk arasynda: «Gudrat göreý diýseň, daglara bar» diýen ýörgünli jümle bar. Dogrudanam, daglarda täsinlik köp. Diňe daglaryň däl, eýsem, dag etekleriniň hem gudraty ýeterlik. Indi biz dag tarapa göz aýlanymyzda, ol ýerde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň äpet heýkelini görýäris. Pyragynyň paýhas kämilligi daglaryň gudraty bilen utgaşyp, täsin bir sazlaşygy emele getirýär. Bu gün daglaryň etegine, Pyragynyň huzuryna seýil-seýrana bardym. ...Şol gün tebigat bolubilenini bolupdy. Ýaz ýagşy, birde, edil enemiň aýdyşy ýaly, gögüň gözi açylana meňzäp guýsa, birde maýdaja damjalar ýüzüňi mylaýym sypap gidýärdi. Şol barmana ýalpyldap çykan älemgoşaram tebigatyň bu görküne haýran galana meňzeýärdi. Baýyrlaryň ýaşyl öwüsýän keşbinde ýazyň has görkana gelendigi görünýärdi. Bu pursat gerişleri merjen-lagla gaýra dur diýdirýän daglaryň oý-hyýallaram sagy-soly gurşap alan wakalardan üzňe däl ýalydy.

Döwürleriň danasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini belende göteren şahsyýetlerimizi düýpli öwrenmäge, umumadamzat bähbitli eserlerini gorap saklamaga, halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmaga aýdyň ýol açylyp, uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmen topragy watansöýüji şahsyýetleriň mekany. Şol beýik şahsyýetler watanperwer ýörelgeleri, il-ýurt bähbitli işleri bilen atlaryny taryha altyn harplar bilen ýazdyrypdyrlar. Watansöýüji şahsyýetleriň arasynda ady parlak ýyldyz bolup lowurdaýan dana şahyr Magtymguly Pyragynyň miras goýan paýhas ummany umumadamzat jemgyýeti üçin haýyrlydyr. Gündogaryň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden çuň manyly şygyr eserleri, şol döwrüň nusgalyk gymmatly ýol-ýörelgesidir. Şahyryň eserleri durmuşda päk, halal ýaşamagy we ynsanperwerligi ündeýär. Söz ussadynyň dürli temadan ýazan şygyrlary durmuş akymynyň has-da güýçlenmegine getirýär. Umumadamzat bähbitli goşgularynyň üsti bilen öňe sürýän pikir-ideýalary arkaly özüni dünýä tanadan söz ussadyna halkara jemgyýetçiligi uly hormat-sarpa goýýar.

Gündogaryň beýik şahyry

Çuň mazmunly şygyrlary bilen bütin adamzadyň köňlünde ýagşylygy oýaryp, kalplary nurlandyrýan dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze gadyr-gymmata we şöhrata eýe bolýar. Magtymguly atamyz öz döredijiliginde watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly watanperwer halkymyza, milletimize mahsus bolan naýbaşy häsiýetlere giň orun beripdir. Ol türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji bolup türkmen halkyny birleşdirmek, döwlet gurmak meselesini gozgan akyldar şahyrdyr. Şonuň üçin hem şahyryň bu häsiýetleri wagyz edýän şygyrlary, üstünden näçe asyr geçse-de, öz hümmetini ýitirmeýär. Beýik şahyr watansöýüjiligiň belent waspyny edende, çuňňur pähim-paýhasyny türkmen dilimiziň deňsiz-taýsyz şirinligine eýläp beýan edipdir. Şeýle bolansoň, onuň dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi halkymyzyň gündelik gepleşiginde terbiýeçilik ähmiýetli nakyllara öwrülip ulanylyp gelinýär. Akyldar şahyryň belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly milli ýörelgelerden gözbaş alýan eserleri hem edil watansöýüjilik mowzugyndaky goşgulary kimin, Hakdan halatly şahyrymyzyň ussatlygyny şöhlelendirýär. Şeýle bolansoň, onuň saldamly döredijiliginiň umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesindäki orny hem ýyl geçdikçe pugtalanýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi h

