Aşgabatda döwrebap lybaslaryň türkmen-eýran sergisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzda ilkinji gezek modaly lybaslaryň sergisi geçirildi. Türkmen-eýran modaly lybaslar sergisine Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, KHBS-niň wekilleri, suratkeşler, dizaýnerler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary we mugallymlary, şeýle hem paýtagtymyzyň moda senagatynyň täze ugurlary bilen gyzyklanýan ýaşaýjylary geldiler. Sergidäki dokma we deri önümlerini synlamaga gelenler üçin dutarçylar ansambly we kirişli saz gurallary kwarteti halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.