Aý­dym­lar aý­dyl­dy ýag­şy­dan-ýag­şy

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän «Ýaň­lan, Di­ýa­rym! — 2024» te­le­bäs­le­şi­gi­niň Ma­ry we­la­ýat tap­gy­ry Mur­gap jül­ge­sin­dä­ki «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki giň toý meý­dan­ça­syn­da uly da­ba­ra bes­len­di. Bäs­le­şi­ge des­lap­ky tap­gyr­lar­da ýe­ňiş ga­za­nyp, öňe saý­la­nan ýaş hö­wes­jeň aý­dym­çy­la­ryň 10-sy gat­naş­dy. Olar bi­le­lik­de, il­ki bi­len, «Al­kyş Si­ze, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz!» di­ýen aý­dy­my uly joş­gun bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Bu pur­sat kalp­la­ry türk­me­niň aý­dym-saz sun­ga­ty­na söý­gü­den we buý­sanç­dan do­ly ýaş ze­hin­le­riň bäs­le­şi­ge ýo­ka­ry de­re­je­de, yk­jam taý­ýar­lyk­ly ge­len­di­gi­ni aý­dyň şöh­le­len­dir­di. Ýaş aý­dym­çy­la­ra ýü­rek joş­gu­ny­ny we ukyp-ba­şar­ny­gy­ny do­ly açyp gör­kez­mä­ge äh­li şert­ler­dir müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip­dir. Şi­rin aý­dym­la­ryň owa­zy­na bes­le­nen te­le­bäs­le­şik ha­ky­ky sun­gat baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rül­di. Ýaş ze­hin­le­riň sah­na­da özü­ni alyp bar­şy­na, egin-eşi­gi­ne, aý­dym­la­ryň sö­zü­ni dog­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­şi­ne emin­ler to­pa­ry ta­ra­pyn­dan my­na­syp ba­ha be­ril­di. Jem­leý­ji pur­sat­da aý­dym­çy­la­ryň «Ber­ka­rar­lyk şa­ny­na ýaň­lan, Di­ýa­rym!» di­ýen aý­dy­my be­lent heň­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­kleri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň onlarçasynyň heýkelleri oturdyldy. Olaryň arasynda hytaý nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri «Şi şen» — «Şygryýetiň kämil akyldary» diýen hormata eýe bolan Du Funuň heýkeli hem bar. Munuň özi, hytaýly akyldar şahyryň döredijiligine, abraý-mertebesine dünýä edebiýatynda uly hormat goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Magtymguly Pyragy — söz äleminiň çyragy

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Türk­men hal­ky­nyň be­ýik şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy dö­re­di­ji­lik äle­min­de özü­niň eser­le­ri­niň ma­ny-maz­mu­ny­nyň kä­mil­li­gi bi­len türk­men ede­bi­ýa­ty­ny dün­ýä ta­na­dan be­ýik şah­sy­ýet­dir. Şa­hyr dö­re­di­ji­lik äle­mi­ne ýaş wag­ty baş­lap­dyr. Onuň şy­gyr­la­ry şol dö­wür­ler­de-de, hä­zir­ki dö­wür­de-de söý­lüp okal­ýar. Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ry­na aý­dym aýt­ma­dyk bag­şy ýok bol­­sa ge­rek. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy dür­li te­ma­la­ra ýüz­le­nip, esa­sa­nam, wa­tan­çy­lyk, öwüt-ne­si­hat, gah­ry­man­çy­lyk, yş­ky-li­ri­ki, dost­luk te­ma­la­ryn­da goş­gu­la­ry­ny ýa­zyp­dyr. Onuň goş­gu­la­ry halk köp­çü­li­gi­niň me­den­iýe­ti­niň ös­me­gi­ne hem öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip­dir.

Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda giňden bellenilýän şanly seneler, milli baýramçylyklar, halkara derejeli çäreler medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň bardygyny bellemek gerek. Olar dünýäde giňden ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy hem munuň anyk mysalydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Gündogaryň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary, sergilerdir konsertler geçirilýär. Olaryň esasy maksady dana Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam bermekden, bu ugurda ylmy barlaglary çuňlaşdyrmakdan, türkmen nusgawy şahyrynyň şahyrana-filosofik dünýäsine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar XVIII-XIX asyrlarda diňe bir türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň ähli halklaryna-d

Dunaýyň degresindäki dostluk mukamy

Medeniýet, sungat, edebiýat dünýä halklarynyň arasynda hemişe dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen we wenger halklarynyň medeni gatnaşyklary hem barha kämilleşýär. Ýakynda Türkmenistanyň Wengriýada geçirilen Medeniýet günleri hormatly Prezidentimiziň medeni diplomatiýasynyň dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň hakykatydyr. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgamyň wajyp ugur bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şol ýylyň awgustynda bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.

Sun­gat eser­le­ri­niň saz­la­şy­gy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýin­de be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp, «Döw­re­bap eser­le­riň saz­la­şy­gy» at­ly ser­gi gu­ral­dy. On­da mu­ze­ýiň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam eser­le­ri gör­ke­zil­di. Ser­gi­niň açy­ly­şyn­da ýur­du­myz­da mil­li mi­ra­sy­my­zy öw­ren­mek, türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň öz­bo­luş­ly gym­mat­lyk­la­ry ha­sap­lan­ýan sun­gat eser­le­ri­niň üs­ti bi­len ýaş nesilde gö­zel­lik ter­bi­ýe­si­ni kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi ba­ra­da­ky çy­kyş­la­ra uly orun be­ril­di.

Sazandalar maşgalasy

Aýdym-sazyň jadylaýjy owazyndan maýyl bolmak, ykbalyňy şol sungata baglamak guýmagursak zehini we irginsiz yhlasy talap edýär. Biziň söhbetdeşimiz hem gyjak we skripka saz gurallarynda belent owazlary ýerine ýetirýän Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Agamyrat Jumaýew. Söhbetdeşligiň arasynda Agamyrat aga gyjakda «Torgaý guşlar», «Hemrahym», «Geçdim gitdim», «Çykdym güller», «Mahym jan», «Ýaşylbaş» ýaly ussat halypalaryň çalan şirin sazlaryny ýerine ýetirdi. Şonda ol «Torgaý guşlar» sazyny aýratyn gowy görýändigini aýtdy. — Halk arasynda «Islendik ýol ilkinji ädimden başlanýar» diýen aýtgy bar. Agamyrat mugallym, sizem ençeme ýyldan bäri aýdym-sazyň möwç urýan ýerinde zähmet çekýärsiňiz. Ilkinji sungat ädimleriňiz barada gürrüň beräýseňiz.

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor, aýdymçy Şamämmet Bäşimow çagalar folklor toparynyň tansçylarynyň arasynda (1990 ý.).

Ýaş zehinler — buýsanjymyz

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebi 2010-njy ýylda açylyp ulanylmaga berildi. 230 okuwça niýetlenen mekdepde ýaş zehinler sungatyň nakgaşçylyk, külalçylyk, zergärçilik, heýkeltaraşlyk ýaly ugurlary boýunça bilim alýarlar. Çagalaryň sungata bolan höwesini artdyrmak, olaryň bu ugurda ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak üçin mekdepde ähli şertler döredildi. Tejribeli mugallymlar M.Ataýewanyň, A.Gurbangeldiýewiň, B.Çaryýewiň, Ş.Rejebowyň, M.Hudaýkulyýewanyň, A.Şamuhammedowanyň, R.Haidowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde, okuwçylar ýurdumyzda we dostlukly döwletlerde geçirilýän döredijilik sergilerine, bäsleşiklerine öz taýýarlan taslamalary bilen gatnaşýarlar. 2023-nji ýylda halkara TÜRKSOÝ guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde geçirilen «Türk dünýäsi ýaş suratkeşleriň gözi bilen» atly halkara bäsleşiginde mekdebimiziň nakgaşlyk bölüminiň okuwçysy Dürbike Ahmedowa II orna mynasyp boldy. Şol ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Bagtyýar ýaşlar gözelligiň waspynda» atly bäsleşikde mekdebimiziň okuwçylary Ogulaý Merdanowa, Selbi Nurýagdyýewa baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Du­na­ýyň ke­na­ryn­da türk­men owaz­la­ry ýaň­lan­dy

Weng­ri­ýa­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri iki dost­luk­ly ýur­duň ara­syn­da me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky gat­na­şyk­la­ry hem-de döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­lar bi­len bir ha­tar­da, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Sul­tan Ra­ýew, da­şa­ry ýurt­la­ryň Weng­ri­ýa­da­ky il­çi­le­ri, bu ýur­duň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de oka­ýan türk­me­nis­tan­ly ta­lyp­lar hem gat­naş­dy­lar. Bu­da­peşt şä­he­ri­niň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän ka­şaň Mi­ras öýü­niň giň eý­wa­nyn­da gu­ra­lan ser­gi myh­man­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Olar bu ýer­de türk­men mil­li ly­bas­la­ry­ny, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň be­zeg şaý-sep­le­ri­ni, şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­ni syn­la­dy­lar, şeý­le-de el iş­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň baý ta­ry­hy we me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da­ky eser­ler bi­len ta­nyş­dy­lar.

Ýaş­lar ka­me­ra or­kest­ri­niň «Al­tyn baý­ra­gy»

Go­laý­da Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty We­na­da ge­çi­ri­len X Bü­tin­dün­ýä or­kestr fes­ti­wa­ly­na ýur­du­my­zyň ze­hin­li sa­zan­da­la­ryn­dan yba­rat bo­lan ýaş­lar ka­me­ra or­kest­ri hem gat­naş­dy. 2013-nji ýyl­da We­na şä­he­rin­de esas­lan­dy­ry­lan Bü­tin­dün­ýä or­kestr fes­ti­wa­ly her ýyl uly şat­lyk-şa­ga­laň bi­len ge­çi­ri­lip, ol dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den köp san­ly sa­zan­da­la­ry we or­kestr­le­ri bir ýe­re jem­le­ýär. De­giş­li gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­nyň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça türk­men sa­zan­da­la­ry şu ýyl 10-njy sa­par ge­çi­ril­ýän bu fes­ti­wa­la il­kin­ji ge­zek gat­naş­dy­lar. Türk­me­nis­tan bi­len bir ha­tar­da, fes­ti­wa­la Awst­ri­ýa, Fran­si­ýa, Is­pa­ni­ýa, Ni­der­land­lar, Hor­wa­ti­ýa, Hy­taý ýa­ly ýurt­lar­dan je­mi 17 or­kestr gat­naş­dy.

Halypa hakdaky ýatlamalar

Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýew dessan we tirme aýdymlaryny aýtmagyň ýokary ussatlygyny görkezen halypalaryň biridir. Ömrüni aýdym-saza bagyş edip ýaşan döwründe: «Märekäniň göwnüne ýarap bilsem, dünýäde başga armanym ýok, il-günüme döneýin!» diýip, toýlarda ýüregi bilen hyzmat eden, il arasynda Çuwal bagşy ady bilen tanalýan ezber bagşy hemişe ýagşylykda ýatlanýar. Il-halkymyzy ajaýyp eserleri bilen begendirip gelýän Gahryman Arkadagymyz hem «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Magtymguly Garlyýew häzir Çuwal bagşynyň (çuwal — bagşynyň tiresiniň ady) ýoly» diýilýän täze ugry döredipdir. Ýerli halypaçylyk däplerini kämilleşdirmekde-de ussat dessançynyň hyzmaty uludyr» diýip, buýsanç bilen ýazýar. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynda  öçmejek yz galdyran meşhur bagşy Magtymguly Garlyýew barada şu aýdylanlar hem onuň zähmetine, sungatyna, ussatlygyna, belent adamkärçiligine berlen ýokary bahadyr. * * *